Welosiped sporty — sagdynlygyň kepili

21 Awgust 2024
138

Sportuň iň meşhur görnüşleriniň biri bolan welosiped sporty jemgyýetçilik ösüşinde ilatyň saglygyny goramakda uly ähmiýete eýedir. Adam saglygynyň we umumy fiziki ösüşiniň gowulanmagynyň açary hasaplanýan welosiped sporty ýurdumyzda giň gerime eýe bolýar. Hemmeler üçin elýeterli bolan bu ulag ekologik taýdan örän peýdaly. Ömürlere rahatlyk berýän bu ulaga atlanyp, tämiz howada tebigat gözelliklerine syn edeniňde, täze dünýäni açýarsyň. Ol sagdynlygyň, berk bedenliligiň, şähdaçyklygyň, şadyýanlygyň dünýäsi.

Welosiped sürmek bilen meşgullanylanda, dem alyş, nerw ulgamy, gözüň görüjiligi gowulanýar. El-aýak süňkleriň kuwwatlanyp, bedendäki artykmaç ýaglar aýrylýar, myşsalar has bekäp, beden güýç toplaýar. Adam üçin dünýäde bahasyna ýetip bolmajak iň gymmatly baýlyk saglykdyr. Eger-de welosipedi özüňize hemra edinseňiz, kesel golaýyňyza-da gelmez.

Narmat RAJAPOW,
Şabat etrap hassahanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar