Kärhananyň önümçiligi artýar

2 Ýanwar 2024
485

Welaýat merkeziniň ilatyny çörek we çörek önümleri bilen bökdençsiz üpjün edýän «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Daşoguz çörek kärhanasynyň agzybir işgärleri geçen ýyly uly üstünlikler bilen jemläp, Täze — 2024-nji ýyla ruhubelentlik bilen gadam basdylar. Häzirki wagtda bu ýerde saçaklaryň bezegi bolan çörek önümleriniň 40-dan gowrak görnüşi öndürilýär. Mürepbeli bulkalara, galypda bişirilen çöreklere, hut öýdäki tamdyrda ýapylan ýaly tagamly nanlara şäher ilaty tarapyndan uly isleg bildirilýär.

Bu kärhana welaýatda iň baýry senagat kärhanalarynyň biri hasaplanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kärhananyň tutuş durkuny, öňden hereket edýän enjamlaryny doly täzelemek, düýpli abatlamak, bölümleriň çägini giňeltmek boýunça utgaşykly işler geçirildi. Gysga wagtyň içinde kärhananyň önümçilik ulgamlaryna daşary ýurt kompaniýalarynyň öňdebaryjy, ýokary öndürijilikli tehnologiýalary ornaşdyryldy.

Jemal ATAÝEWA,
Daşoguz çörek kärhanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar