Zähmet sowgatlary bilen garşyladyk

2 Ýanwar 2024
484

Ýurdumyzyň günorta-gündogar sebiti bolan Mary welaýatynda şugundyr ekininden bol hasyl almakda köplere görelde bolýan daýhanlar näçe diýseň bar. Şolaryň biri hem Baýramaly etrabynyň «Täze ýol» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hydyr Ataýew. Biz sahawatly toprakdan bol hasyl alýan daýhanyň daýhançylyk işleri bilen gyzyklananymyzda ussat kärendeçi bize şeýle gürrüň berdi:

— «Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýlişi ýaly, ene topraga yhlas etseň, ol seni hor edenok. Şonuň üçin biziň kärendeçi maşgalamyz özüniň eýelik edýän 10 gektara golaý kärende ýerinde «däne — gant şugundyry — gowaça» ekin dolanyşygyna ýylyň-ýylyna uly üns berip, gowy girdeji gazanýar. «Dile geldi, bile geldi» diýlişi ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň oba hojalykçylar üçin, şol sanda biziň maşgalamyz üçin hem iň düşewüntli ýyllaryň biri bolandygyny guwanç bilen belläsim gelýär. Däne öndürmekde, gowaça ýetişdirmekde we beýleki oba hojalyk önümlerinden bol hasyl almakda gowy netijeler gazanylyp, daýhanlaryň, bagbanlaryň, ekerançylaryň girdejileri öňküdenem artdy. Şol üstünliklerde biziňem mynasyp goşandymyzyň bardygy diýseň begendirýär. Sebäbi 2023-nji ýylda gazanylan görkezijilere ser salyp, çeken zähmetimiziň ýerine düşendigine, girdejilerimiziň artandygyna, galladan, gant şugundyryndan bol hasyl alandygymyza begenýäris, guwanýarys. Guwanmazça-da däl. 2022-nji ýylyň güýzünde ekip, gowy garaşyk eden bugdaýymyz 2023-nji ýylda her gektardan 42 sentner hasyl eçildi.

Allaberdi SAPARGELDIÝEW,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar