Bir etrapdan iki habar

3 Ýanwar 2024
577

Ýaz ekişine ykjam taýýarlyk

Köneürgenç etrabynyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň işçi-hünärmenleri ýaz ekişinde ulanyljak gurallary birkemsiz abatlamak işlerini gyzgalaňly dowam etdirýärler. Abatlaýjy ussalar her bir guralyň talabalaýyk bejerilmegi, möwsümde saz işledilmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Göreldeli ussalardan Sapargeldi Togalakow, Gafur Abdullaýew, Bäşbaý Janmedow dagyny görkezmek bolar. Kärhananyň jogapkär işgärleri her bir guralyň gurat bolmagyna berk gözegçilik edip, degerli maslahatlaryny berýärler. Şonuň netijesinde, möwsümde ulanyljak ekijileriň 82, boronalaryň 824, malalaryň 92, kultiwatorlaryň 189, derman pürküjileriň 67 sanysynyň öz wagtynda, ýokary hilli abatlanylmagyna şert döredilýär. Şeýle hem tehniki hyzmat ediş kärhanasyna degişli dürli kysymly traktorlaryň ýüzlerçesine zerur tehniki hyzmat edilýär. Ýazky ekiş möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagy ekişiň bellenen wagtda geçirilmegine mümkinçilik berer.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TAP-nyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar