Döwrüň Bagtyýar perzendi

25 Ýanwar 2023
1381

Täze — 2023-nji ýylyň garşy alnan gijesi paýtagtymyzyň ýaşaýjylary Mommadowlaryň maşgalasynda toý şatlygy goşalandy. Täze ýyla gadam goýlan ilkinji minutlarda, ýagny 2023-nji ýylda ilkinji dünýä inen oglanjyk tutuş maşgalanyň guwanjyna öwrüldi.

Öý hojalykçy Gülbahardyr telekeçi Nurmuhammet Mommadowlaryň maşgalasy ol gün egsilmez şatlyga beslendi. Ene-ata Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, şeýle-de Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň iň bagtly perzendine Bagtyýar diýip at goýdy. Bagtyýar bu agzybir maşgalada üçünji perzent bolup, körpejäniň agramy 3 kilogram 840 gram, boýy 53 santimetrdir. Ol paýtagtymyzyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň lukmanlarydyr şepagat uýalary tarapyndan mähir-muhabbet bilen gurşalyp alyndy.

Sähragül GAJYMOWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar