"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Futbolçy bolmak üçin butsy hökman däl

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki 47-nji orta mek­de­biň uçu­ry­my Be­genç Ho­ja­ýew ça­ga wag­ty fut­bol oý­nan­dy­gy­ny, em­ma fut­bol­çy bol­mak ar­zu­wy­ny ça­ga­lyk ýyl­la­ryn­da gal­dy­ryp, baş­ga kes­bi saý­lap alan­dy­gy­ny gür­rüň ber­ýär. «Ni­re­de iş­le­se­mem, ga­zet-žur­nal aç­sam-da fut­bol ha­ba­ry­ny il­ki bi­len oka­ýan, te­le­wi­de­ni­ýe­de fut­bol gör­se­mem, ün­sü­mi şo­ňa so­wa­ny­my bil­män gal­ýa­ryn. 25-nji ma­ýyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan «Bü­tin­dün­ýä fut­bol gü­ni» di­ýlip yg­lan edil­me­gi fut­bol bi­len bag­ly ýat­la­ma­la­ryň bu­ja­gy­ny çöz­di» di­ýip, Be­genç Ho­ja­ýew öz ha­tyn­da ýa­zyp­dyr. Bi­zem onuň ýat­la­ma­la­ry­nyň kä­bi­ri­ni oky­jy­lar bi­len paý­laş­ma­gy ma­kul bil­dik. 

Bir günde iki baýram

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Sport jan­kö­ýer­le­ri ta­ra­pyn­dan söý­lüp to­ma­şa edil­ýän hem-de köp­le­riň söý­gü­si­ni ga­zan­ma­gy ba­şa­ran sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri-de fut­boldyr. Häzirki wagtda mil­li­on­lar­ça jan­kö­ýer­le­ri özün­de jem­le­ýän fut­bo­lyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de tut­ýan or­ny diý­seň uly. Sport bi­len meş­gul­lan­ýan yn­san­la­ryň, hu­su­san-da, ça­ga­lar­dan baş­lap, ýa­şu­ly ne­sil­le­riň ara­syn­da fut­bol oýun­la­ry­na to­ma­şa ed­ýän­le­riň sa­ny bir ýa iki däl. Olar müň­ler­çe. Şo­nuň üçin-de, dün­ýä ýü­zün­de fut­bo­la hem-de fut­bolçylara be­ril­ýän üns has-da güýç­li. Ýa­kyn­da fut­bol muş­dak­la­ry­ny be­gen­di­ren bir wa­ka boldy, ýagny BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan her ýy­lyň 25-nji ma­ýy «Bü­tin­dün­ýä fut­bol gü­ni» diý­lip yg­lan edil­di. Bu buý­san­dy­ry­jy wa­ka türk­menistanly fut­bol­ muşdak­la­ry üçin-de ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat bol­dy. Se­bä­bi her ýy­lyň 25-nji ma­ýyn­da paý­tag­ty­my­zyň — Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­nü­ni ulu­dan baý­ram ed­ýän sport­sö­ýü­ji­le­ri­miz bu g

Dogduk topragynyň waspçysy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Her bir hal­kyň be­ýik­li­gi, esa­san, dün­ýä be­ren meş­hur şah­sy­ýet­le­ri bi­len kes­git­le­nil­ýär. Hal­ky­my­zyň be­ýik ogul­la­ry­nyň bi­ri Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy türk­men nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň düý­bü­ni tu­tu­jy­dyr. Pa­ra­sat­ly şa­hyr, Gün­do­ga­ryň akyl­da­ry­nyň dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak mil­li baý­lyk bol­mak bi­len, dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şa­hy­ra­na di­li şi­rin­li­gi, hal­ka ýa­kyn­ly­gy bi­len özü­ne çek­ýär. Onuň goş­gu­la­ry mil­li halk dö­re­di­ji­li­gi­niň ru­hy we çe­per­çi­li­gi bi­len baý­laş­dy­ry­lyp­dyr. Bu bol­sa eser­le­riň yn­san kal­by­na ýa­kyn­ly­gy­ny üp­jün ed­ýär.

Ýaşlary terbiýelemekde sportuň ähmiýeti

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň her bir gü­ni şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Äh­li ugur­lar­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­riň sa­ka­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty dur­ýar. Her bir döw­le­tiň sy­ýa­sa­tyn­da, yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de, jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň beý­le­ki ugur­la­ryn­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li amal et­mek­li­giň mö­hüm şer­ti bo­lup, bu işe jem­gy­ýe­tiň äh­li gat­lak­la­ry­nyň iş­jeň çe­kil­me­gi hem-de ola­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gyn­da­ky ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň tut­ýan or­ny çy­kyş ed­ýär.

Gün­den go­ra­na­lyň!

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Bi­ler­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, Gün şöh­le­si­niň gyz­gyn­ly­gy ýyl-ýyl­dan ar­typ, bu ýag­daý, aý­ra­ty­nam, Gün şöh­le­si­niň ýi­ti we dik düş­ýan möw­sü­mi bo­lan to­mus pas­lyn­da has-da güýjeýär. Dog­ry ka­bul edi­len­de, D wi­ta­mi­niň çeş­me­si bo­lan Gün şöh­le­si­niň muk­da­ry art­sa, adam be­de­ni­ne ýa­ra­maz tä­sir edip, jöw­za­ly ys­sy­da Gün ur­ma ha­dy­sa­sy­nyň ýü­ze çyk­ma­gy­na se­bäp bo­lup bil­ýär. Mu­nuň öňü­ni al­mak üçin bol­sa Gün­den go­ran­mak ze­rur­dyr.

Saglyk we sport aýy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň aýy bo­lan ap­rel aýy­nyň il­kin­ji gün­le­rin­den baş­lap ýur­du­myz­da sport çä­re­le­ri, ýa­ryş­lar, we­lo­si­ped ýö­riş­le­ri we Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da, Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­rin­de ge­çi­ri­len köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport we sag­dyn dur­muş çä­re­le­ri­ne ta­lyp ýaş­lar, dür­li pu­dak­la­ryň iş­gär­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri iş­jeň gat­naş­dy­lar.

Biri gyzyl, biri sary, biri ak...

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Sözbaşa gözi düşen okyjy, megerem, alabahar asmanynyň deňsiz-taýsyz bezegi bolan ynsan kalbyny joşa getirýän, adamlaryň göwünlerini al-asmana göterýän al-ýaşyl reňkli älemgoşaryň gözelliginiň waspyny etjekdigimize garaşýandyr. Ýöne ol ýalňyşýar... Biz ýap-ýaşyl öwüsýän futbol meýdançasynda deňsiz-taýsyz duşuşygyň gidişini büdredýän, futbolçylaryň hem-de bu jadyly oýnuň muşdaklarynyň keýpini gaçyrýan, eminleriň kisesindäki, älemgoşaryň ähli reňklerini bolmasa-da, köpüsini özünde saklaýan duýduryş petekleri hakynda gürrüň etmekçi bolýarys.

Saglyk üçin iň ygtybarly ylgaw

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň sag­lyk üçin peý­da­la­ry ba­ra­da, fi­zi­ki maşk­la­ryň ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri, gan ba­sy­şy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy, beý­nä gan in­me, dia­bet, huş­suz­lyk, sus­su­pes­lik, sem­re­me ýa­ly der­de­ser­le­riň, düw­nük ke­se­li­niň en­çe­me gör­nüş­le­ri­niň öňü­ni al­ýan­dy­gy ba­ra­da luk­man­çy­lyk tej­ri­be­sin­de aý­dyň su­but­na­ma­lar ýe­ter­lik. Soň­ky on­ýyl­lyk­lar­da ýyg­na­lan yl­my mag­lu­mat­la­ryň şa­ýat­lyk et­me­gi­ne gö­rä be­den maşk­la­ry­nyň has peý­da­ly gör­nüş­le­ri­niň bi­ri yl­gaw bo­lup dur­ýar. 

Milli oýunlar

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Alym Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» diýen kitabynda: «Milli oýunlar halkyň edep-terbiýe we ahlak ýörelgeleriniň özboluşly dünýäsi bolup, zähmetsöýerlilik, gaýratlylyk, ugurtapyjylyk, başarjaňlyk ýaly milli häsiýetlerimizi, parahatçylykly durmuşy söýmek ýaly ýörelgeleri dabaralandyrýar» diýip, ata-babalarymyzdan miras galan milli oýunlarymyzyň çagalaryň şahsyýetiniň kemala gelmeginde uly ornunyň bardygyny belläp geçýär.

Asylly däbe öwrülen baýramçylyk

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Hal­ka­ra de­re­je­sin­de giň­den bel­le­ni­len Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni pa­ra­hat­çy­ly­gy, dost-do­gan­ly­gy, yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni da­ba­ra­lan­dyr­ýan baý­ram­dyr. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň to­mus pas­ly­nyň il­kin­ji gün­le­rin­de Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nü­niň şa­ny­na köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş­le­riň, baý öwüş­gin­li me­de­ni-jem­gy­ýet­çi­lik çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir.

Fijital küşt gyzyklanmanyň täze görnüşi hökmünde

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Fi­ji­tal sport (he­re­ket­li-san­ly sport) – spor­tuň top­lum­la­ýyn gör­nü­şi bo­lup, tür­gen ýe­ke­lik­de ýa-da top­lum­la­ýyn spor­tuň bel­li bir gör­nü­şi bo­ýun­ça he­re­ket­li hem-de san­ly wir­tu­al dün­ýä­de bäs­leş­ýär­ler. Fi­ji­tal sport be­den taý­ýar­ly­gy­ny ta­lap ed­ýän he­re­ket­li, ada­ty sport oý­ny bi­len ki­bers­por­tuň, yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­nyň ut­ga­şy­gyn­dan dö­rän tä­ze sport gör­nü­şi­dir. Mun­da tür­gen hem wir­tu­al dün­ýä­de komp­ýu­ter­de ýo­ka­ry ne­ti­je gör­kez­me­li, hem-de sport meý­dan­ça­syn­da özü­ni sy­na­ma­ly.

Şahyryň ömri kinofilmlerde janlanýar

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Şygryýet örän inçe hem näzik sungat diýip bellenilýär. Ony döredýän adamlaryň ykbaly hakynda bolsa «ýönekeý däl» diýen sözleri köp eşitmek bolýar. Dünýä belli dramaturg Wilýam Şekspiriň ömrüne bagyşlanyp, 1989-njy ýylda Jon Meddon tarapyndan «Aşyk Şekspir» atly çeper film surata düşürilipdir. 

Meşhur seýisler

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Mäh­ri­ban top­ra­gy­myz­da, ata ýur­du­myz­da aja­ýyp ahal­te­ke be­dew­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­de, be­dew­le­riň ugur­ba­şy ne­sil­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mek­de meş­hur se­ýis Aba An­na­ýew bi­len dö­wür­deş ýa­şan, iş­län, ha­lal zäh­met çe­kip ady­gan, şeý­le hem bu meş­hur se­ýis­den ha­ly­pa­lyk tä­li­mi­ni al­mak bag­ty­na eýe bo­lan us­sat se­ýis­ler nes­li do­wam edip gel­ýär.

«Ata kes­bi og­la ha­lal»

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ham­me­do­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ata Wa­ta­ny­my­zyň at-ab­ra­ýy bar­ha beý­gel­ýär. Hal­ky­my­zyň me­de­ni-ru­hy dün­ýä­si­ni baý­laş­dyr­mak­da hyz­mat ed­ýän türk­men di­li­mi­zi, halk dö­re­di­ji­li­gi­ni yl­my esas­da öw­ren­mek­de, ös­dür­mek­de we hal­ka ýe­tir­mek­de hem tu­tum­ly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

We­lo­si­ped sür­mek we sag­lyk

Olim­pi­ýa ala­wy­ny ge­ti­ren gä­mi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Iň ga­dy­my fran­suz gä­mi­le­ri­niň bi­ri bo­lan üç gat ýel­ken­li «Be­lem» gä­mi­si il­kin­ji ge­zek 1896-njy ýy­lyň 10-njy iýu­nyn­da ýü­zü­şe baş­la­ýar. Ony Nant şä­he­rin­de gu­rup, An­til ada­la­ry­nyň se­bit­le­rin­de ýük da­şa­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler. 1914-nji ýy­la çen­li ýel­ken­li gä­mi ýük da­şa­mak üçin 33 ge­zek uzak ara­ly­ga sy­ýa­hat ed­ýär. Bug gä­mi­le­ri bi­len bäs­le­şik­de äh­mi­ýe­ti­ni ýi­ti­ren gä­mi­ni uza­gyn­dan söw­da mak­satly ýü­züş­ler­den daş­laş­dyr­ýar­lar. Öz wag­tyn­da di­ňe bir Fran­si­ýa­nyň däl, eý­sem tu­tuş Ýew­ro­pa­nyň iň uly ýel­ken­li gä­mi­le­ri­niň bi­ri ha­sap­la­nyp­dyr. Şol dö­wür­de «Be­lem» gä­mi­si­ni bri­tan ger­so­gy sa­tyn alyp­dyr. Ol ýel­ken­li gä­mi­ni sy­ýa­hat et­mek üçin ula­nyp baş­lap­dyr. 1921-nji ýyl­da bol­sa iç­gi­le­ri sat­mak bo­ýun­ça tä­jir Ar­tur Er­nest Gin­ne­se sa­typ­dyr.

Türkmeniň ýüwrük ogly...

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ga­dym za­man­lar, gys­sag­ly ha­ba­ry goň­şy-kent­le­re ýe­tir­mek üçin han­lar, ser­ker­de­ler kow­sa ýet­ýän, gaç­sa gu­tul­ýan aşa do­gum­ly ýaş ýi­git mün­di­rip ça­pa­ra gön­de­rip­dir­ler. Meş­hur ýa­zy­jy­myz Ata Gow­şu­do­wyň «Dor­de­pel» po­wes­ti hem türk­me­niň geç­mi­şin­dä­ki at­ly ça­par­la­ryň yk­ba­ly bi­len bag­ly­dyr.

Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry gu­ra­lar

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ga­za­gys­ta­nyň paý­tag­ty As­ta­na şä­he­rin­de Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­na gat­na­şy­jy­la­ry ka­bul et­mä­ge taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Bu ýyl­ky sport çä­re­le­ri 8-15-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da «Uly säh­ra­da du­şu­şyk» şy­ga­ry as­tyn­da ge­çi­ri­ler. Bu çä­rä 100 ýurt­dan 4 müň tür­gen gat­na­şar diý­lip ga­ra­şyl­ýar. Oýun­la­ryň gu­ra­ma­çy­la­ry As­ta­na­da bol­jak oýun­la­ra taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da mas­la­hat ge­çir­di­ler. Mas­la­ha­tyň bar­şyn­da ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­la­ryň eşik­le­ri­niň we me­dal­la­ry­nyň nus­ga­la­ry gör­ke­zil­di.

Deň­ziň su­ra­ty­ny çek­me­gi ha­la­ýan oglan

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 De­ňiz ke­na­ry te­bi­ga­tyň iň aja­ýyp ýer­le­ri­niň bi­ri bol­sa ge­rek. Bu ýer­le­re dynç al­ma­ga gel­ýän adam­la­ryň sa­ny hiç wagt hem azal­ma­ýar. Tom­su­na bol­sa has-da köp. De­ňiz özü­niň ja­na te­ne­kar ho­wa­sy, su­wy bi­len, ga­ly­ber­se-de yl­ham gü­ze­ri hök­mün­de yn­san­la­ryň iň söý­gü­li ýer­le­ri­niň bi­ri­dir. Alys­dan bat bi­len ge­lip ke­na­ra urul­ýan tol­kun­lar bol­sa özi bi­len oý­na­ma­ga ça­gyr­ýan ýa­ly.

Akyldara çuňňur sarpa

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Hal­ky­my­zyň köp asyr­lyk ta­ry­hy­nyň do­wa­myn­da dö­re­den baý ru­hy mi­ra­sy dün­ýä­niň umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da ýo­ka­ry or­ny eýe­le­ýär. Mer­da­na pe­der­le­ri­miz ah­lak kä­mil­li­gi­niň ýo­lun­da uly de­re­je­le­re ýe­tip­dir­ler. Öz­le­ri­niň öl­mez-ýit­mez ta­ry­hy yz­la­ry bi­len adam­zat kalp­la­ryn­da ýag­şy ýat­la­ma­la­ry, nus­ga­lyk ýo­ly gal­dy­ryp­dyr­lar. Biz bu gün Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da, yn­san­la­ryň iç­ki dün­ýä­si­ne gö­zel­lik nu­ry­ny çaý­ýan, yn­san­lyk mer­te­be­si­ni beý­geld­ýän me­de­ni mi­ra­sy­my­zy, ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­my­zy di­keld­ýä­ris.