Ýeňişli ýol bilen

22 Awgust 2024
95

Ýakynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 19-njy tapgyrynda Aşgabat şäherindäki «Nusaý» stadionynda «Arkadag» hem «Şagadam» futbol toparlary duşuşdy. Oýun 5:1 hasabynda «akylly» şäheriň wekilleriniň peýdasyna tamamlandy. Arkadag şäheriniň adybir futbol topary 19 tapgyrda 17 duşuşyk geçirip, ählisinde-de ýeňiş gazanmagy başardy. Şeýle-de bu topar 51 utuk bilen ýaryş tertibiniň başyny çekmegini dowam etdirýär. Ýaryş tertibindäki iň ýakyn garşydaşy bolan «Altyn Asyr» futbol toparyndan 14 utuk ara açyp, «Arkadag» nobatdaky çempionlygyna barha ýakynlaşýar.

«Arkadag» hem «Şagadam» futbol toparlary nobatdaky oýunlaryndan üç gün soň, öňňin Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň çärýek finalynyň ilkinji duşuşygynda-da garşylaşdylar. Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen nobatdaky oýunda hem «Arkadag» futbol topary garşydaşyny 3:0 hasabynda ýeňmegi başardy.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar