Finlýandiýada dänesiz, emeli kofe ýasaldy

24 Dekabr 2023
602

Fin alymlary barlaghana şertlerinde kofe agajyndan kofe öýjügini döretdiler. Alymlaryň bellemegine görä, emeli usul bilen döredilen kofäniň tagamy 80 göterim adaty kofäniň tagamyny berýär. Bu synag Fin döwlet ylmy-barlag merkeziniň (VTT) alymlary tarapyndan üstünlikli geçirildi. Täze önüm «Beanless Coffee» adyny aldy. Seljeriş işiniň ýolbaşçysy Haýko Rişer: «Şeýle kofe taýýarlamak üçin birnäçe täze tehnologiýalar gerek bolar. Sebäbi kofe lazer şöhleleri arkaly gowrulýar» diýip düşündirýär. Synagyň şowly geçendigine garamazdan, täze önüme azyk önüminiň derejesi alynýança 4 ýyl töweregi wagt gerek bolar. Alymlar bolsa emeli kofäniň önüm öndürijilerde uly gyzyklanma döretjekdigine umyt edýärler.

Taýýarlan: Jennet Çaryýewa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar