Möhüm işiň öň hatarlarynda

3 Awgust 2022
1142

Azyk bolçulygyny döretmek islendik ýurduň ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz hem ilatymyzy özümizde öndürilýän azyk önümleri bilen üpjün etmegiň meselesine çynlakaý çemeleşýär we degişli ýolbaşçylaryň öňünde bu barada anyk wezipeleri goýýar. Bu il-ýurt bähbitli işlere hususy önüm öndürijiler hem saldamly goşant goşýarlar.

Telekeçiler ilaty ýylyň dowamynda ýokary hilli gök we bakja önümleri bilen üpjün etmek üçin ýyladyşhanalarda ekinleriň dürli görnüşlerini ýetişdirýärler. Olaryň şu ýylyň başyndan bäri satuwa çykaran ýyladyşhana önümleriniň umumy mukdary 5 müň 133 tonnadan geçdi. Munuň geçen ýylyň degişli döwründäkisinden ep-esli köpdügi hususy önüm öndürijileriň işleriniň barha rowaç alýandygyna şaýatlyk edýär. Ilata hödürlenilen önümleriň esasy bölegini pomidor tutýar. Telekeçilerimiz geçen ýarym ýylda bu önümiň 4 müň 927 tonnadan gowragyny öndürdiler. Şonuň ýaly-da bolgar burçunyň 64, kelemiň 83 tonnasy alyjylara terligine ýetirildi. Ýer tudanasynyň 1,68, soganyň 8 tonnasy ýyladyşhanalarda ýetişdirildi. Şu günler bolsa hususy önüm öndürijiler tebigy şertlerde açyk meýdanda ýetişdirilen ýeralmanyň, soganyň, pomidoryň, bakja önümleriniň we beýleki azyklyk ekinleriň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Oba hojalyk işleri bilen meşgullanýan telekeçileriň tagallalarynyň ýerine düşýändigi bolsa bazarlaryň we dükanlaryň dolup duran tekjelerinden aýdyň görünýär.

Şöwket KERIMBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar