Bazar doly şetdaly

10 Awgust 2022
1254

Türkmen topragynda nygmatlaryň ählisem bal ýaly, şetdalynyň welin, tagamy has üýtgeşikdir. Gyzyl-sary reňkleriň sazlaşygynda şahalara agram berip, düzüm-düzüm bolup duran şetdalylary göreniňde, gözüň dokunýar. Olar ak bazarlarymyzda owadan harytlyk görnüşi bilen hem görnetin saýlanyp dur.

Bazarlarymyzy bu datly miwe bilen üpjün etmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň uly goşandy bar. Olardan “Lezzetli miwe” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleriniň has-da yhlasly işleýändiklerini bellemeli. Täze hasyldan ýygnalan 18 tonna şetdalynyň düýn-öňňinlikde Russiýa Federasiýasyna eksport edilmegi türkmen telekeçileriniň ýetişdirýän bal tagamly, ekologik taýdan arassa miweleriniň hyrydarlarynyň ýetikdigini subut edýär.

Keýik UMAROWA.
“Türkmenistan”.
Beýleki habarlar