Gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek

28 Awgust 2024
79

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty degişli ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilendir. Milli ýangyç-energetika toplumyna iň täzeçil ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagynyň möhüm ähmiýetlidigi aýratyn bellärliklidir.

Energiýanyň sarp edilişiniň ýagdaýy halkara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň, ilkinji nobatda bolsa, önümçilik we hyzmatlar ulgamlarynyň ösüş şertleri, şeýle hem dünýä ilatynyň düzümindäki we ýaşaýyş-durmuşyndaky özgerişler, ählumumy derejedäki derwaýys meseleleri çözmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Energiýa serişdeleriniň arasynda geljegi uly bolan hem-de halkara guramalar we senagat taýdan ösen hem-de ösüp barýan döwletleriň uly gyzyklanma bildirýän ugurlarynyň biri hem, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleridir. Onuň önümçilige ornaşdyrylmagy tutuş dünýäde ählumumy wezipe bolup durýar. Bu ulgamdaky innowasion işläp taýýarlamalar we olaryň tehnologiýa taýdan netijeliligini kesgitlemek geljegi has uly bolan ylmy çözgütleri tapmaga mümkinçilik berer. Bular adamzat durmuşynyň esasy meseleleri bolan Ýer ýüzünde howanyň üýtgemegi, ählumumy ekologiýa we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly wezipelerdir.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar