"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmen samboçylary dünýä kubogynda

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Sam­bo bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň tür­gen­le­ri 15-16-njy aw­gust­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Çol­pan-Ata şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Sam­bo bo­ýun­ça dün­ýä ku­bo­gy­na gat­naş­dy­lar. Sport sam­bo­sy we sö­weş sam­bo­sy nus­ga­la­ry bo­ýun­ça er­kek­le­riň hem-de ze­nan­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­len bäs­le­şik­le­rde mil­li tür­gen­le­ri­mi­ziň 29-sy çykyş etdi. Oýun­la­ryň bi­rin­ji gü­nün­de sport sam­bo­sy bo­ýun­ça er­kek­le­riň ara­syn­da gu­ra­lan tut­lu­şyk­lar­da 58 ki­log­ram ag­ram de­re­je­sin­de çy­kyş eden mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň tür­ge­ni Ba­ba­mu­rat Baý­ra­mow öz­be­gis­tan­ly tür­gen Mu­nis Bah­ti­ýo­row bi­len 3-nji or­ny paý­la­şyp, bü­rünç me­da­la, 71 ki­log­ram ag­ram de­re­je­sin­de çy­kyş eden tür­ge­ni­miz Kam­bar Uma­row «FI­AS 2» to­pa­ry­nyň tür­ge­ni Ulad­zis­lau Mar­du­se­wiç bi­len 3-nji or­ny paý­la­şyp, bü­rünç me­da­la eýe bol­dular.

Sport — ýaşaýşyň gözelligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşleriň mekanyna öwrülýär, ähli ulgamlar bilen bir hatarda, sportda hem uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň sport ulgamyny ösen häzirki zaman talaplaryna laýyk getirmek, sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, halkara derejeli türgenleri hem-de tälimçileri taýýarlamak, bedenterbiýe we sport ulgamynda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýar. «Türk­me­nis­tan­da 2021 – 2025-nji ýyl­lar­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty gol­da­ma­gyň hem-de ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň» çäk­le­rin­de ýur­du­myz­da spor­ty gol­da­mak we ila­tyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, zy­ýan­ly en­dik­le­re gar­şy gö­reş­mek, ösüp gel­ýän nes­li spor­ty söý­mek, ha­lal zäh­me­te hor­mat goý­mak ru­hun­da ter­bi­ýe­le­me­giň bi­te­wi ul­ga­my­ny ke­ma­la ge­tir­mek hem-de mil­li sport gör­nüş­le­ri­ni dün­ýä­de has-da da­ba­ra­lan­dyr­ma­gyň yg­ty­bar­ly hu­kuk, gu­ra­ma­çy­lyk we mad­dy-teh­ni­ki esas­la­ry­ny dö­ret­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly we­zi­pe­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şeý­le hem mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş we sport hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy hem-de ra­ýat­la­ry­myz üçin el­ýe­ter­li bol­ma­gy­nyň üp­jün edil­me­gi bilen ila­tyň be­den­

Mugallym hem pälwan

Gaýybana tanyşlyk Garagum sährasynyň Göbekli obasynda dünýä inen Kakageldi Gul pälwanyň gürrüňlerinden başlandy. Onuň Atageldi pälwan (halk arasynda ýörgünli ady Atageldi demirdiş pälwan) hakyndaky söhbetleri gyzykly hem bolsa gysgarak bolansoň, belli pälwanyň özi bilen duşuşyp, gürrüňdeş bolmak islegi öz erkime goýmady. Ine-de, nesibeli gün gelip, biz Atageldi pälwan bilen onuň döwletli ojagynda duşuşdyk. Ol diýseň gürrüňçil adam bolup çykdy. Salam, mugallym!

Sport we sanly tehnologiýalar

Häzirki zaman sportuny sanly tehnologiýalardan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Sebäbi bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ulanylýan innowasion tehnologiýalaryň sany barha artýar. Olar diňe bir türgenleşikleriň ýa-da ýaryşlaryň aýry-aýry jähetlerini özgertmek bilen çäklenmän, eýsem, bäsleşikleriň guralyşynyň we geçirilişiniň mazmunyny hem üýtgedýär. Olara gatnaşýan her bir türgeniň ýa-da tutuş toparlaryň netijeliligini we höwesini artdyrýar. Elbetde, sanly tehnologiýalar ýaşlaryň arasynda sportuň meşhurlygyny artdyrmak üçin ajaýyp serişde bolup hyzmat edýär. Olar türgenleşik işiniň täsirliligini, gyzyklylygyny artdyrýar we ýadawlygyň öňüni almaga kömek edýär. Dünýä tejribesinde şäherlerde ilatyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna niýetlenen desgalar, sport meýdançalary, seýilgähler baradaky maglumatlary tapmak üçin ýörite ulgamlar döredilýär. Şeýle ulgamlar sagdyn durmuş ýörelgesiniň muşdaklaryna mobil telefonlarynyň ýa-da kompýuterleriň kömegi arkaly sport bilen meşgullanmak üçin niýetlenen ýerleri tapmaga hem-de türgenleşiklere ýazylmaga mümkinçilik berýär.

Taryhda şu gün

2-nji sentýabra çenli dowam eden çempionatda türgenler medal sanawynyň 47-si ugrunda bäsleşdiler. Netijede dürli öwüşginli medallaryň 26-syny gazanan ABŞ-nyň ýygyndy topary öňdäki orny eýeledi. Ikinji, üçünji orunlarda degişlilikde Keniýanyň (5-3-5) hem-de Russiýanyň (4-7-3) ýygyndy toparlary ornaşdylar.

TRANSFER TÄZELIKLERI

«At­le­ti­ko Mad­rid» «Pre­mi­er Li­ga­dan» 2 ýyl­dyz oýun­çy­ny dü­zü­mi­ne goş­dy

«Ata­lan­ta­dan» «At­lan­ta»

Ita­li­ýa­nyň «Mi­lan» to­pa­ry Ang­li­ýa­nyň «Tot­ten­ham» to­pa­ryn­dan sag gy­ra­ky go­rag­çy Emer­son Ro­ýa­ly dü­zü­mi­ne goş­dy. 26 ýaş­ly oýun­çy­nyň trans­fer tö­le­gi 15 mil­li­on ýew­ro diý­lip kes­gi­ten­di. Bra­zi­li­ýa­ly oýun­çy «Mi­lan­da» 22-nji bel­gi­de oý­nar. Ýur­du­nyň «Pon­te Pre­ta» to­pa­ryn­da fut­bo­la baş­lan Emer­son «At­le­ti­ko Mi­nei­ro», «Be­tis», «Bar­se­lo­na» klub­la­ry­nyň köý­nek­çe­le­ri­ni hem geý­di. Emer­son «Tot­ten­ham­da» 3 möw­süm­de 101 oýun­da meý­dan­ça çyk­dy. Şeý­le-de, «Mi­lan» klu­by Fran­si­ýa­nyň «Mo­na­ko» to­pa­ryn­dan ýa­rym­go­rag­çy Ýus­suf Fo­fa­na­ny hem trans­fer et­di. Ital­ýan klu­by fran­si­ýa­ly oýun­çy üçin «Mo­na­ko» to­pa­ry­na 25 mil­li­on ýew­ro be­rer. 25 ýa­şyn­da­ky oýun­çy «mi­lan­ly­lar» bi­len 4 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. 2020-nji ýyl­dan bä­ri «Mo­na­ko­da» oý­nap gel­ýän Fo­fa­na ge­çen möw­süm­de 32 oýun­da 4 gol ge­çi­rip, 4 go­luň pa­sy­ny ber­di.

«Mi­la­nyň» tä­ze oýun­çy­la­ry

Ita­li­ýa­nyň «Mi­lan» to­pa­ry Ang­li­ýa­nyň «Tot­ten­ham» to­pa­ryn­dan sag gy­ra­ky go­rag­çy Emer­son Ro­ýa­ly dü­zü­mi­ne goş­dy. 26 ýaş­ly oýun­çy­nyň trans­fer tö­le­gi 15 mil­li­on ýew­ro diý­lip kes­gi­ten­di. Bra­zi­li­ýa­ly oýun­çy «Mi­lan­da» 22-nji bel­gi­de oý­nar. Ýur­du­nyň «Pon­te Pre­ta» to­pa­ryn­da fut­bo­la baş­lan Emer­son «At­le­ti­ko Mi­nei­ro», «Be­tis», «Bar­se­lo­na» klub­la­ry­nyň köý­nek­çe­le­ri­ni hem geý­di. Emer­son «Tot­ten­ham­da» 3 möw­süm­de 101 oýun­da meý­dan­ça çyk­dy. Şeý­le-de, «Mi­lan» klu­by Fran­si­ýa­nyň «Mo­na­ko» to­pa­ryn­dan ýa­rym­go­rag­çy Ýus­suf Fo­fa­na­ny hem trans­fer et­di. Ital­ýan klu­by fran­si­ýa­ly oýun­çy üçin «Mo­na­ko» to­pa­ry­na 25 mil­li­on ýew­ro be­rer. 25 ýa­şyn­da­ky oýun­çy «mi­lan­ly­lar» bi­len 4 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. 2020-nji ýyl­dan bä­ri «Mo­na­ko­da» oý­nap gel­ýän Fo­fa­na ge­çen möw­süm­de 32 oýun­da 4 gol ge­çi­rip, 4 go­luň pa­sy­ny ber­di.

10 ýyl­dan soň ça­ga­lyk ýyl­la­ry­ndaky klu­buna do­lan­dy

Is­pa­ni­ýa­nyň Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da çem­pi­on bol­ma­gyn­da uly rol oý­nan Da­ni Ol­mo kar­ýe­ra­sy­ny özü­niň ça­ga­lyk ýyl­la­ryn­da oý­nan klu­bun­da, «Bar­se­lo­na­da» do­wam et­di­rer. 26 ýa­şyn­da­ky win­ger, mer­ke­zi ýa­rym­go­rag­çy «Bar­se­lo­na» bi­len 6 ýyl­lyk şert­na­ma gol çe­kiş­di. «Bar­se­lo­na» Da­ni Ol­mo­nyň trans­fe­ri üçin onuň öň­ki klu­bu­na, ýag­ny «Le­ip­sig» to­pa­ry­na 55 mil­li­on ýew­ro tö­lär. Ka­ta­lon­la­ryň goş­ma­ça 7 mil­li­on ýew­ro hem tö­leg et­me­li bol­ma­gy müm­kin. Baş­ga bir klub Ol­mo­ny «Bar­se­lo­na­dan» al­mak­çy bol­sa on­da 500 mil­li­on ýew­ro tö­le­me­li bo­lar. Da­ni Ol­mo pro­fes­sio­nal kar­ýe­ra­sy­na Zag­re­biň «Di­na­mo» klu­bun­da baş­lap, ol hor­wat to­pa­ry­nyň il­ki 2-nji klu­bun­da, soň­ra esa­sy to­pa­ryn­da je­mi 6 ýyl çy­kyş et­di. 2020-nji ýyl­da «Le­ip­si­ge» trans­fer bo­lan Ol­mo bu klub­da-da 4,5 möw­süm­de 148 oýun­da 29 gol ge­çir­di. Ol­mo ça­ga­lyk ýyl­la­ryn­da 1 möw­süm «Es­pan­ýol­da», soň­ra 7 ýyl­lap «Bar­se­lo­na­da» oý­na­dy. Ol­mo­nyň Is­pa­ni­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­syn­da 39 oýun­da 11 go­ly bar. 10 ýyl­dan soň kö­ne to­pa­ry­na do­la­nan Ol­mo «Bar­se­lo­na­da» 20-nji bel­gi­li köý­nek­çä­ni ge­ýer.

Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda täze möwsüm başlandy

«La Ligada» we «Serie A»-da 6 oýun deňlikde tamamlandy

Hepdäniň esasy duşuşyklary

23-nji awgust (anna) Borussiýa M – Baýer (23:30)

«Al­tyn asy­ryň» AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­sy 2-dä­ki bäs­deş­le­ri bel­li bol­dy

Tä­ze ady AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­sy 2 bo­lan (ozal­ky AFK Ku­bo­gy) ýa­ry­şyň saý­la­ma tap­gy­ryn­da ýe­ňiş ga­za­nyp, to­par­ça­la­ýyn tap­gyr­da çy­kyş et­mä­ge yg­ty­ýar alan «Al­tyn asy­ryň» bäs­deş­le­ri bel­li bol­dy. Il­deş­le­ri­miz bi­jä la­ýyk­lyk­da «B» to­par­ça düş­di. Ara­gat­na­şyk­çy­lar bu to­par­ça­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň «Al-Taa­wun», Yra­gyň «Al-Ku­wa Al-Ja­wi­ýa» hem-de Bah­reý­niň «Al-Hal­di­ýa» to­par­la­ry bi­len bi­je çe­kiş­di. To­par­ça­lar­da­ky du­şu­şyk­lar 17-nji sent­ýabr­da baş­lap, 5-nji de­kabr­da ta­mam­la­nar.

Kubok ýaryşynda çärýek finalyň 1-nji oýunlary

Fut­bol bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Ku­bo­gy­nyň tä­ze ýa­ry­şyn­da çär­ýek fi­na­lyň il­kin­ji du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di. 31-nji ge­zek ge­çi­ril­ýän ýa­ry­şyň çär­ýek fi­na­lyn­da ku­bo­gyň hä­zir­ki eýe­si «Ar­ka­dag» to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da «Şa­ga­dam» to­pa­ryn­dan 3–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Du­şu­şyk­da gol­la­ry Şan­aza­r Tir­kişow (26), Ars­lan­my­rat Ama­now (75) hem-de Al­ty­my­rat An­na­dur­dy­ýew (90+2) ge­çir­di. «Al­tyn asyr» bi­len «Mer­wiň» ara­syn­da­ky oýun­da-da ýer eýe­le­ri 3-1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. «Al­tyn asyr» to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Röw­şen Hal­mäm­me­dow (7, 30) bi­len My­rat An­na­ýew (63 p) der­we­zä gi­riz­di. «Merw» to­pa­ry­nyň ýe­ke-täk go­lu­ny bol­sa 73-nji mi­nut­da Ab­dy­re­sul Ab­dy­ýew öz ady­na ýaz­dyr­dy. «Ne­bit­çi» bi­len «Aş­ga­bat» to­par­la­ry­nyň ara­syn­da­ky oýun­da paý­tagt­ly­lar 2-1 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp, ýe­ňiş bi­len do­lan­dy­lar. Çe­ke­le­şik­li we dart­gyn­ly ge­çen oýun­da «Aş­ga­bat» to­pa­ry soň­ky mi­nut­lar­da öňe saý­lan­dy. 29-njy mi­nut­da Tir­kiş­my­rat Sa­ry­my­ra­do­wyň go­ly bi­len öňe ge­çen aş­ga­bat­ly­la­ryň der­we­ze­sin­den deň­lik go­lu­ny 45+2-nji mi­nut­da El­ýas Aky­ýew ge­çir­di. Oý­nuň 85-nji mi­nu­tyn­da bol­sa Şyh­ber­di Baý­na­za­row «Aş­ga­bat» to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren oýun­çy bol­dy. Du­şu­şyk­da 4-si soň­ky mi­nut­lar­da je­mi 6 fut­bol­ça sa­ry

