"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Telekeçilik işiniň ýörelgeleri

Döwlet Baştutanymyzyň: «Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işlejek kiçi, orta we iri tehnologik kärhanalaryň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barlar. Bu bolsa ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge oňyn täsir eder» diýen sözlerinden ugur alnyp, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, şol sanda bazar gatnaşyklarynyň esasyny düzýän hususy pudakda netijeli işler amala aşyrylýar. Telekeçilikde ýerine ýetirilmeli işleriň hemmetaraplaýyn öwrenilmegine esaslanýan we takyk kesgitlenen hereketleri hem maksatlary özünde jemleýän meýilnamanyň bolmagy esasy şertleriň biridir. Meýilnama menejmentiň wajyp düzüm bölekleriniň biri bolmak bilen, işiň üstünliginiň binýatlaýyn esasy bolup durýar. Telekeçilik işiniň meýilnamasy işlenip düzülende, onuň bazaryň (ykdysady dolanyşygyň) üýtgäp durýan ýagdaýlaryna we şertlerine laýyklykda, öz wagtynda we netijeli özgerdilmäge ukyply bolmagy zerurdyr.

Türkmen telekeçilerinden eksportyň täze ugry

Hormatly Prezidentimiziň hususy işewürligi goldamak babatda döredýän şert-mümkinçilikleri, hususyýetçilere berýän goldaw-hemaýatlary ajaýyp miwelerini berýär. Şeýle şertlerden göwünleri galkynýan türkmen telekeçileri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramyna toý sowgatlary, täze üstünlikler bilen barýarlar. Arkadagly Serdarymyzyň kiçi, orta we iri telekeçiligi goldamak babatda amala aşyrýan asylly başlangyçlaryndan, durmuşa geçirýän giň gerimli işlerinden ruhlanyp, milli ykdysadyýetimiziň bedew batly ösüşine mynasyp goşant goşýan hususy düzümleriň biri-de «Aýbölek» mebel kärhanasydyr. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda «Aýbölek» mebel kärhanasynyň goňşy Gazagystan Respublikasyna mekdep partalaryny eksport etmegi hem örän guwandyryjydyr. Türkmen kärhanasyna ilkinji gezek şeýle jogapkärli wezipäniň, ýagny goňşy döwletiň Alma-Ata şäherindäki Gazak milli uniwersitetiniň ýanynda täze ulanyşa beriljek 720 orunlyk döwrebap orta mekdebi okuw partalary bilen üpjün etmegiň tabşyrylmagy milli önümlerimiziň halkara ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň nyşanydyr.

Döwrebap jaýlaryň gurluşygy

Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň hatarynda gurluşyk pudagyna aýratyn orun degişlidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurlup ulanylmaga berilýän, gurluşyklary ýokary depginlerde alnyp barylýan birnäçe döwrebap binalary, desgalary görüp, ruhuň göterilýär. Olar özüniň gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen telekeçiligi ösdürmek babatda döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşýan hususy kärhanalaryň birnäçesi hereket edýär. Olaryň hatarynda welaýatymyzdaky Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Sekiz ýyldyz» hususy kärhanasy hem bar. Biz bu kärhananyň başlygynyň gurluşyk işleri boýunça orunbasary Geldimyrat Halylow bilen söhbetdeş bolduk. Şonda ol häzirki wagtda kärhananyň alyp barýan işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. — Ählimiziň bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyz, şol sanda welaýatymyz medeni-durmuş maksatly binalaryň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, sport desgalarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň köp gurulýan mesgenine öwrüldi. Häzirki wagtda şeýle gurluşyklaryň birnäçesi güýçli depginlerde alnyp barylýar. Elbetde, bu işleriň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin edýän tagallalary jemlenendir. Şunuň ýaly haýyrly işlere goşant

Bazar doly şetdaly

Türkmen topragynda nygmatlaryň ählisem bal ýaly, şetdalynyň welin, tagamy has üýtgeşikdir. Gyzyl-sary reňkleriň sazlaşygynda şahalara agram berip, düzüm-düzüm bolup duran şetdalylary göreniňde, gözüň dokunýar. Olar ak bazarlarymyzda owadan harytlyk görnüşi bilen hem görnetin saýlanyp dur. Bazarlarymyzy bu datly miwe bilen üpjün etmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň uly goşandy bar. Olardan “Lezzetli miwe” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleriniň has-da yhlasly işleýändiklerini bellemeli. Täze hasyldan ýygnalan 18 tonna şetdalynyň düýn-öňňinlikde Russiýa Federasiýasyna eksport edilmegi türkmen telekeçileriniň ýetişdirýän bal tagamly, ekologik taýdan arassa miweleriniň hyrydarlarynyň ýetikdigini subut edýär.

50 görnüşli önüm, 300-e golaý iş orun

Datsaň, tagamy agzyňdan gitmeýän, datly we ýokary hilli önümlerini öndürmek bilen, meşhurlygyny barha artdyrýan «Datly şerbet» hususy kärhanasy önümçilik düzüminiň sanyny köpeltmegi hem ünsden düşürenok. Onuň düzümi ýaňy-ýakynda açylan konditer önümlerini we kartondan ýasalan dürli görnüşli, dürli ölçegdäki gutulary öndürýän kärhanalaryň hasabyna ýene-de artdy. Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän «Datly şerbediň» kärhanalary önüm bolçulygynyň hasam pugtalanmagyna goşant goşup başlamak bilen, alyjylary begendirdi. Dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berlen kärhanalarda 300-e golaý täze iş orny bolsa, Türkiýe, Germaniýa ýaly döwletlerden, Russiýa Federasiýasyndan satyn alnyp getirilen iň kämil tehnologiýalardyr enjamlara, serişdelere başarjaňlyk bilen erk edip biljek, gursagy hyjuwdan doly ýaşlaryň onlarçasynyň iş bilen üpjün edilmegine ýardam etdi. Şokolad örtükli täze süýji önümleriniň 50-ä golaý görnüşini alyjylara ýetirmegi maksat edinen telekeçileriň bu ýerde öndürip, satuwa çykaran ilkinji önümleri hem islegli harytlaryň hatarynda uly höwes bilen alynýan azyk önümleriniň sanawyna girdi.

Toý saçaklarynyň bezegi

Türkmen telekeçileri ýurdumyza daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, döwrebap önümçilikleri ýola goýup, täze iş orunlaryny döretmek wezipesine örän jogapkärli çemeleşýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Begmyrat Işanowyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän, «Oguzhan» haryt nyşanly süýji önümlerini öndürýän kärhanasy-da şeýle kärhanalaryň biri bolup, onda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda uly zähmet üstünlikleri gazanylýar. Işewürlikde uly tejribesi bolan telekeçiniň konditer kärhanasy ýurdumyzda döredilen döwlete dahylsyz düzümleriň ilkinjileriniň biridir. Häzirki wagtda bu ýerde ýokary hilli süýji önümleriniň 50-ä golaý görnüşi öndürilip, owadan, göze gelüwli gaplara gaplanylýar we elýeterli nyrhlar bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerindäki söwda nokatlaryna ugradylýar.

Iri gurluşyklar — döwrüň ýaraşygy

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň deňsiz-taýsyz gülläp ösüşleri, beýik özgerişleri, täze, döwrebap şäherdir obalaryň döremegi, paýtagtymyzyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň hataryna deňleşmegi eziz Diýarymyzy täsin bir gurluşyk meýdançasyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen berk baglanyşyklydyr. Binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda milli ykdysadyýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan hususy pudagyň hem mynasyp zähmet paýy bar. Diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, goňşy ýurtlarda-da düýpli gurluşyklary amal edip, milli binagärligiň ajaýyp nusgalarynyň dünýä ýaýylmagyna uly goşant goşýan işewürlere Gahryman Arkadagymyz: «Telekeçiler şäherleri gurmaga ukyplydyrlar» diýip, ýokary baha berýär. Bu hakykat ýörite habarçymyzyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gurluşyk bölüminiň müdiri Hojamämmet BAÝRAMSÄHEDOW bilen söhbetdeşliginde hem öz beýanyny tapdy.

Möwsümleýin gaplama: ätiýaçlyk azyk gory

Şu günler öý bikeleri özara gürrüňlerinde gyş üçin gök-bakja önümlerini, miweleri gaplamak işleri bilen meşguldyklary barada hökman ýaňzydýandyrlar. Tomus pasly gök we miwe önümlerini gaplamak bilen, ätiýaçlyk azyk goruny edinmekde amatly döwür hasaplanýar. Mydama ätiýaçly bolmak, gyş paslyna taýýarlykly barmak ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeleriň biri. Öý bikelerimiz bu ýörelgäni nesilme-nesil dowam etdirip gelýärler. Ýurdumyzyň hususy pudagynda gaýtadan işleýän azyk senagaty kärhanalarynyň döremegi bilen, olaryň bu ugurdaky işleri biraz ýeňilleşen bolsa gerek. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň döwrebap önümçilik kärhanalarynda gök-bakja ekinlerini, dürli miweleri gaýtadan işlemek esasynda öndürýän konserwirlenen önümleri ýokary hil derejesi, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Şeýle önümler ýaramlylyk möhletiniň dowamlylygy bilen hem alyjynyň ünsüni özüne çekýär. Alty aýa, hatda bir ýyla çenli saklap bolýan bu azyk önümleri ýylyň tutuş dowamynda halkymyzyň saçaklaryny bezeýär. Ýurdumyzda ilkinji bolup maýonez önümçiligini ýola goýup, hususy pudakda 2016-njy ýyldan bäri işläp gelýän “Owadan ülke” hojalyk jemgyýeti hem şu ugurda iş alyp barýar. Täze tehnologiýalaryň hasabyna önümçiligini giňelden hojalyk jemgyýetiniň konserwirlenen milli önümleri mundan alty ýyl öň ak bazarlarymyzda, azyk harytlary dükanlary

Möhüm işiň öň hatarlarynda

Azyk bolçulygyny döretmek islendik ýurduň ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz hem ilatymyzy özümizde öndürilýän azyk önümleri bilen üpjün etmegiň meselesine çynlakaý çemeleşýär we degişli ýolbaşçylaryň öňünde bu barada anyk wezipeleri goýýar. Bu il-ýurt bähbitli işlere hususy önüm öndürijiler hem saldamly goşant goşýarlar. Telekeçiler ilaty ýylyň dowamynda ýokary hilli gök we bakja önümleri bilen üpjün etmek üçin ýyladyşhanalarda ekinleriň dürli görnüşlerini ýetişdirýärler. Olaryň şu ýylyň başyndan bäri satuwa çykaran ýyladyşhana önümleriniň umumy mukdary 5 müň 133 tonnadan geçdi. Munuň geçen ýylyň degişli döwründäkisinden ep-esli köpdügi hususy önüm öndürijileriň işleriniň barha rowaç alýandygyna şaýatlyk edýär. Ilata hödürlenilen önümleriň esasy bölegini pomidor tutýar. Telekeçilerimiz geçen ýarym ýylda bu önümiň 4 müň 927 tonnadan gowragyny öndürdiler. Şonuň ýaly-da bolgar burçunyň 64, kelemiň 83 tonnasy alyjylara terligine ýetirildi. Ýer tudanasynyň 1,68, soganyň 8 tonnasy ýyladyşhanalarda ýetişdirildi. Şu günler bolsa hususy önüm öndürijiler tebigy şertlerde açyk meýdanda ýetişdirilen ýeralmanyň, soganyň, pomidoryň, bakja önümleriniň we beýleki azyklyk ekinleriň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Oba hojalyk işleri bilen meşgullanýan telekeçileriň tagallalarynyň ýerine düşýändigi bolsa bazarlary

Dünýä bilen aýakdaş

Gahryman Arkadagymyzyň işläp düzen we hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ykdysady strategiýa esasynda milli ykdysadyýetimiziň gurluşy düýpli üýtgedi, pudaklaryň kuwwaty ep-esli artdy. Bu senagat toplumynda hem şeýle häsiýete eýe boldy. Toplumda gazanylýan ösüşler ýurdumyzyň, şol sanda welaýatlaryň ykdysady-durmuş taýdan ösüşine uly itergi berýär, ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrýar, halkyň ýaşaýşyny täze derejelere göterýär. Innowasion ösüşlere gönükdirilen ugruň üstünlikli ýöredilmegi netijesinde täze döwrebap, halkara ölçeglerine laýyk gelýän kärhanalaryň uly topary guruldy, öňden barlarynyň durky täzelenildi. Ýurdumyzda täze önümçilikler döredilýär, şolaryň birisi elektron we elektroniki harytlary önümçiligidir. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy tarapyndan elektron hem-de elektrotehniki harytlary we kompýuterleriň dürli görnüşleri öndürilip başlandy. Geçen ýyllarda ýurdumyzyň orta mekdeplerine birinji synpa okuwa baran körpelere niýetlenilen kompýuterleriň şu kärhanada öndürilmegi örän buýsandyryjydyr. «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy tarapyndan brendi bilen tor enjamlary — köp portly, gigabitli optiki kommutatorlar, şeýle-de söwda torunyň awtomatlaşdyrylmasy üçin programma we tehniki ulgamlary: kassa enjamlary, POS-terminallary, çek-çap ediji gurluşlary, pul gutulary, ştrih kodlar

