Arzyly törüň bezegi

28 Dekabr 2023
936

Bu öňräk bolup geçen waka. Daşardan gelen agtyjagym bir çogdam gazeti elime tutdurdy. Olaryň arasyndan «Türkmenistan» gazetini alyp, endigime görä, ýurdumyzda bolup geçýän wakalar, täzelikler bilen tanyşmaga durdum. Birdenkä türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň hem-de molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky hoş habara gözüm düşdi. Şol pursat gözüm gazet sahypasynda bolsa-da, oý-hyýalym Kerki etrabyndan ussat ýüpekçi Ogulsabyr Pygamowa baradady. «Sabyr daýza habarlymyka?!» diýip oýlanýardym. Il arasynda «Sabyr ýüpekçi» diýlip tanalansoň, menem oňa «Sabyr daýza» diýip ýüzlenýärdim. Öň gabatlaşyp, gürrüňdeş bolamsoň, Sabyr daýzanyň el telefonynyň belgisini belläp goýupdym. Mahal-mahal jaňlaşyp, hal-ahwalyny sorap durýardym. Dessine aýladym. Adatdaky ýaly, aňyrdan mähriban ses eşidildi. Saglyk-amanlykdan soň habarymy aýtdym. Sabyr daýza: «Habarym bar, Rozgeldi jan. Gazetden okap, ilki bilen, agtyklarym buşlady. Köp sag bol, oglum! Diýseň begendim. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, ene-mamalarymyzdan dowam bolup gelýän ýüpekçilik senediniň dünýä ýüzünde ykrar edilmesidir bu» diýdi. Şol pursat hem mende bu ýüpekçi zenan barada makala ýazmak höwesi döredi.

Rozgeldi DÖWLETOW,
Halaç etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar