Eneler dynç almaýar...

24 Ýanwar 2023
809

Güne güneş, gyzgyn mähir, gor beren,
Ynsanýete ykbal hem ykrar beren,
Eneler dynç almaýar,
Eneler ynjalmaýar

— diýýän şahyr, hakykatdan hem, mamla. Elbetde, uzakly gijäni süýtreňk nuruna besleýän owadan Aý daň atansoň, öz ornuny Güneşe berip dynç alýar. Dünýäni tylla nury bilen dolduryp, uzakly gün ýere ýyly çoguny saçan Gün ýeriň süňňüni, janly-jandary, bag-bakjalary öz yssy gory bilen ýyladyp, Asmanda owadan şapagyň keşbini çekip, ýene-de ýagty ertirler üçin dynç almaga ugraýar. Gyşyň aňzagynda ýatyp, ukusyny alan ene toprak ýazlarda gül-gunçalap, açylyp dünýäni lälezarlyga büreýär, ynsan kalbyna joşgun, ylham gatýar. Zemine täze bir ýaşlygy bagyş edýär. Ýazlar öz ornuny tomsa, tomus sary güýzlere gezegini berip, dynç alýar. Diňe eneler dynç almaýar.

Jennet ŞAGULYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar