Oba hojalygy ylmy taýdan kämilleşdirilýär

19 Dekabr 2023
722

Häzirki döwürde ýurdumyzda oba hojalyk ekinleri bolan däneçilik we pagtaçylyk bilen bir hatarda, gök ekerançylyk, miweçilik, bakjaçylyk, şol sanda üzümçilik, bagçylyk ýaly ekinler halkymyz üçin esasy azyk çeşmesi bolup hyzmat edýär. Şoňa görä-de,hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ekerançylykda tohumçylygyň hil derejesini ýokarlandyrmakda, ekologiýa taýdan arassa azyk bolçulygyny döretmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Agrosenagat pudagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşýar. Şol sebäpden ýurdumyzda hereket edýän ýokary okuw mekdepleriniň oba hojalygyny ylmy taýdan ösdürmek babatda alyp barýan işleri, ylmy-barlag institutlarynyň hünärmenleriniň goşýan goşandy uludyr. Tohumçylyk işini alyp barmak, ekerançylyga edilýän agrotehniki idegleri kämilleşdirmek, suwaryş ulgamynda täzeçil usullary synagdan geçirmek, durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini has hem kämilleşdirmek oba hojalyk işgärleriniň mukaddes borjy bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, ileri tutulýan bu ulgamda sebit we halkara, mundan başga-da, GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň giňelmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Alnyp barylýan köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutýan ugurlary oba hojalygynda azyk bolçulygyny üpjün etmekden hem-de eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna ýardam berýän giň gerimli işleri döwrebaplaşdyrmakdan ybarat. Soňky ýyllarda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, tohumçylyk işiniň kämilleşdirilmegine, oba hojalyk ylmynda ýokary tehnologiýalaryň, iň soňky gazanylanlaryň ornaşdyrylmagyna, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, şol sanda ugurdaş daşary ýurt edaralary bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýär.

Arslan HAÝYDOW,
TDP-niň Tagtabazar etrap komitetiniň hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar