Eýran oba hojalyk önümleriniň eksportyny artdyrýar

31 Dekabr 2023
479

BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) soňky hasabatynda Eýranyň 2022-nji ýylda oba hojalyk önümleriniň 11 görnüşini eksport etmekde dünýäniň iň öňdebaryjy 10 ýurdunyň hataryna girendigini aýtdy. Hasabatda Eýranyň dünýäde azyk üpjünçiliginde möhüm orny eýeleýändigi we dünýädäki iň uly azyk eksport edijileriň hatarynda durýandygy görkezilýär. FAO EYR-nyň 2022-nji ýylda dünýäde iň uly injir eksport ediji ýurt bolandygyny we beýleki ýurtlara garanyňda, 12 müň tonna ýokary hilli injiri artyk eksport edendigini, ikinji we üçünji orunda bolsa Awstriýanyň we Özbegistanyň durandygyny belleýär. Eýran pisse we hurma eksport etmekde 2022-nji ýylda dünýäde ikinji orny eýeledi. Maglumatlara görä, Eýran 2022-nji ýylda 45 müň tonnadan gowrak ýokary hilli pisse eksport eden bolsa, ABŞ 238 müň tonna pisse eksport etdi. 2022-nji ýylda EYR-sy 269 müň tonna hurma eksport etdi, Yrak bolsa 2022-nji ýylda 274 müň tonna hurma eksport etdi. Şeýle hem, Eýran 2022-nji ýylda dünýäde 375 müň tonna garpyz eksport edip, bu ugurda dünýäniň üçünji eksportçysy boldy.

Taýýarlan: Parahat HALLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.
Beýleki habarlar