55 milliard kub metr ýokarlandy

1 Sentýabr 2024
41

2024-nji ýylyň 8 aýynda dünýä bazarynda tebigy gaza bolan isleg 55 milliard kub metr möçberinde ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, TASS habar berdi.

Çeşmede bellenilişine görä, 2024-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda dünýä bazarynda tebigy gaza bolan isleg geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 55 milliard kub metrden gowrak ýokarlandy. Tersine, Ýewropada bolsa «mawy ýangyja» bolan zerurlyk azalmagyny dowam edýär. Hasabat döwründe Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda we Beýik Britaniýada tebigy gaza bolan isleg geçen ýylyň degişli döwründäkiden 10 milliard kub metr möçberinde peseldi.

Beýleki habarlar