«Ýelken» aýakgaplary: ýokary hilli we elýeterli

«Ýelken» aýakgaplarynyň ady-owazasy öňräkden bäri eşidilýärdi welin, asyl bu köwüşler taryp ederçe bar eken. Ýalpyldysy gözüň ýagyny iýip barýan aýakgaplaryň özboluşly biçüwini, endigan tikilişini, aýagyňda gaýym oturyşyny synlanyňda, el işidigi mese-mälim duýulýar. Beýle diýdigim kämil tehnologiýaly önümçilik kärhanalarynda öndürilen aýakgaplara dil ýetirdigim däl-de, el güýji bilen taýýarlanylýan harytlaryň has isleglidigini nygtadygymdyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, lebaply telekeçi Arslan Möwlamowyň ýolbaşçylygynda ýüz göterim tebigy deriden elde biçilip tikilýän «Ýelken» haryt nyşanly aýakgaplar häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde uly islegden peýdalanýar. Öndürilip başlanyna köp wagt geçmedik hem bolsa, ýerli bazarda bu aýakgaplaryň alyjylarynyň sany barha artýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bu kärhananyň dükanlary müşderilere hyzmat edýär. Golaýda Daşoguz şäheriniň Merkez-2 ýaşaýyş jaý toplumynyň çägindäki «Döwletli Diýar» söwda merkeziniň ikinji gatynda hem «Ýelken» haryt nyşanly aýakgap kärhanasynyň ýörite dükany açyldy.

Awazada aşhana sungatynyň mümkinçilikleri görkezildi

Düýn «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlan «Rowaç» kottejler toplumynyň açylyş dabarasynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň jemgyýetçilik iýmiti ugrunda iş alyp barýan agzalary tarapyndan guralan dürli görnüşli tagamlaryň görkezilişini synlady. Bu özboluşly sergide hödürlenen datly tagamlar türkmen desterhanynyň berekedi, milli we dünýä aşpezliginiň tagam taýýarlanyş aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi. Täze kottejler toplumynyň çäginde ýokary derejede guralan bu gözden geçiriliş Hazaryň jana şypaly howasy bilen tapawutlanýan türkmen kenarynda dynç alýan raýatlarymyza hemmetaraplaýyn oňaýly şertleri döretmek, şol sanda jemgyýetçilik iýmiti ulgamynda ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek boýunça ýetilen sepgitleri giňden açyp görkezmekde, bu ugurda iş alyp barýan telekeçileri has-da höweslendirmekde uly ähmiýete eýe boldy. Munuň özi geljekde ýurdumyzyň raýatlarynyň we daşary ýurtly myhmanlaryň ýokary hilli, ekologik taýdan arassa iýmit önümlerine bolan barha artýan isleglerini kanagatlandyrmakda täze mümkinçilikleriň açyljakdygyna şaýatlyk edýär.

Ýaşlar we telekeçilik

Ýakynda şeýle şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat partiýasynyň bilelikde guramagynda, Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler jaýynda, ýaş telekeçileriň we ýaşlar kärhanalarynyň arasynda ýaşlar syýasaty, telekeçilik işi babatda, telekeçilik işiniň esaslaryny wagyz etmek maksady bilen, maslahat duşuşygy geçirildi. Oňa Ýaşlar guramasynyň, Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň ýerli wekilleri, welaýatyň baýry hem-de ýaş telekeçileri, ýaşlar gatnaşdylar. Maslahat duşuşygynda TMÝG-niň welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary S.Şyhyýew, TMÝG-niň welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni N.Galpakow, TMÝG-niň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy S.Begow, TSTP-niň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy B.Piriýew, «Ynsan kalby» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy A.Söýünow, TMÝG-niň Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni K.Sabyrow hem-de TSTP-niň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy M.Meredow dagylar çykyş etdiler. Şeýle-de Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda güneşli ülkämizde kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işler hem-de ýaşlary telekeçilige çekmek, olaryň telekeçilik başlangyçlaryny maliýe we hukuk taýdan goldamak we höweslendirmek üçin döredilýän çäksiz mümkinçilikler, ýeňillikler hakynda pikir alyşdylar. Ýaş tele

Ýaşlaryň telekeçiligi — ykdysady innowasion ösüşlere badalga

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady özgertmeleri, halk hojalyk toplumynyň işine bazar gurallarynyň hem-de ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösmegine itergi berdi. Ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply ýagdaý emele geldi, telekeçilik işjeňligi ýüze çykdy, telekeçiligi guramagyň hem-de hyzmatlary etmegiň häzirki zaman usullary kemala geldi. Döwletimiziň ykdysady ösüşiniň aýrylmaz düzüm bölegi bolan telekeçilik Türkmenistany demokratik hem-de durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýoly bilen has-da öňe ilerletmek üçin ägirt uly mümkinçiligi özünde jemleýär. Ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmagyň strategiýasy ähli pudaklara iň täze tehnologiýalary we öňdebaryjy dolandyryş usullaryny ornaşdyrmaga, bazar gatnaşyklaryna tapgyrma-tapgyr geçmäge, hususy telekeçiligi giňden goldamaga esaslanýar. Arkadagly Serdarymyz ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Bu ugurda zehinli ýaşlar, ýaş maşgalalar, ýaş alymlar, ýaş hünärmenler we telekeçiler döwletimiz tarapyndan aýratyn goldaw bilen gurşalýar. Ykdysadyýetiň häzirki zaman ösüş şertlerinde ýaşlaryň gujur-gaýratynyň telekeçilik işjeňligine gönükdirilmeginiň ähmiýeti ählumumy ykrar edilýär. Dünýäniň ykdysady taýdan ösýän islendik döwletiniň mysalynda alanyňda, telekeçilik esasy hereketlendiriji güýç hökmünde çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň telekeçil

Türkmen işewürliginiň rowaçlyklary

Dünýäde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen, ilkinji hemişelik Bitarap döwlet bolan Türkmenistan Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllyk toýuna barýar. Garaşsyzlyk diýmek — durnukly ösüş diýmek. Özbaşdaklyk diýmek — dünýä halklary bilen deňli-derejeli gatnaşyklary ýola goýmak diýmek. Özygtyýarlylyk diýmek — ykdysady taýdan garaşsyzlygyňy yglan etmek diýmek. Türkmenistanyň öz Garaşsyzlygyny almagy we özbaşdak ösüşiň şaýoluna çykmagy bilen dünýä bileleşiginiň ata Watanymyza bolan gyzyklanmasy günsaýyn artýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygynyň uludan baýram ediljek «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bagtyýar halkymyz täze döwre gadam basdy. Şu ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi. 30 ýyllyk döwür üçin taryhy çözgüdiň kabul edilmegi milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen birlikde, hususy ulgamyň ösdürilmeginde-de täze sahypalary açdy. Bu maksatnamada döwlet-hususy pudak hyzmatdaşlygyna, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçileriň bu işlere işjeň çekilmegine uly ähmiýet berilýär.

Arassa we tebigy önümçilik

Indi kömelek iýmek üçin baharda ýyldyrym çakyp, ýagşyň ýagmagyna garaşmak zerurlygy ýok. Ony ýetişdirmegiň aňryýany bilen hötdesinden gelýän telekeçileriň yhlasly zähmeti bilen şampinýon kömelekleri ýylyň on iki aýynda-da bize elýeterli boldy. Şampinýonlary ýetişdirip bazara çykarmak bilen ony satyn alyp, tagam taýýarlamagyň arasyndaky tapawut «Ýer bilen gök ýaly» diýleni eken. Gije-gündizki idegi, belli bir derejedäki dökündir harajady, ilkinji nobatda bolsa aýratyn howa şertlerini talap edýän bu önümçiligi üstünlikli ýola goýmagy başaran telekeçi, welaýat merkezimizdäki «Tiz hyzmat» hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy Almansur Orazow bilen söhbetdeş bolanymda, men muňa has anyk göz ýetirdim. Üç sagatdan gowraga çeken gürrüňdeşligimizde bu işiň ýokary we çylşyrymly tehnologiýa esaslanýandygyna düşündim. Aýdyşyna görä, söhbetdeşimiň özi-de bu işi diňe öwrenmek üçin iki ýyldan gowrak wagtyny sarp edipdir.

