Lukmançylyk ylmy taryhy çeşmelerde
Merkezi Aziýa ylmyň we medeniýetiň gadymy ojaklarynyň biridir. Bu toprakda belli taryhçylar, matematikler, geograflar, botanikler we astronomlar ýaşapdyrlar we ylym öwrenipdirler. Olar adamzat medeniýetiniň ösmegine saldamly goşant goşupdyrlar. Taryhy çeşmeleriň şaýatlyk etmegine görä, halkymyzyň arasyndan çykan lukmanlara «atasagunlar» diýip at beripdirler. Gündogarşynas, akademik W.W.Bartoldyň bellemegine görä, bu sözüň emele gelmeginde gadymy «ata» sözüniň bolmagy türkmen maşgalasyndan çykan lukmany aňladypdyr. Türkmenler geçmişde «ata» sözüni dürli manyda ulanypdyrlar. Oguz iliniň atly-abraýly, akylly, aksakgallaryna, serkerdelerine «atabeg» diýipdirler. Türkmenlerde «ata» sözi bilen baglanyşykly gelen at derejäni aňladypdyr. Sözüň ikinji goşulmasy «sagun» orta asyrlaryň belli şahsyýeti Ýusup Balasagunlynyň adynda saklanyp galypdyr.