Bereket çeşmesi

3 Ýanwar 2024
465

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz suw hojalyk işgärleriniň öňünde ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen ýeterlik üpjün etmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda möhüm wezipeleri goýýar. Ýurdumyzyň oba hojalygynyň esasy ugurlarynda, ýagny pagtaçylykda, gallaçylykda, gök ekerançylykda alnyp barylýan işleriň netijeli bolmagynda, topragyň hasyllylygynyň ýokarlanmagynda suw hojalykçylaryň amala aşyrýan çäreleriniň ähmiýeti örän uludyr. Şeýlelikde, welaýatymyzyň suw hojalyk ulgamynda hem bu ugurda alnyp barylýan işler ýylyň ähli döwründe öndürijilikli dowam etdirilýär. Munuň şeýledigine biz «Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň baş inženeri Mämetoraz Babajanow bilen gürrüňdeş bolanymyzda has aýdyň göz ýetirdik.

— Mälim bolşy ýaly, welaýatymyzyň esasy suw çeşmesi Amyderýa bolup, ondan Türkmenderýa, Hanýap, Gylyçbaý, Jumabaý saka suwaryş akabalary arkaly suw alynýar. Türkmenderýadan gözbaş alýan sakalary bolsa Şabat, Şasenem, Gazawat akabalarydyr. Welaýatymyzyň çäginden akyp geçýän döwletara Kölli, Döwdan, Maňňyt, Çagat-Atabent we Baş Köneürgenç şor suw akabalarynda gazmak, gyrmançalardan arassalamak işleri yzygiderli geçirilýär.

Ýazga geçiren Raziýa GAÝYPJANOWA,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar