Yklym ýaryşlarynyň bosagasynda

23 Awgust 2024
126

Şu ýylyň oktýabr we noýabr aýlarynyň sepgidinde ýurdumyzyň çempiony hem-de Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi «Arkadag» futbol topary ilkinji halkara synagyna çykar. Has takygy, 26-njy oktýabrdan 1-nji noýabra çenli aralykda ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäheriň adybir futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň duşuşyklaryna gatnaşar.

Düýn Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherindäki ştab-kwartirasynda bu ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi. Bije çekişligiň netijesinde, ýurdumyzyň çempiony Kuweýtiň «Al-Arabi», Maldiw adalarynyň «Maziýa» hem-de Gyrgyzystanyň «Abdyş ata» toparlary bilen bilelikde «B» toparçany emele getirdi.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar