"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Edep-terbiýäniň gözbaşy

Adamzat durmuşynyň bezegi mähriban ene. Çaga dil bitende ilki sözlän sözi hem enedir. Enäniň hem her bir sözi alkyşy, päk arzuwy, her jümlesi perzendiniň sag-salamat gezmegi hakynda. Ene hakynda gürrüň edilende Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly çuň parasata ýugrulan kitaby hakydaňa gelýär. Kitap her bir adam üçin gymmatly ruhy çeşme. Kitapda nygtalyşy ýaly, enäniň hüwdüsi körpesiniň rahatlygydyr, şirin mukamdyr, ýagty umytlardyr. Perzendiniň körpelikden başlap, tä ulalýança eden her bir hereketine, üstünligine guwanýan ene onuň ukybyny ösdürip, başarnygyny kemala getirýär. Enäniň yhlas bilen öwreden goşgudyr aýdymy çaganyň ýadynda hemişelik galýar. Perzendiniň eline galam berip, hat ýazmagy, harpy okamagy-da ürç edip öwredýän enedir. Ene harplygy näçe çagasy bolsa, şonça gezegem okaýar. Ene edep-terbiýäniň, göreldäniň gözbaşy. Ýagşy gylyk-häsiýet ene öwüdiniň, göreldesiniň gözbaşy. Ula-kiçä hormat goýmagy, dogry sözlüligi, adamkärçiligi, ynsaply bolmagy, umuman, adamy bezeýän häsiýetleriň ählisini ene perzendine ýaşlygyndan öwredýär. Gyzyna el hünärini öwredip, tikin işlerine ugrukdyrýanam ene. Şu günki gün ene-mamalarymyzyň ýardamy bilen öwredilen el hünäri müňlerçe gelin-gyzlarymyzyň zehinine ýugrulyp, döwrebap öwüşgine eýe bolýar. Netijede, eneleriň gymmatly öwütleri, öwreden el hünäriniň inçe syrlary asyrlarboýy nesilden nesle geçirilip, milli

ÇAGANYŇ KEMALA GELMEGINDE ENE-ATANYŇ ORNY

Çaga ertekileri okamak, kitapdan goşgy okamak, olar bilen beýan edilýän gahrymanlar barada söhbetdeş bolmak köp wagty talap edýän hem bolsa, şeýle hereketler onuň sazlaşykly ösüşi üçin zerurdyr. Çaga gören we eşiden zatlaryny hökman gaýtalaýar. Eserleri ýatda saklap, beýnisini türgenleşdirýär. Häzirki ösen tehnologiýalar zamanynda kompýuterler, planşetler, ykjam telefonlar adamzadyň durmuşyna barha işjeň aralaşýar. Bu ýagdaý, bir tarapdan, çylşyrymly, uzak wagty talap edýän işleri çalt hem-de aňsat ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär, beýleki bir tarapdan, olaryň kadadan artyk ýa-da nädogry ulanylmagy ilatyň, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy bilen bagly birnäçe meseleleri orta çykarýar.

Maşgala abadançylygynyň berk binýady

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýaş raýatlaryň, ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrmaga, jemgyýetiň ilkinji we möhüm düzüm bölegi hasaplanýan maşgalany hemmetaraplaýyn goldamaga örän uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň üçin döwletimizde kämil hukuk binýady döredildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda: «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýarlar. Nika ýaşyna ýeten erkek bilen aýalyň özara razylygy boýunça nikalaşmaga we maşgala gurmaga hukugy bardyr. Maşgala gatnaşyklarynda är-aýal deňhukuklydyrlar. Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyrlar we borçludyrlar. Kämillik ýaşyna ýeten çagalar ata-eneleri barada alada etmäge, olara kömek bermäge borçludyrlar. Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär» diýlip kesgitlenendir. Munuň özi döwletimiz tarapyndan maşgala, onuň abadançylygyna we bagtyýarlygyna, ony hemmetaraplaýyn goldamaga, ýaşlaryň

Mamam mamla (durmuş pursatlary)

Käte hyýalymda gamsyz çagalygymyň gujagyna dolanmak edähedim bar. Şol pursat kalbymda gunçalan höweslerimiň arzuwlara öwrülendigini sahaplanan durmuş kitabyndan edil ýanynda ýaly görüp oturmaly. Ine, ömrüme okap, tamamlap bilmejek şol kitabyň ýakymly ýatlamalary bu gezek meni Bamy obasyndan çykardy. Demir ýoluň ýakasy. Gijäniň gara saçynyň çalaryp ugran uçurlary, oba zenanlary sygryny «höwlümläp», bedresiniň düýbüni süýt bilen örtüpdi. Mamamlaryň sygry ýuwaş bolansoň, ejem şol gün ony özüniň sagjakdygyny aýdyp, daýzamyň elinden gabyny alypdy. Üzüm dalbarynyň astyndaky sekide ýorganymdan yşyklap, ukudan ganmadyk gözlerimi açalak-ýumalaklap, ejemiň her bir ädimini sypdyrmazlyga çalyşýardym. Daňyň alagaraňkylygy ähli zady saýgardybam baranokdy. Käbämiň elleriniň sazlaşykly hereketine demir gap «wyzt-wyzt» edip, guşlaryň jürküldisine, mal-garanyň uly obanyň ynsanlaryny oýaryjy sesine garylyp, säher simfoniýasyny döredipdi. Bedräniň agzyny gyrpaklap duran akja köpüklere gözüm düşen bada aşgazanym özümden öň dillenipdi. Mamam aýtmyşlaýyn, oba säheriniň gönezligi şol köpükler bolmalymyş. Öýüň güneý tarapynda atylan keçäniň üstünde ertiri garşylap, demini alan çaýyny süzüp oturan mamam «sandyk bagşysyndan» «Ýylgaýlar» sazyny diňleýärdi. Çaýyny içip bolup, käsäniň şemmesini ekine tarap serpdi-de, mamam bize gep goşdy:

Edep başy zähmetde

Halkymyz edepli perzent ýetişdiren ene-atany eden yhlasy ýerine düşen, azaby gowşan bagtly maşgala hasap edýär. Hakykatdan-da, edepli ogul-gyz ene-atanyň buýsanjy, iliň guwanjy bolýar. Ilhalar perzentleri terbiýeläp ýetişdirmek ene-atadan irginsiz zähmeti, gaýduwsyz yhlasdyr aladany, akyldyr paýhasy, sabyrdyr kanagaty talap edýär. Perzent — her bir maşgalanyň baş arzuwy. Çagalar — her bir ojagyň ody, durmuşyň dowamy, ýürekleriň örki, göwünleriň görki. Çagalary ylymly-bilimli, edepli-terbiýeli edip ýetişdirmek üçin döwletimiz tarapyndan hem uly tagallalar edilýär. Ekilen bagyň hasylynyň onuň idegine bagly bolşy ýaly, perzentler hem görkezen edep-terbiýäňden özüne geregini alyp kemala gelýär.

Çagany ýaşdan diýipdirler

Çaga tebiýesi hakynda, elbetde, her kimiň öz garaýşy bar. Ol garaýyşlaryň kemala gelmegine bolsa, adatça, ene-atanyň özüniň ene-atasyndan alan terbiýesi, şahsy we tanaýan adamlarynyň durmuşy täsirini ýetirýär. Käbirleri çaganyň geljekde öz garaýşynyň bolmagy, özbaşdaklygy öwrenmegi üçin ene-atanyň onuň bilen deň hörpden gopmagyny öňe sürýärler. Çagany öz ugruna kowmagy ündeýärler. Emma men arada bir kiçijik waka şaýat boldum we her nähili bolanda hem çaga terbiýesinde ene-atanyň hem öz diýenini gögertmeli pursatlarynyň bolýandygyna göz ýetirdim.

Durmuş şeýle diýýärler... (oýlanma)

«Ýok, ýok» diýdim. «Sen öte ýuwaş gelýäň. Durmuş gurjak ýigidiň birneme dogumly, gepe çeper bolsa ýagşy. Ol seni we maşgalaňy gorap bilmeli, ýogsam, durmuş diýeniň çarkandakly ýol diýmeýärlermi näme?! Durmuş hakda kimi gürletseň şeýle diýýär... Durmuş durşy bilen çarkandakly bolsa, özem gaty agyr bolsa... Seniň bu bolşuň bilen, biz ony alyp çykyp bilmeris. «Käbir gyzlar ýaly, men birneme dogumly bolsadym... Belki, ýöne men olam däl» diýdim. «Seniň bu sadalygyň, ýuwaşlygyň bilen ol diýilýän durmuş bize eýgertmez» diýip, ýene gaýtaladym. Bu sözleri biriniň ýüzüne basyp, gönümel aýdyp bilmäge-de güýç gerek ahyryn. Ýöne men welin, şol pursat seniň ýanyňda özümi gaty dogumly alyp barypdym. Pert-pert gürläpdim. Görüp otursam, şol wagtam seniň maňa bolan söýgiňden güýç alyp, şol sözleri dile getiren ekenim. Sen bolsa gürläp başladygym, asyl ýeke agyz gürlemän, doňup galardyň. Men aýdasymyň gelýän zatlaryny birin-birin aýdypdym, birden göwnüňe degýän bolaýmaýyn diýip, pikir hem etmändirin. Indi käteler şol sözlerim üçinem ötünç soraýasym gelip gidýär. Emma şol wagt, uly iş bitiren mysaly, hoşlaşyp, ol ýerden uzaklaşypdym. Sen welin, şondan soňam esli wagt yzymdan garap galypdyň... * * *

Bagtyň açary

Ir döwür enemleriň ýaşaýan obasynda Seýit atly bir ýigit, täze öýlenenligine garamazdan, gelniniň rugsadyny beripdir diýip, gürrüň etdiler. Çaga-da bolsam, enemiň beren gürrüňlerini eşidip, juda gynananymy bilýärin. Seýit:

Tozgalap ýaganda gyşyň ak gary... (oýlanma)

Mawy asmandan tozgalap ýagýan akja garlar menden has uzakda ýaşaýan mähribanlarymy ýada salýar. Ejem bilen bagly wakalar göz öňümde janlanýar. Wagtyň geçäýşini! Gulpagymy tasadyp, agalarymyň yzynda howluda iki-ýana ylgap oýnaýan günlerim ýaňy ýalydy. Sen: «Gyzym, gyz çaga biş-düş, tikin-çatyn bilen bolar. Hany, gel, maňa kömekleş» diýip, oýnap ýören ýerimden öýe salardyň. Soň-soňlar özümem seniň ýanyňdan aýrylmadym. Soňra bileje nahar bişirip, tikin edenimizde, haly dokanymyzda, sen durmuşyňy şeýle süýjülik bilen gürrüň bererdiň welin, näçe diňlesem-de, şirin hüwdä meňzeş ýakymly owazyňdan ganmazdym. Gyş paslyny has gowy görýändigiňi aýdyp: «Bu pasylda sen doguldyň, gyzym!» diýip, meni mähribanlyk bilen bagryňa basardyň. Her gezek bereketli güýz pasly öz ornuny gyşa berip, ene ýeri ak gar örtende, seniň bilen bagly şol wakalar serimden geçýär. Belki, senem şeýlesiň. Ykbalyň emri bilen gaýry ýurda düşen garry atamyň ojagyny saklap oturyşyňa, ilki ýokary okuw mekdebi diýip Türkmenistana gaýdyp, soňra-da ykbaly ata ýurduň bir perzendi bilen baglanyp, bu mukaddes toprakda ömürlik galan ýeke gyzyň baradaky ýatlamalar bilen ýaşaýansyň. Alty ogluň içinde ulalan ýeke gyz perzendiňi her gar ýaganda ýatlaýanyňy bilýän, eje jan!

Peýdaly maslahatlar

Eger-de mis gabyň ýüzünde tegmiller peýda bolsa, onda mata bölejiginiň ýüzüne ketçup çalyň, soňra duz sepiň. Mata bölejigini tegmil aýrylýança sürtüň. Şeýtseňiz, gabyňyz täze ýaly bolar. * * *

Nusgalyk ömrüň beýany

Ýurdumyzda uzak ýaşy arka atan eneleriň biri hem Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Garaşsyzlyk geňeşliginiň ýaşaýjysy Aýsoltan Hommadowadyr. Ol 1927-nji ýylda daýhan maşgalasynda dogulýar. Çagalygy ata-enesiniň ýanynda geçýär, olaryň oňat göreldesini alýar. 1935-nji ýylda 7 ýyllyk likbeze okuwa girip, bilim alýar. 1937-1938-nji ýyllarda, obada mugallym ýetmeýändigi üçin, oňat okaýan we özüni tertipli alyp barýan oglanlary Aşgabada okuwa ugradypdyrlar. Kiçijik Aýsoltan: «Arman ýaşym kiçi bolaýýar, meniň Aşgabada gidip okasym, lukman bolup, adamlara kömek edesim gelýär» diýýän eken.

Döwrüň Bagtyýar perzendi

Täze — 2023-nji ýylyň garşy alnan gijesi paýtagtymyzyň ýaşaýjylary Mommadowlaryň maşgalasynda toý şatlygy goşalandy. Täze ýyla gadam goýlan ilkinji minutlarda, ýagny 2023-nji ýylda ilkinji dünýä inen oglanjyk tutuş maşgalanyň guwanjyna öwrüldi. Öý hojalykçy Gülbahardyr telekeçi Nurmuhammet Mommadowlaryň maşgalasy ol gün egsilmez şatlyga beslendi. Ene-ata Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, şeýle-de Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň iň bagtly perzendine Bagtyýar diýip at goýdy. Bagtyýar bu agzybir maşgalada üçünji perzent bolup, körpejäniň agramy 3 kilogram 840 gram, boýy 53 santimetrdir. Ol paýtagtymyzyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň lukmanlarydyr şepagat uýalary tarapyndan mähir-muhabbet bilen gurşalyp alyndy.

Öý bikesi öwrense...

Gök önümli çorba Gerekli önümler:

Dört gaýtarlanda göwnejaý

Gahryman Arkadagymyzyň «Çaý — melhem hem ylham» atly ajaýyp kitaby bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolup, çaý bilen baglanyşykly ähli ylmy maglumatlary, täsinlikleri özünde jemleýän çeşmedir. Çaýyň peýdaly täsirine uly baha berýän halkymyz gök çaýa diňe bir teşneligini gandyryjy içgi hökmünde baha bermän, eýsem, oňa sagdynlygyň we uzak ömür sürmegiň serişdesi, myhmansöýerligiň, gelen adama hormat goýmagyň nyşany hökmünde hem garapdyr. «Çaý bir gaýtarylanda laý, iki gaýtarylanda çaý, üç gaýtarlanda maý, dört gaýtarlanda göwnejaý» ýa-da «Çaýyň soňy dostuňa», «Içseň çaý, bolar göwnejaý»... ýaly sözler, megerem, şol sebäpli dörän bolsa gerek?!

Eneler dynç almaýar...

Güne güneş, gyzgyn mähir, gor beren,Ynsanýete ykbal hem ykrar beren,Eneler dynç almaýar,Eneler ynjalmaýar — diýýän şahyr, hakykatdan hem, mamla. Elbetde, uzakly gijäni süýtreňk nuruna besleýän owadan Aý daň atansoň, öz ornuny Güneşe berip dynç alýar. Dünýäni tylla nury bilen dolduryp, uzakly gün ýere ýyly çoguny saçan Gün ýeriň süňňüni, janly-jandary, bag-bakjalary öz yssy gory bilen ýyladyp, Asmanda owadan şapagyň keşbini çekip, ýene-de ýagty ertirler üçin dynç almaga ugraýar. Gyşyň aňzagynda ýatyp, ukusyny alan ene toprak ýazlarda gül-gunçalap, açylyp dünýäni lälezarlyga büreýär, ynsan kalbyna joşgun, ylham gatýar. Zemine täze bir ýaşlygy bagyş edýär. Ýazlar öz ornuny tomsa, tomus sary güýzlere gezegini berip, dynç alýar. Diňe eneler dynç almaýar.

Eýýamlary gören eneler

Işimiziň beýle ugruna bolşuny diýseňizläň! Türkmenabatdan Halaja tarap ýola düşenimizde, maksadymyz uzak ýaşly eneleriň diňe biri barada ýazmakdy. Ýöne barmaly ýerimize baranymyzdan soň, uzak ýaşly eneden ilkinji eşidenlerimiziň biri şu boldy: «Siz, oglanlar, uzak ýaşly gözleýän bolsaňyz, meniň Anna doganymam ýazyň! Oňam ýaşy meňkiçeräk bar». Biz şu ýyl biri 101, birem 97 ýaşyny doldurjak eneler barada aýry-aýry däl-de, bir makalada söz açmagy makul bildik. Sebäbi olar durmuşyň uzyn menzillerinde bir ykbaly paýlaşypdyrlar. Arka atylan ýyllaryň agramly bölegini birek-biregiň ýakyny — jorasy bolup geçiripdirler. Üns beriň, olar häzir hem atlaryny ýöne tutaýanoklar-da, «Anna doganym» ýa-da «Maral doganym» diýýärler. Perişdekamat bu iki ene Halaç etrabynyň Altyn asyr geňeşliginiň Etbaş obasynda ýaşaýar. Has sada dilde düşündireýin: Halaç sebitlerine ýoluňyz düşende, Köseguýuda düşläp, bal ýaly suwdan demlenen çaýdan içip, elin bişirilen tagamlardan dadyp geçmedigiňiz az-az bolsa gerek. Uzak ýaşly eneler hut şol Köseguýuly obada ýaşaýarlar. Asyl, olaryň biri bu ajaýyp bagy esaslandyran taryhy şahsyýetiň maşgalasy. Ýöne bu barada biraz soňrak.

Ene söýgüsi hakynda

Gün nurundan ýagtylyk eçilişi ýaly, ene söýgüsi hem diňe mähir-muhabbet, şatlyk, nuranalyk, asyllylyk eçilýär. * * *

Terbiýelemegiň kömekçi serişdeleri

Redaksiýadan: Gadyrly okyjylar! Gazetimiziň şu sanynda professor, çaga terbiýesi hakynda köp sanly kitaplaryň, makalalaryňdyr ylmy işleriň awtory, psiholog Ýuliýa Borisowna Gippenreýteriň 1995-nji ýylda neşir edilen «Ene-atalar üçin iň möhüm kitap» atly kitaplar ýygyndysyndan bölekleri size ýetirmegimizi dowam edýäris.

Habar beriş we aragatnaşyk ulgamynyň nesil terbiýesine täsiri

Bu gün telewizorsyz, telefonsyz öý-ojak bardyr öýdülenok. Agy-garany saýgaryp başlandan, telefonyň, telewizoryň uzakdan dolandyrylýan abzalynyň düwmeleri hem çagalara gyzykly oýunjak. Telewizorda we öýjükli el telefonlarynda görülýän zatlaram olar üçin şeýle bir gyzykly. Çaganyň gören zatlarynyň suraty beýnisine mäkäm ornaşsa, eşiden zatlary bilen gulagy mazaly ganýar. Dürli öwüşginli, reňki goýy berlen multfilmler, kinofilmler, mahabatlar şeýle bir kän, olaryň aglabasyny çaga görkezmeklik dürs däl. Çünki ösüp barýan çaga beýnisi kino bilen durmuşyň tapawudyny bilmän, şol ýerde gören zatlaryny aňyna hakykat hökmünde kabul etmekligi we kinofilmlerde gören zatlaryny durmuşda amal etjek bolup, öz saglygyna zyýan ýetirmek ahmallygy bar. Şeýle-de gorkuly hadysalary özünde jemleýän kinofilmleriň we internet rolikleriniň çaganyň aňyna ters täsir edip, onda gahar-gazap, ýigrenç ýaly duýgulary oýarmaklygy ahmal. Haýsy zadyň haýyr ýa-da şerdigini saýgaryp bilmeýän wagtlary islendik zat olar üçin aň iýmiti. Sebäbi çaga gözi bilen gören zadyndan has ýiti täsirlenýär. Ene-atalaryň käbiri çagalarynyň islendik teleýaýlyma ýa-da internet torunyň islendik sahypalaryna tomaşa etmegine bolaýmaly zat ýaly garaýar. Gije ukusyndan galyp, gorkunç filmlere tomaşa edýän ýa-da haýsy ýerde näme görkezseler gözüni aýyrman görýän çagalar az däl. Şeýlelikde, olar görýän zatlarynyň täsirine berilýärler. Kä

Geliň, towşanjyk ýasalyň!

Gerekli esbaplar: • Ak, gülgüne we gara reňkdäki plastilinler.