Eýýamlary gören eneler

23 Ýanwar 2023
918

Işimiziň beýle ugruna bolşuny diýseňizläň! Türkmenabatdan Halaja tarap ýola düşenimizde, maksadymyz uzak ýaşly eneleriň diňe biri barada ýazmakdy. Ýöne barmaly ýerimize baranymyzdan soň, uzak ýaşly eneden ilkinji eşidenlerimiziň biri şu boldy: «Siz, oglanlar, uzak ýaşly gözleýän bolsaňyz, meniň Anna doganymam ýazyň! Oňam ýaşy meňkiçeräk bar». Biz şu ýyl biri 101, birem 97 ýaşyny doldurjak eneler barada aýry-aýry däl-de, bir makalada söz açmagy makul bildik. Sebäbi olar durmuşyň uzyn menzillerinde bir ykbaly paýlaşypdyrlar. Arka atylan ýyllaryň agramly bölegini birek-biregiň ýakyny — jorasy bolup geçiripdirler. Üns beriň, olar häzir hem atlaryny ýöne tutaýanoklar-da, «Anna doganym» ýa-da «Maral doganym» diýýärler.

Perişdekamat bu iki ene Halaç etrabynyň Altyn asyr geňeşliginiň Etbaş obasynda ýaşaýar. Has sada dilde düşündireýin: Halaç sebitlerine ýoluňyz düşende, Köseguýuda düşläp, bal ýaly suwdan demlenen çaýdan içip, elin bişirilen tagamlardan dadyp geçmedigiňiz az-az bolsa gerek. Uzak ýaşly eneler hut şol Köseguýuly obada ýaşaýarlar. Asyl, olaryň biri bu ajaýyp bagy esaslandyran taryhy şahsyýetiň maşgalasy. Ýöne bu barada biraz soňrak.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar