Awazada aşhana sungatynyň mümkinçilikleri görkezildi

2 Awgust 2022
1124

Düýn «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlan «Rowaç» kottejler toplumynyň açylyş dabarasynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň jemgyýetçilik iýmiti ugrunda iş alyp barýan agzalary tarapyndan guralan dürli görnüşli tagamlaryň görkezilişini synlady. Bu özboluşly sergide hödürlenen datly tagamlar türkmen desterhanynyň berekedi, milli we dünýä aşpezliginiň tagam taýýarlanyş aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Täze kottejler toplumynyň çäginde ýokary derejede guralan bu gözden geçiriliş Hazaryň jana şypaly howasy bilen tapawutlanýan türkmen kenarynda dynç alýan raýatlarymyza hemmetaraplaýyn oňaýly şertleri döretmek, şol sanda jemgyýetçilik iýmiti ulgamynda ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek boýunça ýetilen sepgitleri giňden açyp görkezmekde, bu ugurda iş alyp barýan telekeçileri has-da höweslendirmekde uly ähmiýete eýe boldy. Munuň özi geljekde ýurdumyzyň raýatlarynyň we daşary ýurtly myhmanlaryň ýokary hilli, ekologik taýdan arassa iýmit önümlerine bolan barha artýan isleglerini kanagatlandyrmakda täze mümkinçilikleriň açyljakdygyna şaýatlyk edýär.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.
Beýleki habarlar