3-nji aýlawa badalga berildi

Fut­bol bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li çem­pio­na­ty­nyň 3-nji aý­la­wy­na ba­dal­ga be­ril­di. «Ahal» – «Aş­ga­bat» du­şu­şy­gy bi­len baş­lan 3-nji aý­law­da, has ta­ky­gy, 19-njy tap­gyr­da ge­çi­ri­len 3 du­şu­şyk­da 11 gol ge­çi­ril­di. Sa­na­wyň li­de­ri «Ar­ka­dag» to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da «Şa­ga­dam» to­pa­ry­ny 5-1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Du­şu­şyk­da il­kin­ji bo­lup ha­sa­by myh­man­lar aç­dy. Oý­nuň 23-nji mi­nu­tyn­da Hy­dyr­gel­di Atja­now «Şa­ga­da­my» öňe saý­la­dy. 31-nji mi­nut­da Di­dar Dur­dy­ýew bel­le­nen 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­sy­ny dürs urup, ha­sa­by deň­le­di. 45-nji mi­nut­da Al­ty­my­rat An­na­dur­dy­ýew ta­pa­wut­la­nyp, ýer eýe­le­ri­ni öňe çy­kar­dy. 2-nji ýa­rym­da-da «Ar­ka­dag» to­pa­ry 3 gol ge­çir­di. Şol gol­la­ry 60-njy mi­nut­da Şa­na­zar Tir­ki­şow, 66-njy mi­nut­da Ars­lan­my­rat Ama­now hem-de 85-nji mi­nut­da Mir­za Bek­na­za­row öz at­la­ry­na ýaz­dyr­dy­lar.

Yklym ýaryşlarynyň bosagasynda

Şu ýylyň oktýabr we noýabr aýlarynyň sepgidinde ýurdumyzyň çempiony hem-de Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi «Arkadag» futbol topary ilkinji halkara synagyna çykar. Has takygy, 26-njy oktýabrdan 1-nji noýabra çenli aralykda ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäheriň adybir futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň duşuşyklaryna gatnaşar. Düýn Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherindäki ştab-kwartirasynda bu ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi. Bije çekişligiň netijesinde, ýurdumyzyň çempiony Kuweýtiň «Al-Arabi», Maldiw adalarynyň «Maziýa» hem-de Gyrgyzystanyň «Abdyş ata» toparlary bilen bilelikde «B» toparçany emele getirdi.

Sport

Türgenlerimiziň üstünligi Garaşsyz döwletimizde hormatly Prezidentimiziň sport syýasatynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işler üstünliklere beslenýär. Indi ýurdumyzda gurlup, ulanmaga berlen sport mekdeplerinde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan türgenleriň sany ýylsaýyn köpelýär. Şeýle guwançly ýagdaýa biziň sport mekdebimiziň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Mekdebimiziň türgenleriniň dürli ýaryşlardaky şowly çykyşlary yhlasymyzyň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär.

Ýeňişli ýol bilen

Ýakynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 19-njy tapgyrynda Aşgabat şäherindäki «Nusaý» stadionynda «Arkadag» hem «Şagadam» futbol toparlary duşuşdy. Oýun 5:1 hasabynda «akylly» şäheriň wekilleriniň peýdasyna tamamlandy. Arkadag şäheriniň adybir futbol topary 19 tapgyrda 17 duşuşyk geçirip, ählisinde-de ýeňiş gazanmagy başardy. Şeýle-de bu topar 51 utuk bilen ýaryş tertibiniň başyny çekmegini dowam etdirýär. Ýaryş tertibindäki iň ýakyn garşydaşy bolan «Altyn Asyr» futbol toparyndan 14 utuk ara açyp, «Arkadag» nobatdaky çempionlygyna barha ýakynlaşýar. «Arkadag» hem «Şagadam» futbol toparlary nobatdaky oýunlaryndan üç gün soň, öňňin Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň çärýek finalynyň ilkinji duşuşygynda-da garşylaşdylar. Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen nobatdaky oýunda hem «Arkadag» futbol topary garşydaşyny 3:0 hasabynda ýeňmegi başardy.

Öňde möhüm duşuşyklar

Çempionatymyzyň geçen ýyldaky möwsümini kümüş medal bilen tamamlan «Altyn Asyr» futbol topary yklymyň ikinji derejeli klublaýyn ýaryşynyň — AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2-niň saýlama tapgyryndan üstünlikli geçip, bu abraýly ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna çykmagy başardy. Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2-niň 2024/2025-nji ýyllary üçin bijeler çekildi. Bije çekişligiň netijesinde, umumylykda iki sebite bölünýän we her birinde dört topar bolan toparçalaryň sekizisi emele geldi. Şeýlelikde, «Altyn Asyr» «B» toparçada «Al-Taawun» (Saud Arabystany), «Eýr Fors» (Yrak), «Al-Haldiýa» (Bahreýn) toparlary bilen güýç synanyşar. Duşuşyklar şu ýylyň 17-nji sentýabry — 5-nji dekabry aralygynda geçiriler. Her topar öz meýdanynda üç, myhmançylykda hem şonça duşuşyk geçirer. Toparçada öňdäki iki orny eýelän toparlar ýaryşy dowam etdirer. Aziýa Futbol konfederasiýasynyň habaryna görä, «Altyn Asyr» toparynyň ýerli duşuşyklary Aşgabat şäherindäki «Köpetdag» stadionynda geçiriler. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary ilkinji duşuşygyny 2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda myhmançylykda Yragyň «Eýr Forsuna» garşy geçirer. Bu toparlaryň eýýäm 2018-nji ýylda Yragyň Basra şäherinde AFK Kubogynyň finalynda hem duşuşandyklary bellärliklidir. 2-nji oktýabrda geçiriljek ikinji tapgyrda Türkmenistanyň wise-çempiony «Köpetdag» stadionynda Bahreýniň «Al-Haldiýa»

Welosiped sporty — sagdynlygyň kepili

Sportuň iň meşhur görnüşleriniň biri bolan welosiped sporty jemgyýetçilik ösüşinde ilatyň saglygyny goramakda uly ähmiýete eýedir. Adam saglygynyň we umumy fiziki ösüşiniň gowulanmagynyň açary hasaplanýan welosiped sporty ýurdumyzda giň gerime eýe bolýar. Hemmeler üçin elýeterli bolan bu ulag ekologik taýdan örän peýdaly. Ömürlere rahatlyk berýän bu ulaga atlanyp, tämiz howada tebigat gözelliklerine syn edeniňde, täze dünýäni açýarsyň. Ol sagdynlygyň, berk bedenliligiň, şähdaçyklygyň, şadyýanlygyň dünýäsi. Welosiped sürmek bilen meşgullanylanda, dem alyş, nerw ulgamy, gözüň görüjiligi gowulanýar. El-aýak süňkleriň kuwwatlanyp, bedendäki artykmaç ýaglar aýrylýar, myşsalar has bekäp, beden güýç toplaýar. Adam üçin dünýäde bahasyna ýetip bolmajak iň gymmatly baýlyk saglykdyr. Eger-de welosipedi özüňize hemra edinseňiz, kesel golaýyňyza-da gelmez.

Eşretli ýaşaýşyň sakasy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde ösüşlere beslenýän täze taryhy eýýamda halkymyzyň saglygyny goramakda uly üstünlikler gazanylyp, munda köpçülikleýin bedenterbiýedir sport mynasyp orun eýeleýär. Röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň sportuň dürli ugurlary boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri, kämilleşmekleri, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermekleri üçin ýurdumyzda ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Ynsan saglygynyň ähli zatdan belentde tutulýan döwründe eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň has-da rowaçlanmagy, türkmen sportunyň ösmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler dünýä nusgalykdyr. Milli sportuň ösmegi köpçülikleýin bedenterbiýeden başlanýar. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kadalaryny berjaý etmäge hem-de sporta we köpçülikleýin bedenterbiýä bolan höwesiň barha artýandygyny, bu babatda alnyp barylýan işleriňem gitdigiçe rowaçlanýandygyny bellemek ýakymlydyr. Ýurdumyzda geçirilýän medeni-sport çäreleriniň, ýaryşlaryň ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmeklerinde örän uly ähmiýeti bar. Ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň her biriniň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň saglygyny goramakda we berkitmekde, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sport bilen hemişelik meşgullanmaklaryny gazanmakda alnyp barylýan döwletli tutumlaryň dowamat-dowam bolýa