Mamam mamla (durmuş pursatlary)

31 Ýanwar 2023
785

Käte hyýalymda gamsyz çagalygymyň gujagyna dolanmak edähedim bar. Şol pursat kalbymda gunçalan höweslerimiň arzuwlara öwrülendigini sahaplanan durmuş kitabyndan edil ýanynda ýaly görüp oturmaly. Ine, ömrüme okap, tamamlap bilmejek şol kitabyň ýakymly ýatlamalary bu gezek meni Bamy obasyndan çykardy.

Demir ýoluň ýakasy. Gijäniň gara saçynyň çalaryp ugran uçurlary, oba zenanlary sygryny «höwlümläp», bedresiniň düýbüni süýt bilen örtüpdi. Mamamlaryň sygry ýuwaş bolansoň, ejem şol gün ony özüniň sagjakdygyny aýdyp, daýzamyň elinden gabyny alypdy. Üzüm dalbarynyň astyndaky sekide ýorganymdan yşyklap, ukudan ganmadyk gözlerimi açalak-ýumalaklap, ejemiň her bir ädimini sypdyrmazlyga çalyşýardym. Daňyň alagaraňkylygy ähli zady saýgardybam baranokdy. Käbämiň elleriniň sazlaşykly hereketine demir gap «wyzt-wyzt» edip, guşlaryň jürküldisine, mal-garanyň uly obanyň ynsanlaryny oýaryjy sesine garylyp, säher simfoniýasyny döredipdi. Bedräniň agzyny gyrpaklap duran akja köpüklere gözüm düşen bada aşgazanym özümden öň dillenipdi. Mamam aýtmyşlaýyn, oba säheriniň gönezligi şol köpükler bolmalymyş. Öýüň güneý tarapynda atylan keçäniň üstünde ertiri garşylap, demini alan çaýyny süzüp oturan mamam «sandyk bagşysyndan» «Ýylgaýlar» sazyny diňleýärdi. Çaýyny içip bolup, käsäniň şemmesini ekine tarap serpdi-de, mamam bize gep goşdy:

Meýlis GARAJAÝEW,
žurnalist.
Beýleki habarlar