Täzelik

25 Dekabr 2023
554

«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginde işler ýokary guramaçylykly dowam edýär. Bu ýerde şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynyň önümçilik meýilnamasy 101,1 göterim berjaý edildi.

Geçen on bir aýda kärhana boýunça 47 müň 200 tonna un öndürmek meýilleşdirilipdi. Bu görkeziji 47 müň 680 tonna ýetirildi. Şeýle-de ýarma önümleriniň 4 müň 986 tonnasy öndürildi. Onuň 3 müň 656 tonnasy tüwi, 1 müň 330 tonnasy bolsa bugdaý ýarmasydyr. Degişli döwürde öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi 43 million 169 müň 544 manatlyga deň boldy. Ösüş depgini 100,9 göterime barabar boldy.

Beýleki habarlar