230,4 müň tonna uglewodorod serişdelerini import etdi

1 Sentýabr 2024
45

Täjigistan 2024-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda umumy möçberi 230,4 müň tonna deň bolan uglewodorod serişdelerini import etdi. Şonuň 208,2 müň tonnasy suwuklandyrylan gazyň hem-de 21 müň tonnasy nebit koksunyň paýyna düşýär.

«Howar» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, ýurdy suwuklandyrylan gaz bilen esasy üpjün ediji Gazagystan bolup durýar. Hasabat döwründe import edilen suwuklandyrylan gazyň
94 göterimi Gazagystanda satyn alnypdyr.

Beýleki habarlar