Baýramçylyga zähmet sowgatlary

28 Awgust 2024
128

Ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra, dürli görnüşli senagat kärhanalarynyň gurluşygyna giň gerim berildi. Olaryň birnäçesi oba ýerlerinde guruldy. Şeýle kärhanalaryň ilkinjileri nah ýüplük egriji fabrikler bolupdy. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli bolup, Halaç etrabynyň Çohpetde obasynda ýerleşýän nah ýüplük egriji fabrik Lebap welaýatynda ilkinji gurlan şeýle kärhanalaryň biridir. Häzirki wagtda onuň kuwwaty ýylda 5,5 müň tonna ýüplük öndürmäge niýetlenendir. Öndürilýän önümiň ýarysyna golaýyny daşarky bazara ugratmak meýilleşdirilýär.

Ine, şeýle belent wezipäni öz üstüne alan bu kärhana 20 ýyldan gowrak wagt bäri, diňe bir Lebap welaýatynda däl, ýurdumyzda hem ugurdaş kärhanalaryň arasynda öňdebaryjylaryň hatarynda bellidir. Eýsem, şeýle öňdebaryjylyk nämäniň hasabyna gazanyldy? Bu sowala önümiň hiliniň ýokarylygynyň hasabynadygyny aýdyp, bir söz bilen-de jogap berip bolar. Has anygrak aýtsak, bu fabrikde işledilýän daraýjy, lentalaýjy we egriji maşynlar döwrüň ösen talabyny ödeýär. Dokma önümçiligi üçin pnewmomehaniki egriji maşynlardan ýeke kardly agardylmadyk nah mata ýüplüklerini öndürmek üçin bu ýere gelýän çig maly «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri ýörite enjamlar bilen gözden geçirip, şoňa laýyk güwänamalary berýärler. Diňe şondan soň, önüm harman bölümine kabul edilýär. Bu ýerde bolsa 180 — 200 kilogram agramda gelen pagta süýüminiň kipleri açylyp, süýümiň düzümindäki hapalar aýrylýar, soňra süýüm arassa görnüşinde 8 kameraly enjamlarda, ýagny mikserde işlenip başlanýar. Bu enjamda toplanan süýümleri degişli enjam daraýjy bölüme geçirýär. Süýümi daramak işi tamamlanandan soňra, eýýäm keleplenen süýümler lentalaýjy bölüme geçirilýär. Bu ýerde hem «Rieter SBD-10» we «Rieter SBD-15» kysymly lentalaýjy enjamlaryň içinden geçýär. Göräýmäge şundan soň iş tamamlanaýjak ýaly, emma esasy iş entek öňde. Lentalaýjy enjamlardan çykan süýüm dürli çyzyk dykyzlygynda çykýandygy sebäpli, gaýtadan daralyp, işlenilip, birmeňzeş çyzyk dykyzlygyndaky has ugurdaş şekilli lentalar bolup çykýar. Diňe şondan soň, ol «Rieter RSBD-30» kysymly enjam bilen işlenilip, egriji bölüme gelýär. Bu bölümde 240 sany rotorly «Rieter R-20» kysymly egriji enjam lentalaýjy enjamlardan çykan lenta görnüşindäki süýümi egirýär we taýýar ýüplük öndürýär.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar