''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Bir etrapdan iki habar

Ýaz ekişine ykjam taýýarlyk Köneürgenç etrabynyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň işçi-hünärmenleri ýaz ekişinde ulanyljak gurallary birkemsiz abatlamak işlerini gyzgalaňly dowam etdirýärler. Abatlaýjy ussalar her bir guralyň talabalaýyk bejerilmegi, möwsümde saz işledilmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Göreldeli ussalardan Sapargeldi Togalakow, Gafur Abdullaýew, Bäşbaý Janmedow dagyny görkezmek bolar. Kärhananyň jogapkär işgärleri her bir guralyň gurat bolmagyna berk gözegçilik edip, degerli maslahatlaryny berýärler. Şonuň netijesinde, möwsümde ulanyljak ekijileriň 82, boronalaryň 824, malalaryň 92, kultiwatorlaryň 189, derman pürküjileriň 67 sanysynyň öz wagtynda, ýokary hilli abatlanylmagyna şert döredilýär. Şeýle hem tehniki hyzmat ediş kärhanasyna degişli dürli kysymly traktorlaryň ýüzlerçesine zerur tehniki hyzmat edilýär. Ýazky ekiş möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagy ekişiň bellenen wagtda geçirilmegine mümkinçilik berer.

Bereket çeşmesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz suw hojalyk işgärleriniň öňünde ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen ýeterlik üpjün etmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda möhüm wezipeleri goýýar. Ýurdumyzyň oba hojalygynyň esasy ugurlarynda, ýagny pagtaçylykda, gallaçylykda, gök ekerançylykda alnyp barylýan işleriň netijeli bolmagynda, topragyň hasyllylygynyň ýokarlanmagynda suw hojalykçylaryň amala aşyrýan çäreleriniň ähmiýeti örän uludyr. Şeýlelikde, welaýatymyzyň suw hojalyk ulgamynda hem bu ugurda alnyp barylýan işler ýylyň ähli döwründe öndürijilikli dowam etdirilýär. Munuň şeýledigine biz «Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň baş inženeri Mämetoraz Babajanow bilen gürrüňdeş bolanymyzda has aýdyň göz ýetirdik. — Mälim bolşy ýaly, welaýatymyzyň esasy suw çeşmesi Amyderýa bolup, ondan Türkmenderýa, Hanýap, Gylyçbaý, Jumabaý saka suwaryş akabalary arkaly suw alynýar. Türkmenderýadan gözbaş alýan sakalary bolsa Şabat, Şasenem, Gazawat akabalarydyr. Welaýatymyzyň çäginden akyp geçýän döwletara Kölli, Döwdan, Maňňyt, Çagat-Atabent we Baş Köneürgenç şor suw akabalarynda gazmak, gyrmançalardan arassalamak işleri yzygiderli geçiri

Kärhananyň önümçiligi artýar

Welaýat merkeziniň ilatyny çörek we çörek önümleri bilen bökdençsiz üpjün edýän «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Daşoguz çörek kärhanasynyň agzybir işgärleri geçen ýyly uly üstünlikler bilen jemläp, Täze — 2024-nji ýyla ruhubelentlik bilen gadam basdylar. Häzirki wagtda bu ýerde saçaklaryň bezegi bolan çörek önümleriniň 40-dan gowrak görnüşi öndürilýär. Mürepbeli bulkalara, galypda bişirilen çöreklere, hut öýdäki tamdyrda ýapylan ýaly tagamly nanlara şäher ilaty tarapyndan uly isleg bildirilýär. Bu kärhana welaýatda iň baýry senagat kärhanalarynyň biri hasaplanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kärhananyň tutuş durkuny, öňden hereket edýän enjamlaryny doly täzelemek, düýpli abatlamak, bölümleriň çägini giňeltmek boýunça utgaşykly işler geçirildi. Gysga wagtyň içinde kärhananyň önümçilik ulgamlaryna daşary ýurt kompaniýalarynyň öňdebaryjy, ýokary öndürijilikli tehnologiýalary ornaşdyryldy.

Zähmet sowgatlary bilen garşyladyk

Ýurdumyzyň günorta-gündogar sebiti bolan Mary welaýatynda şugundyr ekininden bol hasyl almakda köplere görelde bolýan daýhanlar näçe diýseň bar. Şolaryň biri hem Baýramaly etrabynyň «Täze ýol» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hydyr Ataýew. Biz sahawatly toprakdan bol hasyl alýan daýhanyň daýhançylyk işleri bilen gyzyklananymyzda ussat kärendeçi bize şeýle gürrüň berdi: — «Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýlişi ýaly, ene topraga yhlas etseň, ol seni hor edenok. Şonuň üçin biziň kärendeçi maşgalamyz özüniň eýelik edýän 10 gektara golaý kärende ýerinde «däne — gant şugundyry — gowaça» ekin dolanyşygyna ýylyň-ýylyna uly üns berip, gowy girdeji gazanýar. «Dile geldi, bile geldi» diýlişi ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň oba hojalykçylar üçin, şol sanda biziň maşgalamyz üçin hem iň düşewüntli ýyllaryň biri bolandygyny guwanç bilen belläsim gelýär. Däne öndürmekde, gowaça ýetişdirmekde we beýleki oba hojalyk önümlerinden bol hasyl almakda gowy netijeler gazanylyp, daýhanlaryň, bagbanlaryň, ekerançylaryň girdejileri öňküdenem artdy. Şol üstünliklerde biziňem mynasyp goşandymyzyň bardygy diýseň begendirýär. Sebäbi 2023-nji ýylda gazanylan görkezijilere ser salyp, çeken zähmetimiziň ýerine düşendigine, girdejilerimiziň a

Täze gözýetimleri nazarlap...

Geçen ýylyň netijeleri hem-de luw ýylynda meýilleşdirilýän işler, wezipeler hakda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň Obasenagat toplumy we balykçylyk boýunça maslahatçysy, oba hojalyk ylymlarynyň doktory Şamyrat Herremow bilen söhbet. — Şamyrat aga, söhbedi arzuwdan başlaly. Täze ýylyňyz gutly bolsun! Gapymyzdan giren luw ýyly il-günümize bagt, ýurdumyza abraý, topragymyza bereket getirsin! Adatça, täze ýyla gadam goýlanda, yza nazar aýlap, taryhda galan ýylda edilen işlere ser salmak ýakymly bolýar.

Eýran oba hojalyk önümleriniň eksportyny artdyrýar

BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) soňky hasabatynda Eýranyň 2022-nji ýylda oba hojalyk önümleriniň 11 görnüşini eksport etmekde dünýäniň iň öňdebaryjy 10 ýurdunyň hataryna girendigini aýtdy. Hasabatda Eýranyň dünýäde azyk üpjünçiliginde möhüm orny eýeleýändigi we dünýädäki iň uly azyk eksport edijileriň hatarynda durýandygy görkezilýär. FAO EYR-nyň 2022-nji ýylda dünýäde iň uly injir eksport ediji ýurt bolandygyny we beýleki ýurtlara garanyňda, 12 müň tonna ýokary hilli injiri artyk eksport edendigini, ikinji we üçünji orunda bolsa Awstriýanyň we Özbegistanyň durandygyny belleýär. Eýran pisse we hurma eksport etmekde 2022-nji ýylda dünýäde ikinji orny eýeledi. Maglumatlara görä, Eýran 2022-nji ýylda 45 müň tonnadan gowrak ýokary hilli pisse eksport eden bolsa, ABŞ 238 müň tonna pisse eksport etdi. 2022-nji ýylda EYR-sy 269 müň tonna hurma eksport etdi, Yrak bolsa 2022-nji ýylda 274 müň tonna hurma eksport etdi. Şeýle hem, Eýran 2022-nji ýylda dünýäde 375 müň tonna garpyz eksport edip, bu ugurda dünýäniň üçünji eksportçysy boldy.

2024-nji ýyl üçin dünýäniň azyk bazary boýunça çaklamalar

2023-2024-nji ýylky oba hojalyk möwsüminiň jemleri boýunça dünýäniň azyk senagatynda bugdaýyň we şekeriň öndürilişiniň birneme azalmagyna, ýagly ösümlikleriň, et we süýt önümleriniň bolsa artmagyna garaşylýar. Bu barada Özbegistanyň Makroykdysadyýet we sebitleýin gözlegler institutynyň BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň maglumatlaryna salgylanyp taýýarlan çaklamasynda bellenilýär. 2023-2024-nji oba hojalyk ýylynyň jemi boýunça alnan bugdaý hasylynyň 758,1 million tonna bolmagyna garaşylýar. Bu görkeziji geçen möwsümden 2,2 göterim azdyr. Emma bilermenler alnan bugdaý hasylynyň bar bolan zerurlyklary ozalky derejede kanagatlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini belleýärler. Dünýä derejesinde öndürilen bugdaýyň möçberiniň azalmagyna Russiýa, Awstraliýa, Gazagystan we Kanada ýaly bu ugurdaky öňdebaryjy döwletlerde 2022-nji ýyldaky rekord görkezijilerden soňra hasylyň belli bir derejede azalmagy täsir eder. Ýöne muňa garamazdan, Argentina, Hindistan we ABŞ-da öndürilýän bugdaýyň artmagyna garaşylýar.

Russiýada soýa önümçiligi ýokarlanýar

Russiýaly daýhanlar 2023-nji ýylyň dowamynda rekord mukdarda soýa hasylyny almagy başardylar. Has takygy, 2023-nji ýylyň jemleri boýunça Russiýada bu ekiniň 6,7 million tonnasy ýygnaldy. Bu görkeziji 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 0,7 million tonna köpdür. Russiýa Federasiýasynyň Oba hojalyk ministrliginiň maglumatlaryna görä, ýurtda soýa ekilýän meýdanlar soňky 10 ýylyň dowamynda 2,3 göterim artyp, 1,5 million gektar bolanlygyndan 3,5 million gektara çenli artypdyr. Munuň özi soýa we ondan alynýan önümlere bolan islegiň ýokary bolmagy bilen baglydyr.

Arzyly törüň bezegi

Bu öňräk bolup geçen waka. Daşardan gelen agtyjagym bir çogdam gazeti elime tutdurdy. Olaryň arasyndan «Türkmenistan» gazetini alyp, endigime görä, ýurdumyzda bolup geçýän wakalar, täzelikler bilen tanyşmaga durdum. Birdenkä türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň hem-de molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky hoş habara gözüm düşdi. Şol pursat gözüm gazet sahypasynda bolsa-da, oý-hyýalym Kerki etrabyndan ussat ýüpekçi Ogulsabyr Pygamowa baradady. «Sabyr daýza habarlymyka?!» diýip oýlanýardym. Il arasynda «Sabyr ýüpekçi» diýlip tanalansoň, menem oňa «Sabyr daýza» diýip ýüzlenýärdim. Öň gabatlaşyp, gürrüňdeş bolamsoň, Sabyr daýzanyň el telefonynyň belgisini belläp goýupdym. Mahal-mahal jaňlaşyp, hal-ahwalyny sorap durýardym. Dessine aýladym. Adatdaky ýaly, aňyrdan mähriban ses eşidildi. Saglyk-amanlykdan soň habarymy aýtdym. Sabyr daýza: «Habarym bar, Rozgeldi jan. Gazetden okap, ilki bilen, agtyklarym buşlady. Köp sag bol, oglum! Diýseň begendim. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, ene-mamalarymyzdan dowam bolup gelýän ýüpekçilik senediniň dünýä ýüzünde ykrar edilmesidir

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

SÜRÜM — BEJERGINIŇ ÖZENI Meýdanda ekinleriň hasyly ýygnalandan soň, geljekki ekişe taýýarlamak maksady bilen toprak bejergisi geçirilýär. Ýeri gurplandyrmagyň esasy şertleriniň biri hem sürüm işini wagtynda geçirmekden ybaratdyr. Ekinleriň hasyly ýygnalandan soň, geljekki hasyla taýýarlamak üçin sürümiň geçirilmeginiň ähmiýeti, diýseň, uludyr. Toprak sürlüp, ýer agdarylýar, ýumşaýar we demini alýar. Bu babatynda hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlardan kuwwatly, ýokary iş öndürijilikli tehnikalary satyn alyp berýär.

Täzelik

«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginde işler ýokary guramaçylykly dowam edýär. Bu ýerde şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynyň önümçilik meýilnamasy 101,1 göterim berjaý edildi. Geçen on bir aýda kärhana boýunça 47 müň 200 tonna un öndürmek meýilleşdirilipdi. Bu görkeziji 47 müň 680 tonna ýetirildi. Şeýle-de ýarma önümleriniň 4 müň 986 tonnasy öndürildi. Onuň 3 müň 656 tonnasy tüwi, 1 müň 330 tonnasy bolsa bugdaý ýarmasydyr. Degişli döwürde öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi 43 million 169 müň 544 manatlyga deň boldy. Ösüş depgini 100,9 göterime barabar boldy.

Sürüm guramaçylykly barýar

Ak bugdaý etrabynyň oba zähmetkeşleri gowaça hasylyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirýärler. Ýerleri geljekki hasyl üçin ekişe öz wagtynda taýýarlamakda häzirki meýdan işleriniň ähmiýetiniň uludygyna oňat düşünýän daýhanlar sürümiň ýokary hilli alnyp barylmagyna jogapkärli çemeleşýärler. Etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň, M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň, “Ak üzüm”, “Üzümli toprak” daýhan hojalyklarynyň sürüm işleri has guramaçylykly ýola goýlupdyr. Sürümde ýokary öndürijilikli traktorlariň bökdençsiz işledilmegi gazanylýar. Bu ugurda tejribeli mehanizatorlaryň çekýän tutanýerli zähmeti aýratyn bellärliklidir.

Finlýandiýada dänesiz, emeli kofe ýasaldy

Fin alymlary barlaghana şertlerinde kofe agajyndan kofe öýjügini döretdiler. Alymlaryň bellemegine görä, emeli usul bilen döredilen kofäniň tagamy 80 göterim adaty kofäniň tagamyny berýär. Bu synag Fin döwlet ylmy-barlag merkeziniň (VTT) alymlary tarapyndan üstünlikli geçirildi. Täze önüm «Beanless Coffee» adyny aldy. Seljeriş işiniň ýolbaşçysy Haýko Rişer: «Şeýle kofe taýýarlamak üçin birnäçe täze tehnologiýalar gerek bolar. Sebäbi kofe lazer şöhleleri arkaly gowrulýar» diýip düşündirýär. Synagyň şowly geçendigine garamazdan, täze önüme azyk önüminiň derejesi alynýança 4 ýyl töweregi wagt gerek bolar. Alymlar bolsa emeli kofäniň önüm öndürijilerde uly gyzyklanma döretjekdigine umyt edýärler.

Ene ýerden döwlet tapan

Gojaman Jeýhunyň sag kenaryny etekläp oturan Hojambaz etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hatam Babanyýazow ýaşdygyna garamazdan, obada «ýeriň dilini tapýan» daýhanlaryň hatarynda tanalýar. Ol ata kesbini ýöredip, üstümizdäki ýylda 30 gektar bugdaý ýerinden 140 tonna galla, 15 gektar gowaça meýdanyndan 60 tonna «ak altyn», 6 gektar şaly meýdanyndan hem 40 tonna hasyl ýygnamagy başardy. Ol mundan başga-da bugdaýdan boşan meýdanlara künji, dary, mäş, mekgejöwen ýaly aralyk ekinleri ekýär. Eklenç çeşmesini ene ýerden, päk zähmetden tapan Hatama we onuň maşgalasyna daýhançylykdan döwlet tapan diýsek ýalňyşdygymyz bolmaz.

Ýurdumyzyň azyk bolçulygyna goşant

ZÄHMETDEN RYSGAL TAPAN “Zähmet soňy — rehnet” diýip, abadan durmuşyň, bereket-bolçulygyň gözbaşynyň halal zähmetdedigini ündän parasatly danalarymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerýän döwürdeşlerimiz çekýän päk zähmetleriniň hözirini görüp, eşretli günleriň saýasynda sapaly durmuşda ýaşaýarlar. Bolelin ýaşaýşyň düýp özeniniň zähmetdedigine, ýerdedigine, suwdadygyna gowy düşünip, dürli görnüşli ekinlerden bol hasyl almagyň ussady bolup ýetişen telekeçiniň biri-de Sakarçäge etrabynyň Gyzylgum geňeşliginiň Mawy-Teber obasynyň ýaşaýjysy Serdar Nepesowyň agzybir maşgalasydyr. Hususy mellek ýerinde döwrebap ýyladyşhanalarda dürli ekinleri ekip, päk zähmeti bilen bol hasyl almagy özlerine kesp-kär edinen bu janypkeş maşgala agzalary sanlyja ýylyň içinde “Uzadan ýerine eli ýetýär” diýilýän maşgala boldy.

Gant şugundyry ýygnalýar

Welaýatymyzyň daýhan birleşikleriniň we daýhan hojalyklarynyň ekerançylary bugdaýyň, pagtanyň bereketli hasyllaryny ýetişdirmek bilen birlikde ýylyň aralyk ekini bolan gant şugundyrynyň köp mukdaryny öndürmekde hem tapawutly netijeleri gazanýarlar. Bu datly önümi Baýramaly etrabynyň ýer eýeleri-de göz öňünde tutulan tonnalardan has köp kemala getirýärler. Ýurdumyzyň her bir şanly toý-baýramlaryny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylaýan işeňňir adamlar şu günler gant şugundyryny ýygmaklygy guramaçylykly dowam etdirýärler. Etrabyň “Täze ýol” daýhan birleşiginiň golaýynda hasylyň 2-nji kabul ediş nokady ýerleşýär. Onuň baş çekimçisi Nurmyrat Seýidowyň aýdyşy ýaly, bu ýere etrabyň gant şugundyryny ýetişdirýän daýhan birleşiklerinden hem-de daýhan hojalyklaryndan ýygylýan hasyl tabşyrylýar. Onuň gündelik kabul edilýän möçberi 200 tonna barabar bolýar. Bu ýerde daýhanlaryň getiren datly önümi ýük terezisinde ölçenilip, onuň eýelerine doly maglumatlar gowşurylýar. Nokada tabşyrylan hasyl bolsa günübirin “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň zawodyna daşalýar. Önümi daşamakda bu kärhananyň kuwwatly ýük awtoulaglary bökdençsiz işledilýär. Gant şugundyryny köp tabşyrmakda “Täze ýol”, “Türkmenistan”, “Täze durmuş” da

Maldarlaryň gyş aladalary

«Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýleni. Gyş möwsüminde üýtgäp durýan howa şertleri bilen baglylykda maldarlaryň jogapkärçiligi artýar. Bäherden etrabynyň maldarlary hem bu gün mallary dok we ýyly gyşlatmagy gazanýarlar. Etrabyň maldarlarynyň gyş üçin tomus paslyndan başlap ýeterlik ätiýaçlyk ot-iým gorlaryny döretmekleri we beýleki taýýarlyk işleri möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şu günler etrabyň dowarlaryny gyşlatmak Merkezi Garagumuň gyş döwründe amatly bolan ýaýlalarynda geçirilýär. Mallar üçin oňaýly örüleriň saýlanyp alynmagy, daýhan birleşikleri tarapyndan çarwalaryň hal-ýagdaýlary bilen günde-günaşa gyzyklanyp durulmagy mallaryň oňat hilli gyşlamagyna uly ýardam berýär.

Oba hojalygy ylmy taýdan kämilleşdirilýär

Häzirki döwürde ýurdumyzda oba hojalyk ekinleri bolan däneçilik we pagtaçylyk bilen bir hatarda, gök ekerançylyk, miweçilik, bakjaçylyk, şol sanda üzümçilik, bagçylyk ýaly ekinler halkymyz üçin esasy azyk çeşmesi bolup hyzmat edýär. Şoňa görä-de,hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ekerançylykda tohumçylygyň hil derejesini ýokarlandyrmakda, ekologiýa taýdan arassa azyk bolçulygyny döretmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Agrosenagat pudagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşýar. Şol sebäpden ýurdumyzda hereket edýän ýokary okuw mekdepleriniň oba hojalygyny ylmy taýdan ösdürmek babatda alyp barýan işleri, ylmy-barlag institutlarynyň hünärmenleriniň goşýan goşandy uludyr. Tohumçylyk işini alyp barmak, ekerançylyga edilýän agrotehniki idegleri kämilleşdirmek, suwaryş ulgamynda täzeçil usullary synagdan geçirmek, durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini has hem kämilleşdirmek oba hojalyk işgärleriniň mukaddes borjy bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, ileri tutulýan bu ulgamda sebit we halkara, mundan başga-da, GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň giňelmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Alnyp barylýan köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutýa

Näçe diýseň, nygmat bardyr...

Halkymyz gadymy döwürlerden bäri her bir toý-baýramynyň saçaklaryny naz-nygmata besläp, birnäçe gije-gündizläp toýlamagy özleriniň milli däp-dessuryna öwrüpdirler. Bosaga-da hem ulyň-kiçiň uly höwes, ýagşy arzuw-niýetler bilen garaşýan Täze ýyl baýramy. Bu baýramy uly üstünlikler, geljek ýyly oňat arzuwlar bilen garşylamak her bir maşgalanyň uly aladasy. Şu günler gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Arkadag şäherinde, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hemmeleriň söýgüli baýramy bolan Täze ýyly mynasyp garşylamak maksady bilen, giň gerimli taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Onuň çäklerinde ilata edilýän hyzmatlaryň derejesine we hiline möhüm ähmiýet berilýär. Şu aýdylanlardan ugur alyp, dükanlarda, bazarlarda harytlaryň elýeterli bahalardan üpjün edilmegi wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Bol hasylyň düýbi tutulýar

Balkan welaýatynyň oba hojalyk işgärleri döwlet harmanyna dänäni, «ak altyny», gök-bakja önümlerini tabşyrmakda ýokary görkezijilere eýe bolmak bilen, bellenilen şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmegi başarýarlar. Şu ýyl welaýatyň Magtymguly etrabynyň ussat kärendeçileri Watan harmanyna dänäniň bol hasylyny tabşyryp, ýokary üstünlikler gazandylar. Esasan-da, Gyzylarbat etrabynyň çägindäki Garagum derýasynyň boýunda ýerleşýän ekin meýdanlarynda işler talabalaýyk ýola goýuldy. Tejribeli oba hojalyk işgärleri Şöhrat Hojagylyjow, Arslan Garajaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän «Daýhan ädim» daýhan hojalygynyň kärendeçileri ýylyň-ýylyna şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen tabşyrmakda köplere görelde bolýarlar.