10 ýyl­dan soň ça­ga­lyk ýyl­la­ry­ndaky klu­buna do­lan­dy

23 Awgust 2024
124

Is­pa­ni­ýa­nyň Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da çem­pi­on bol­ma­gyn­da uly rol oý­nan Da­ni Ol­mo kar­ýe­ra­sy­ny özü­niň ça­ga­lyk ýyl­la­ryn­da oý­nan klu­bun­da, «Bar­se­lo­na­da» do­wam et­di­rer. 26 ýa­şyn­da­ky win­ger, mer­ke­zi ýa­rym­go­rag­çy «Bar­se­lo­na» bi­len 6 ýyl­lyk şert­na­ma gol çe­kiş­di. «Bar­se­lo­na» Da­ni Ol­mo­nyň trans­fe­ri üçin onuň öň­ki klu­bu­na, ýag­ny «Le­ip­sig» to­pa­ry­na 55 mil­li­on ýew­ro tö­lär. Ka­ta­lon­la­ryň goş­ma­ça 7 mil­li­on ýew­ro hem tö­leg et­me­li bol­ma­gy müm­kin. Baş­ga bir klub Ol­mo­ny «Bar­se­lo­na­dan» al­mak­çy bol­sa on­da 500 mil­li­on ýew­ro tö­le­me­li bo­lar. Da­ni Ol­mo pro­fes­sio­nal kar­ýe­ra­sy­na Zag­re­biň «Di­na­mo» klu­bun­da baş­lap, ol hor­wat to­pa­ry­nyň il­ki 2-nji klu­bun­da, soň­ra esa­sy to­pa­ryn­da je­mi 6 ýyl çy­kyş et­di. 2020-nji ýyl­da «Le­ip­si­ge» trans­fer bo­lan Ol­mo bu klub­da-da 4,5 möw­süm­de 148 oýun­da 29 gol ge­çir­di. Ol­mo ça­ga­lyk ýyl­la­ryn­da 1 möw­süm «Es­pan­ýol­da», soň­ra 7 ýyl­lap «Bar­se­lo­na­da» oý­na­dy.

Ol­mo­nyň Is­pa­ni­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­syn­da 39 oýun­da 11 go­ly bar. 10 ýyl­dan soň kö­ne to­pa­ry­na do­la­nan Ol­mo «Bar­se­lo­na­da» 20-nji bel­gi­li köý­nek­çä­ni ge­ýer.

Beýleki habarlar