Işewür hyzmatdaşlykda täze sahypa

26 Iýul 2022
1103

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 14-15-nji iýulynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary Buhara şäherinde gulluk iş saparynda bolup, dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen duşuşyklary geçirdiler we dürli görnüşli çärelere gatnaşdylar. Hususan-da, ilkinji gezek guralan Türkmen-özbek sebitara forumynyň çäklerinde iki ýurduň işewürlik düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Işewür duşuşyklar Daşkent şäherinde hem dowam etdirildi. Olaryň jemleri boýunça umumy bahasy 450 million amerikan dollaryndan gowrak ikitaraplaýyn resminamalaryň onlarçasyna gol çekilmegi bolsa forumyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny görkezdi.

Biz ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzüminde şol çärelere işjeň gatnaşyp, özbegistanly kärdeşleri bilen pikir hem tejribe alyşmak miýesser eden türkmen telekeçileriniň käbiriniň ýürek buýsanjyny okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildik.

Ýazga geçiren Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar