Ene ýerden döwlet tapan

20 Dekabr 2023
727

Gojaman Jeýhunyň sag kenaryny etekläp oturan Hojambaz etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hatam Babanyýazow ýaşdygyna garamazdan, obada «ýeriň dilini tapýan» daýhanlaryň hatarynda tanalýar.

Ol ata kesbini ýöredip, üstümizdäki ýylda 30 gektar bugdaý ýerinden 140 tonna galla, 15 gektar gowaça meýdanyndan 60 tonna «ak altyn», 6 gektar şaly meýdanyndan hem 40 tonna hasyl ýygnamagy başardy. Ol mundan başga-da bugdaýdan boşan meýdanlara künji, dary, mäş, mekgejöwen ýaly aralyk ekinleri ekýär. Eklenç çeşmesini ene ýerden, päk zähmetden tapan Hatama we onuň maşgalasyna daýhançylykdan döwlet tapan diýsek ýalňyşdygymyz bolmaz.

Beýleki habarlar