Öňde möhüm duşuşyklar

22 Awgust 2024
113

Çempionatymyzyň geçen ýyldaky möwsümini kümüş medal bilen tamamlan «Altyn Asyr» futbol topary yklymyň ikinji derejeli klublaýyn ýaryşynyň — AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2-niň saýlama tapgyryndan üstünlikli geçip, bu abraýly ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna çykmagy başardy. Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2-niň 2024/2025-nji ýyllary üçin bijeler çekildi. Bije çekişligiň netijesinde, umumylykda iki sebite bölünýän we her birinde dört topar bolan toparçalaryň sekizisi emele geldi. Şeýlelikde, «Altyn Asyr» «B» toparçada «Al-Taawun» (Saud Arabystany), «Eýr Fors» (Yrak), «Al-Haldiýa» (Bahreýn) toparlary bilen güýç synanyşar.

Duşuşyklar şu ýylyň 17-nji sentýabry — 5-nji dekabry aralygynda geçiriler. Her topar öz meýdanynda üç, myhmançylykda hem şonça duşuşyk geçirer. Toparçada öňdäki iki orny eýelän toparlar ýaryşy dowam etdirer. Aziýa Futbol konfederasiýasynyň habaryna görä, «Altyn Asyr» toparynyň ýerli duşuşyklary Aşgabat şäherindäki «Köpetdag» stadionynda geçiriler. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary ilkinji duşuşygyny 2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda myhmançylykda Yragyň «Eýr Forsuna» garşy geçirer. Bu toparlaryň eýýäm 2018-nji ýylda Yragyň Basra şäherinde AFK Kubogynyň finalynda hem duşuşandyklary bellärliklidir. 2-nji oktýabrda geçiriljek ikinji tapgyrda Türkmenistanyň wise-çempiony «Köpetdag» stadionynda Bahreýniň «Al-Haldiýa» toparyna garşy meýdança çykar. Soňra türkmenistanly futbolçylar «Al-Taawun» topary bilen 23-nji oktýabrda Saud Arabystanynda, 6-njy noýabrda bolsa Aşgabat şäherinde duşuşar. 5-nji tapgyryň çäginde «Altyn Asyr» topary 27-nji noýabrda öz meýdançasynda «Eýr Fors» topary bilen oýnar. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryny 4-nji dekabrda myhmançylykda «Al-Haldiýa» (Bahreýn) toparyna garşy duşuşygy bilen tamamlar.

Allanur ÇARYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar