Maldarlaryň gyş aladalary

20 Dekabr 2023
669

«Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýleni. Gyş möwsüminde üýtgäp durýan howa şertleri bilen baglylykda maldarlaryň jogapkärçiligi artýar. Bäherden etrabynyň maldarlary hem bu gün mallary dok we ýyly gyşlatmagy gazanýarlar.

Etrabyň maldarlarynyň gyş üçin tomus paslyndan başlap ýeterlik ätiýaçlyk ot-iým gorlaryny döretmekleri we beýleki taýýarlyk işleri möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şu günler etrabyň dowarlaryny gyşlatmak Merkezi Garagumuň gyş döwründe amatly bolan ýaýlalarynda geçirilýär. Mallar üçin oňaýly örüleriň saýlanyp alynmagy, daýhan birleşikleri tarapyndan çarwalaryň hal-ýagdaýlary bilen günde-günaşa gyzyklanyp durulmagy mallaryň oňat hilli gyşlamagyna uly ýardam berýär.

Annaberdi ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Bäherden etrap komitetiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar