Maşgala abadançylygynyň berk binýady

1 Fewral 2023
925

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýaş raýatlaryň, ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrmaga, jemgyýetiň ilkinji we möhüm düzüm bölegi hasaplanýan maşgalany hemmetaraplaýyn goldamaga örän uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň üçin döwletimizde kämil hukuk binýady döredildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda: «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýarlar. Nika ýaşyna ýeten erkek bilen aýalyň özara razylygy boýunça nikalaşmaga we maşgala gurmaga hukugy bardyr. Maşgala gatnaşyklarynda är-aýal deňhukuklydyrlar. Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyrlar we borçludyrlar. Kämillik ýaşyna ýeten çagalar ata-eneleri barada alada etmäge, olara kömek bermäge borçludyrlar. Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär» diýlip kesgitlenendir. Munuň özi döwletimiz tarapyndan maşgala, onuň abadançylygyna we bagtyýarlygyna, ony hemmetaraplaýyn goldamaga, ýaşlaryň edep-terbiýesine ägirt uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Döwrüň öňe sürýän talaplary bilen baglylykda, ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan kanunlar hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşi) maksady hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr, ýaş nesilleri watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak üçin has amatly hukuk şertlerini döretmek bilen baglanyşyklydyr.

Sapargeldi DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar