50 görnüşli önüm, 300-e golaý iş orun

9 Awgust 2022
1271

Datsaň, tagamy agzyňdan gitmeýän, datly we ýokary hilli önümlerini öndürmek bilen, meşhurlygyny barha artdyrýan «Datly şerbet» hususy kärhanasy önümçilik düzüminiň sanyny köpeltmegi hem ünsden düşürenok. Onuň düzümi ýaňy-ýakynda açylan konditer önümlerini we kartondan ýasalan dürli görnüşli, dürli ölçegdäki gutulary öndürýän kärhanalaryň hasabyna ýene-de artdy. Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän «Datly şerbediň» kärhanalary önüm bolçulygynyň hasam pugtalanmagyna goşant goşup başlamak bilen, alyjylary begendirdi.

Dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berlen kärhanalarda 300-e golaý täze iş orny bolsa, Türkiýe, Germaniýa ýaly döwletlerden, Russiýa Federasiýasyndan satyn alnyp getirilen iň kämil tehnologiýalardyr enjamlara, serişdelere başarjaňlyk bilen erk edip biljek, gursagy hyjuwdan doly ýaşlaryň onlarçasynyň iş bilen üpjün edilmegine ýardam etdi. Şokolad örtükli täze süýji önümleriniň 50-ä golaý görnüşini alyjylara ýetirmegi maksat edinen telekeçileriň bu ýerde öndürip, satuwa çykaran ilkinji önümleri hem islegli harytlaryň hatarynda uly höwes bilen alynýan azyk önümleriniň sanawyna girdi.

Sona EMIROWA,
TAP-nyň Mary şäher komitetiniň işgäri.
Beýleki habarlar