Telekeçilik

IŞI ILERI IŞEWÜR «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan ýylymyzyň taryhy wakalarynyň birine öwrüldi. Geljek 30 ýyly nazarlaýan bu taryhy maksatnama gadam basylan täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösüşini üpjün etmek bilen birlikde, milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmak, bazar ykdysadyýetini, kiçi we orta telekeçiligi has-da ösdürmek, hususy telekeçiligi döwlet tarapyndan ählibabatlaýyn goldamak, işewürleriň alyp barýan wajyp işlerinde ylmy tehnologiýalara daýanyp, halkara talaplary ödeýän ýokary hilli önümleri öndürmek arkaly ýurdumyzy has ösen döwletleriň hataryna goşmak wezipelerini göz öňünde tutýar.

Bäsdeşlige ukyply önümler

Ýurdumyzda hususy pudaga berilýän ünsüň netijesinde döredilen “Maksatly Türkmen” hojalyk jemgyýeti bu gün alyp barýan üstünlikli işleri bilen uly meşhurlyga eýe bolýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanalary Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýär. Häzirki zaman ýokary tehnologiýaly kärhana reňklenen aýna penjireleri, gapylary, birleşdirilen panelleri gurmaga ýöriteleşdirilendir. Onda işçi-hünärmenleriň onlarçasy zähmet çekmek bilen, kämil tehnologiýalary başarjaňlyk bilen dolandyrmagy başarýarlar. Olaryň çekýän agzybirlikli zähmeti netijesinde öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümler sarp edijilere bökdençsiz ýetirilýär. Şol önümler öýlere, edara-binalara özboluşly görk we rahatlyk berip, göreniň ünsüni çekýär.

Işewür hyzmatdaşlykda täze sahypa

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 14-15-nji iýulynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary Buhara şäherinde gulluk iş saparynda bolup, dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen duşuşyklary geçirdiler we dürli görnüşli çärelere gatnaşdylar. Hususan-da, ilkinji gezek guralan Türkmen-özbek sebitara forumynyň çäklerinde iki ýurduň işewürlik düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Işewür duşuşyklar Daşkent şäherinde hem dowam etdirildi. Olaryň jemleri boýunça umumy bahasy 450 million amerikan dollaryndan gowrak ikitaraplaýyn resminamalaryň onlarçasyna gol çekilmegi bolsa forumyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny görkezdi. Biz ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzüminde şol çärelere işjeň gatnaşyp, özbegistanly kärdeşleri bilen pikir hem tejribe alyşmak miýesser eden türkmen telekeçileriniň käbiriniň ýürek buýsanjyny okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildik.

Tomus gaýnan gazanlar

Tomus dynç alyş pasly hasaplanýar. Ýöne onuň hysyrdysy-da özüne ýetik. Dynç alyş günlerinde dogduk obaňyza salama baran bolsaňyz, özüňiz hem şaýat bolansyňyz, hojalyklaryň ählisinde diýen ýaly äpet toý gazanlary atarylandyr-da, onuň içinde gyş üçin gaplanyljak nygmatlar gaýnap durandyr. Gaýnagy kemsiz ýeten nygmaty gyz-gelinler derrew gaplar. Az salymdan çüýşe gaplaryň uzyn hataryna gözüň düşer. Tüweleme, gelin-gyzlar üçin 100 kilogram pomidory gaplamak bary-ýogy ýarym günüň işi. Ýöne şol ýarym günlük iş tutuş gyşy bilen hözir berer. Iş-güýjüň känligi bilen tomusda gaplanan önümleriňiz çak edişiňizçe bolmadyk bolsa, hiç aladalanmaň! Hut siziň gyşy bol nygmatlar bilen geçirmegiňiz üçin aladalanýan kärhanalar bar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýat bölümi bilen habarlaşanymyzda, gündogar sebitde hem gaplama işi bilen meşgullanýan hususyýetçileriň sanynyň barmak büküp sanardan kändigine göz ýetirdik.