"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Şan­ly ýy­la ba­gyş­la­nan ki­tap

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyza belent we çuňňur many-mazmuna ýugrulan ýyllary peşgeş berýär. Şol ýyllaryň her birini özüne mynasyp atlandyrmak hem asylly däp bolup dowam edip gelýär. Geçen 2023-nji ýylyň ýurdumyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýlip atlandyrylmagy her bir ildeşimizi öz alyp barýan ugry boýunça täze zähmet üstünliklerine ruhlandyran ýyl boldy. Şeýlelikde, ýurdumyzda bütin ýylyň dowamynda syýasatda, ykdysadyýetde, bilimde, saglygy goraýyşda, ylymda, sportda uly üstünlikler gazanyldy. Ýylyň belent üstünliklere beslenip tamamlanýan pursatlarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly täze ajaýyp kitabyny okyjylara peşgeş bermegi aýratyn möhüm ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy waka öwrüldi. 

Now­ruz baý­ra­my­nyň bo­sa­ga­syn­da dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň je­mi jem­le­nil­di

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi, Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň «Türk­me­nis­tan Sport» hal­ka­ra žur­na­ly hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň ýa­nyn­da­ky «Ar­ka­dag­ly Ýaş­lar» at­ly elekt­ron žur­na­ly «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Mil­li ba­har baý­ra­my­na ba­gyş­la­nan «Gel­se Now­ruz äle­me, reň ky­lar ja­han peý­da» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­ni yg­lan et­di. Bäs­le­şi­ge dür­li kär­dä­ki oky­jy­lar­dan we dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ýan ýaş­lar­dan ýüz­ler­çe hat gel­di. Ola­ryň her bi­ri bi­len tan­şyp, türk­men ýaş­la­ry­nyň ata Wa­ta­ny­my­za, bag­ty­ýar za­ma­na­my­za, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dür­dä­ne dö­re­di­ji­li­gi­ne bo­lan söý­gü­si­ni gör­mek bol­ýar.

Hal­ka­ra sport hyzmatdaşlygy

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Türk­me­nis­tan­da sport ul­ga­my­ny ös­dür­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Öň­de goý­lan mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, ýurt­da bu ugur­da­ky he­re­ket­le­riň tä­ze usul­la­ry ke­ma­la ge­ti­ril­ýär, us­sat tür­gen­le­ri taý­ýar­la­mak ug­run­da top­lum­la­ýyn öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar, Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­niň ös­dü­ril­me­gi­ne iter­gi be­ril­ýär. Ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň kä­mil­leş­me­gi, ada­myň kuw­wa­ty­nyň mad­dy we ru­hy taý­dan saz­la­şyk­ly ut­gaş­ma­gy ne­ti­je­sin­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe bol­ma­gy, şeý­le-de sport bo­ýun­ça hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň has-da gi­ňel­me­gi döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­dy.

Bedenterbiýe we sport

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Sport — ýetilýän sepgitlere go­şant

Türk­menis­tan – ruhubelentligiň mekany

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de ýurt baý­ly­gy bo­lan il sag­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak we ber­kit­mek mö­hüm döw­let we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­na ag­za bo­lan gü­nün­den bä­ri gu­ra­ma we oňa ag­za döw­let­ler bi­len iş­jeň ara­gat­na­şyk sak­la­ýar. Şun­luk­da dün­ýä tej­ri­be­si bi­len ut­ga­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýan ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my ýyl-ýyl­dan kä­mil­leş­ýär. Bu ul­gam­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­le­riň ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da ila­tyň öm­rü­niň or­ta­ça do­wam­ly­ly­gy art­ýar. Hal­ky­myz iň tä­ze en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len sag­lyk mer­kez­le­rin­de ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ryn­dan peý­da­lan­ýar­lar. Ne­ti­je­de, dün­ýä­de luk­man­çy­lyk ul­ga­myn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler tej­ri­be alyş­mak ar­ka­ly ýur­du­myz­da or­naş­dy­ryl­ýar.

Bir sup­ra­da taý­ýar ky­lyn­ýar aş­lar

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gün­do­ga­ryň taý­syz akyl­dar­la­ry­nyň bi­ri, türk­men top­ra­gy­nyň wasp­çy­sy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ba­ky­lyk tag­ly­ma­ty bo­lan pä­him-pa­ra­sat­ly şy­gyr di­wan­la­ry hal­ky­myz ta­ra­pyn­dan söý­lüp okal­ýar. ХVIII asyr­dan bä­ri Mag­tym­gu­ly her bir türk­me­niň öýün­de, kal­byn­da, aňyn­da ýa­şap gel­ýär. «Türk­men» diý­len­de, Mag­tym­gu­ly, «Mag­tym­gu­ly» diý­len­de, türk­men hal­ky göz öňün­de jan­lan­ýar.

Çyn­la­kaý tür­gen­le­şik­ler gel­jek­ki ýe­ňiş­le­riň buş­luk­çy­sy

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň be­den­ter­bi­ýe we sport ul­ga­my­ny ös­dür­mek, ýaş­la­ryň ara­syn­da wa­gyz et­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Şu ugur­da top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ke­ma­la ge­tir­mek we spor­ty wa­gyz et­mek mil­li tag­ly­ma­ta, adam­la­ry bir­leş­dir­ýän hem-de Wa­ta­ny­my­zyň ok­gun­ly ösü­şi­ne ýar­dam ber­ýän kuw­wat­ly je­bis­leş­di­ri­ji güýç bo­lup dur­ýar.

«Sag­dyn maş­ga­la — sag­dyn ne­sil» at­ly sport bäs­le­şi­gi

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Hal­ky­my­zyň ara­syn­da türk­men maş­ga­la­sy mu­kad­des­lik ha­sap­lan­ýar. Maş­ga­la ki­çi­jik döw­let­dir. Her bir maş­ga­la­nyň ag­zy­bir­li­gin­de, je­bis­li­gin­de ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ga­dym­dan gel­ýän ýol-ýö­rel­ge­le­ri, däp-des­sur­la­ry, edim-gy­lym­la­ry, aň kä­mil­li­gi aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýär. Maş­ga­la­nyň her bir ag­za­sy­nyň şol ýö­rel­ge­le­re jo­gap­kär­li çe­me­leş­me­gi we my­na­syp eýer­me­gi bol­sa maş­ga­la­nyň berk­li­gi­niň bin­ýa­dy bo­lup çy­kyş ed­ýär. Me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň, sun­ga­ty­my­zyň, mil­li­li­gi­mi­ziň gal­ky­nan döw­rün­de her bir türk­men maş­ga­la­sy edep-ter­bi­ýä­niň, ag­zy­bir­li­giň, sag­dyn­ly­gyň oja­gy­dyr.

Türkmenistanda doglan kosmonawtyň rekordy

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Türk­me­nis­tanyň Gahryma­ny älem giňişliginde bolan wagtynyň je­mi dowamlylygy bo­ýun­ça täze re­kor­dy goý­dy

Gözelligiň şäheri

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Türk­men ýaý­la­sy — er­kin­li­giň, azat­ly­gyň ýa­ýy­lyp ýa­tan meý­da­ny. Ýa­şyl ba­ýyr­lyk­lar — ýyn­dam türk­men be­dew­le­ri­niň ýel­ler bi­len ko­wa­la­şyp ça­pan meý­da­ny. Ýa­şyl­lyk­da ýa­şa­ýyş bar. Ýaz­la­ryň reň­kin­de ýaş­lyk bar. Ýaş­lyk­da şat­lyk-şow­hun bar. Bu meý­dan­lar­da di­ňe bir türk­me­niň be­dew­le­ri däl-de, eý­sem, türk­me­niň bag­ty çap­ýar. Onuň toý­nak owaz­la­ryn­da hem bag­ty­ýar­ly­gyň mu­ka­my ýaň­lan­ýar.

Arkadag şäheri — sport şäheri

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Gö­zel­lik — gud­ra­ta eýe bo­lan tä­sin güýç. Arkadag şä­he­ri ba­ra­da-da gö­zel­li­giň nus­ga­sy hök­mün­de gür­rüň edip bo­lar. Bu şä­he­re ga­da­my­ňy ba­syp, gör­ka­na­lyk şa­ly­gy­nyň ýe­si­ri­ne öw­rü­le­niň­de, kal­by­ňy san­syz pi­kir­ler eýe­läp al­ýar. Şon­da: «Ar­ka­dag şä­he­ri aja­ýyp za­ma­na­my­zyň was­py­ny gö­zel­li­giň üs­ti bi­len ýe­tir­ýän aja­ýyp eser» di­ýen pi­kir se­ri­ňe dol­ýar. Çün­ki ol ýö­ne bir şä­her däl, eý­sem o ba­şyn­dan bu ba­şy­na edil gy­zyk­ly ki­tap ki­min okap gi­dip otur­ma­ly aja­ýyp eser.

Döwletliligiň sakasy

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Döwletliligiň, agzybirligiň sakasynda saglyk bar. «Saglygym — baýlygym» diýýän türkmen halky ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolup ýaşaýar. Her bir haýyrly işi amala aşyrmak üçin hem, ilkinji nobatda, saglyk gerek. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň saglygy, bagtyýarlygy, rahat ýaşaýşy üçin döwletimizde uly işler durmuşa geçirilýär.

Abu Ali Ibn Sina

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz: «Luk­man­çy­lyk yl­my­ny düýp­li öz­ger­den, dün­ýä yl­myn­da Awi­sen­na ady bi­len ta­na­lan pel­se­pe­çi alym, ta­ny­mal luk­man Ibn Si­na, döw­rü­niň «Il­kin­ji Gip­pok­ra­ty» ha­sap­la­nan Se­ýit Ys­ma­ýyl Gür­gen­li, Mu­ham­met Gaý­maz Türk­men ýa­ly gör­nük­li ýüz­ler­çe türk­men alym­la­ry dün­ýä yl­my­nyň ýi­ti şug­la­ly ýyl­dyz­la­ry­dyr» di­ýip bel­le­ýär. Şol alym­la­ryň ara­syn­da Abu Aly Ibn Si­na­nyň ady hä­zir­ki gün­le­ri­miz­de-de giň­den meş­hur­dyr. 

«Ar­ka­dag­ly Ýaş­lar» elekt­ron žur­na­ly

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Is­len­dik ge­çi­len dö­wür wagt öl­çeg bir­lik­le­ri ar­ka­ly ha­sap­lan­ýar. Se­kunt, mi­nut, sa­gat, gün, aý, ýyl, asyr, müň­ýyl­lyk, eý­ýam... Ýog­sa adam aňy üçin kä­bir go­wy ýat­da ga­lan, ýi­ti tä­sir eden wa­ka­lar bi­ziň şu gü­nü­miz­den wagt ba­bat­da alys­da bol­sa-da, edil düýn bo­lan ýa­ly du­ýul­ýar.

Sport, teatr we kino — meniň durmuşym

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Zehinli artist 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyna mynasyp boldy. Üstünlikli, hoşroý, gujurly artist sport bilen meşgullanmaga hem wagt tapýar. Ol sagdyn durmuş ýörelgesini, dogry iýmitlenmegi ösdürýär we hemmeleri sport bilen meşgullanmaga höweslendirýär. 32 ýaşly aktrisany diňe bir teatryň sahnasynda däl, eýsem sport zallarynda-da görmek bolýar. Ol özüne seretmäge wagt aýyrmagy, ýöremegi, dogry iýmitlenmegi öz üstünliginiň syry hasaplaýar. Golaýda Şemşat Kasymowa bilen teatr we kino sungatyndaky döredijilik ýoly barada söhbetdeş bolduk.

Mil­li oýun­lar we sport

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow özü­niň «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­byn­da: «Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan hä­zir­ki wagt­da ösen sport ul­ga­my­na eýe bo­lan, dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki ýa­ryş­la­ry üs­tün­lik­li ge­çir­mek­de baý tej­ri­be top­lan, hal­ka­ra sport hyz­mat­daş­ly­gy­na iş­jeň gat­naş­ýan ýurt hök­mün­de ta­nal­ýar» di­ýip jaý­dar bel­le­ýär.

Mekdep okuwçylary sport meýdançasynda

Berk be­den­li nesil ug­run­da

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da be­ril­ýän bi­li­miň hi­li bar­ha kä­mil­leş­ýär. Biz ça­ga­la­ra di­ňe bi­lim ber­mek bi­len çäk­len­män, ola­ryň berk be­den­li, sag­dyn ösüp ke­ma­la gel­mek­le­ri üçin spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry­na hem hö­wes dö­red­ýä­ris. Mu­ňa mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­myz­da gu­ra­ýan dür­li sport ýa­ryş­la­ry­ny mysal edip al­sak bo­lar. Ge­çi­ril­ýän sport ýa­ryş­la­ry ça­ga­la­ryň öz wagt­la­ry­ny şat­lyk-şow­hun­ly, gy­zyk­ly ge­çir­mek­le­ri­ne hem öz ýar­da­my­ny ber­ýär.

Tomusky olimpiýa oýunlary

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zy ga­zan­ma­gy­myz, Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan, hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň tä­ze tap­gyr­lar­da ama­la aşyr­ýan me­de­ni, yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­ri mäh­ri­ban hal­ky­my­zy, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­zi ab­raý­ly iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň işi­ne, dün­ýä we se­bit möç­ber­le­rin­de gu­ral­ýan iri me­de­ni, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy we sport çä­re­le­ri­ne da­hyl­ly et­di. Şol be­lent da­hyl­ly­ly­gyň çäk­le­rin­de hal­ka­ra sport çä­re­le­ri­ne, gat­naş­mak, ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny be­lent bas­gan­çak­la­ra çy­kar­mak, sport ar­ka­ly dün­ýä halk­la­ry­nyň, döw­let­le­ri­niň ara­syn­da dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek ýa­ly asyl­ly baş­lan­gyç­lar bar.

Bok­suň ta­ry­hyn­dan

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da Fran­si­ýa­nyň Pa­riž şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek XXXIII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryň sa­na­wyn­da spor­tuň boks gör­nü­şi hem bar. Dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­de bu sport gör­nü­şi­niň us­sat­la­ry hem, jan­kö­ýer­le­ri hem örän kän­dir.