2024-nji ýyl üçin dünýäniň azyk bazary boýunça çaklamalar

31 Dekabr 2023
451

2023-2024-nji ýylky oba hojalyk möwsüminiň jemleri boýunça dünýäniň azyk senagatynda bugdaýyň we şekeriň öndürilişiniň birneme azalmagyna, ýagly ösümlikleriň, et we süýt önümleriniň bolsa artmagyna garaşylýar. Bu barada Özbegistanyň Makroykdysadyýet we sebitleýin gözlegler institutynyň BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň maglumatlaryna salgylanyp taýýarlan çaklamasynda bellenilýär.

2023-2024-nji oba hojalyk ýylynyň jemi boýunça alnan bugdaý hasylynyň 758,1 million tonna bolmagyna garaşylýar. Bu görkeziji geçen möwsümden 2,2 göterim azdyr. Emma bilermenler alnan bugdaý hasylynyň bar bolan zerurlyklary ozalky derejede kanagatlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini belleýärler. Dünýä derejesinde öndürilen bugdaýyň möçberiniň azalmagyna Russiýa, Awstraliýa, Gazagystan we Kanada ýaly bu ugurdaky öňdebaryjy döwletlerde 2022-nji ýyldaky rekord görkezijilerden soňra hasylyň belli bir derejede azalmagy täsir eder. Ýöne muňa garamazdan, Argentina, Hindistan we ABŞ-da öndürilýän bugdaýyň artmagyna garaşylýar.

Taýýarlan: Selbiniýaz Garagözowa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar