Näçe diýseň, nygmat bardyr...

19 Dekabr 2023
634

Halkymyz gadymy döwürlerden bäri her bir toý-baýramynyň saçaklaryny naz-nygmata besläp, birnäçe gije-gündizläp toýlamagy özleriniň milli däp-dessuryna öwrüpdirler. Bosaga-da hem ulyň-kiçiň uly höwes, ýagşy arzuw-niýetler bilen garaşýan Täze ýyl baýramy. Bu baýramy uly üstünlikler, geljek ýyly oňat arzuwlar bilen garşylamak her bir maşgalanyň uly aladasy.

Şu günler gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Arkadag şäherinde, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hemmeleriň söýgüli baýramy bolan Täze ýyly mynasyp garşylamak maksady bilen, giň gerimli taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Onuň çäklerinde ilata edilýän hyzmatlaryň derejesine we hiline möhüm ähmiýet berilýär. Şu aýdylanlardan ugur alyp, dükanlarda, bazarlarda harytlaryň elýeterli bahalardan üpjün edilmegi wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar