"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Mak­sa­da ok­gun­ly­lyk —iň uly üs­tün­lik

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 El­bet­de, adam her bir zat­da ne­ti­je ga­zan­mak üçin il­kin­ji no­bat­da öňün­de mak­sat goý­ma­ly. Biz tür­gen­ler hem spor­tuň is­len­dik ug­ry bo­ýun­ça kä­mil­li­giň ýo­ka­ry de­re­je­le­ri­ne ýet­mek üçin bi­li­mi­zi berk gu­şap, öm­rü­mi­zi spor­ta ba­gyş et­me­li. Sport­da ga­za­nan ýeň­şiň döw­le­tiň ab­ra­ýy, onuň şan-şöh­ra­ty. Şol wagt eli­ňi ýü­re­giň üs­tü­ne go­ýup, onuň buý­sanç­ly ur­gu­la­ry­ny du­ýup döw­let se­na­sy­ny hy­juw bi­len ses­le­nip aýt­mak, göz­le­ri­ňi dün­ýä­niň iň aja­ýyp pur­sat­la­ry­ny syn­lan dek ýa­şyl tu­gu­my­zyň beý­le­ki baý­dak­lar­dan ýo­kar­da du­rup gö­te­ril­ýän­di­gi­ni gör­mek­den, me­ge­rem baş­ga üs­tün­li­gi bol­maz. Mun­dan şeý­le ne­ti­je çy­kar­ma­ly: mak­sa­da ok­gun­ly­lyk — iň uly ýeň­şiň. Se­bä­bi gel­je­ge bo­lan yna­myň bol­ma­sa, tür­gen özü­niň ejiz ta­rap­la­ry­ny äş­gär ed­ýär. Sport are­na­sy­na çy­ka­ny­myz­da gar­şy­da­şy­myz­dan üs­tün çyk­mak üçin özüň­de «Men hök­man ýeň­me­li, se­bä­bi me­niň ýe­ňiş ga­zan­mak­ly­gy­ma ga­raş­ýan­lar bar. Men ola­ryň ta­ma­sy­ny hök­man

Mag­tym­gu­ly — çyragym

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Mag­tym­gu­ly — as­ma­ny­myň nu­ru­dyr,Mag­tym­gu­lyň ýü­zi Ha­ka sa­ry­dyr.

Pälwan

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Ýur­du­myz­da spor­tuň äh­li ugur­la­ry bo­ýun­ça ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar. Sport­da mil­li hä­si­ýe­te eýe bo­lan türk­men mil­li gö­re­şi bu gün­ki gün bü­tin dün­ýä ýü­zün­de da­ba­ra­lan­ýar. Türk­men mil­li gö­re­şi­miz ga­dym­dan gel­ýän ata-ba­ba­la­ry­my­zyň zäh­me­tin­den, çuň­ňur ze­hi­nin­den ke­mal ta­pan sport gör­nü­şi­dir. Mil­li gö­re­şi­miz toý-baý­ram­lar­da toý­la­rymy­zyň be­ze­gi ha­sap­lan­ýar. Emma hä­zir­ki wagt­da türk­men mil­li gö­re­şi spor­tuň dün­ýä are­na­syn­da my­na­syp orun eýe­le­ýär. Ola­ra sport­da pä­lwan däl-de tür­gen diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Gö­reş tut­ýan päl­wan­lar do­gum­ly, iri süňk­li, giň döş­li, bi­le­gi güýç­li bol­ýar­lar. Bu­la­ryň şeý­le bol­ma­gy­na sport bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry päl­wan­la­ry gaý­rat­ly ed­ýär.

Saz we sag­lyk

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Alym­lar sa­zyň ça­ga­nyň fi­zi­ki ösü­şi­ne ýe­tir­ýän tä­si­ri­ni çuň­ňur öw­ren­me­gi do­wam ed­ýär­ler. Ene­ler öz per­zent­le­ri­ne hüw­di ýa­ly ýa­kym­ly aý­dym-saz­la­ry hiň­le­nip ber­me­li. Ça­ga hüw­dü­len­se ýa-da oňa gy­zyk­ly er­te­ki gür­rüň be­ril­se, ol ra­hat uk­la­ýar. Şeý­le hem aý­dym–saz ýa­ňy gep­läp baş­lan ça­ga­lar üçi­nem äh­mi­ýet­li­dir, se­bä­bi ça­ga goş­gu­la­ry, aý­dy­myň söz­le­ri­ni go­wy ýat­da sak­la­ýar, ola­ry öw­ren­mä­ge uly hö­wes bil­dir­ýär.

Halypalardan tymsallar

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Üstünlige ýetmek üçin ilkinji nobatda özüňe bolan ynamyň bolmaly. Üstünligiň ýoly örän uzyn hem çylşyrymlydyr. Bu ýola düşeniňde ençeme synaglar we päsgelçilikler bilen garşylaşarsyň. Şol bir wagtyň özünde bu synaglar we päsgelçilikler seni taplaýar we netijede ýeňşe bolan ynamyňy döredýär. Üstünlige ýetmek üçin bilini berk guşap, ýola çykan her bir ynsan mümkinçiliklerini peýdalanmalydyr. Ynsanyň mümkinçilikleriniň çägi ýok. Hut şu nukdaýnazardanam üstünlikleriň hem çägi bolmaly däldir. Munuň şeýledigine ýaşlygyndan sporta bolan höwesini ýitirmän hasam kämilleşdiren, ýyllaryň dowamynda sport arenalarynda türkmen tuguny belentde parladyp, häzirki wagtda halypaçylyk mekdebine öwrülen türkmen türgenlerimiziň mysalynda göz ýetirip bileris. «Türkmenistan sport» halkara žurnalynyň sahypalarynda «Halypalardan tymsallar» atly şygar astynda türgende öňde goýan maksadyňa ýetmek, sabyrly bolmak, çeýelik, özüňe bolan ynamyňy artdyrmak, täze belentliklere ruhlandyrýan ýörelgelerden söhbet açýan gyzykly wakalary okyjylarymyza ýetirip durmagy maksat edindik. Indi bolsa şägirtlikden çykyp halypaçylyk mekdebine öwrülen türgenlerimizden ýaş žurnalistlerimiziň gürrüňdeşlik edip ýazga geçirmeginde, olaryň ýaşly

Ça­pak tan­sy — sag­dyn­ly­ga we ru­hu­be­lent­li­ge ça­gy­ryş

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Tan­syň sag­dyn he­re­ket­ler üçin äh­mi­ýe­ti ba­ra­da köp iş­ler ýa­zy­lyp­dyr. Ta­ry­hy ýaz­gy­lar tan­syň örän ga­dy­my sun­gat­dy­gy­na gü­wä geç­ýär. Ça­ga­ly­gy­myz­dan türk­men ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň toý-baý­ram­la­ry­my­zy be­ze­ýän tä­sin tan­sy aňym­da ga­lyp­dyr. Bu tä­sin­lik ça­pak tan­sy­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Gündogar künjegindäki ýa­şaý­jy­la­ry­nyň ara­syn­da giň­den ýaý­ran ça­pak tan­sy mil­li toý­la­ry­my­zyň be­ze­gi­dir. Ça­pak tan­sy ýaş ge­lin-gyz­lar ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Tan­sy ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­ler giň te­ge­le­gi eme­le ge­ti­rip, onuň mer­ke­zin­de iki ýa-da bir­nä­çe aýal maş­ga­la du­ran ýer­le­rin­de ýu­waş­ja bök­mek ar­ka­ly tan­syň il­kin­ji saz­la­şyk­ly he­re­ke­ti­ni ed­ýär­ler. Ola­ryň el­le­ri­niň aýa­la­ry bi­len ça­pak ça­lyş­la­ry tan­syň ru­hu­na öz­bo­luş­ly öwüş­gin ber­ýär. Bi­ler­men­ler tans he­re­ket­le­ri­niň as­man gi­ňiş­li­gin­de ga­nat ýaý­ýan guw­la­ry ýa­da sal­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.

Di­ýa­ry­myz gyş gu­ja­gyn­da

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 As­man­dan inen ak­ja gar toz­ga­jyk­la­ry mu­kad­des top­ra­gy­my­zyň ýü­zü­ni ak­ly­ga bü­re­di. Ine-de gy­şyň ala­ma­ty. Bu ala­mat her bir türk­me­niň kal­by­na öz­bo­luş­ly öwüş­gin ça­ýyp ýüz­le­rin­de bagt­ly ýyl­gy­ryş­la­ryň peý­da bol­ma­gy­na ge­tir­ýär. Pä­him­dar pe­der­le­ri­mi­ziň «Gy­şyň gü­ni kyrk tüýs­li, kyr­ky­sy­da gy­lyk­syz» diý­mek bi­len gü­neş­li ül­kä­miz­de gyş pas­ly­nyň ed­ýän oýun­la­ry­ny çe­per sö­züň üs­ti bi­len be­ýan edip­dir­ler. Gyş pas­ly dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da dür­lü­çe gel­ýär. My­sal üçin, iň do­wam­ly gar ýag­my­ry­na 1932-nji ýyl­da Ka­na­da­nyň ýa­şaý­jy­la­ry şa­ýat bol­du­lar. Ol ýer­de 9 gün dyn­man gar ýa­gyp­dyr. Mu­nuň ne­ti­je­sin­de ga­ryň bo­ýy bir gat­ly jaý­la­ryň üçe­gi­ne çen­li ba­ryp ýe­tip­dir. Af­ri­ka ýurt­la­ryn­da bol­sa gyş ge­len­de gar ýag­ma­ýan pur­sat­la­ry hem bol­ýar. Bi­ziň gü­neş­li Di­ýa­ry­myz­da bol­sa gy­şyň lez­ze­ti baş­ga­ça.

Dün­ýäniň ähli ene­-atalaryny oýa ba­ty­ran mek­dep mü­di­ri­niň ha­ty

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Sin­ga­pur­da­ky mek­dep mü­di­ri okuw­çy­la­ryň ata-ene­le­ri­ne äh­li in­ter­net ula­ny­jy­la­ry­ny oý­lan­dyr­ýan hat ýol­la­dy. On­da ýol­baş­çy, hat-da, öz di­ýen­li ata-enä­niň kal­by­na ýol ta­pyp bil­jek örän mö­hüm ha­ky­kat­la­ry be­ýan edip­dir. All Sin­ga­po­re Stuff ne­şi­ri ana, şol ha­ty hö­dür­le­ýär.

Welosipediň saglyga peýdasy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 We­lo­si­ped spor­tuň beý­le­ki gör­nüş­le­ri ýa­ly, ada­myň he­re­ke­ti­ni iş­jeň­leş­dir­ýär. Ýö­ri­te­leş­di­ri­len ug­ry bo­ýun­ça do­ly ae­rob maşk­la­ry bo­lup, gan aý­la­nyş, dem alyş, da­ýanç he­re­ket ediş ul­ga­my­ny ber­ki­di­ji ha­sap­lan­ýar. We­lo­si­ped ýü­rek-da­mar ul­ga­my­nyň iş­jeň­li­gi­ni gow­lan­dyr­ýar. Şeý­le-de, im­mun ul­ga­my­ny ber­kid­ýär. Dem alyş ul­ga­my­ny ka­da­laş­dyr­ýar.

Barha kämilleşýän ulgam

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, ýaş ne­sil­le­ri­mi­ze be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ul­ga­myň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek bo­ýun­ça ba­dal­ga be­ril­ýän öz­gert­me­ler ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýär.

«Peçiz» türkmen milli oýny

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Türkmen pähimdar, ugurtapyjy, ynsanperwer milletdir. Halkymyz milli gymmatlyklarymyzy asyrlaryň dowamynda gorap saklap Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesillerine miras goýupdyr. Dünýä alymlary türkmeniň bäş müň ýyllyk taryhy bar diýip belleýärler. Munuň dogrudygyny türkmeniň dünýä swilizasiýasynyň ösüşine täsir eden döwürlerine hem ser salsak, aýdanlarymyzyň dogrudygyny aýdyňlygy bilen görmek bolýar. Miras — bu ata-babalarymyzyň nesillere goýan ýadygärligi. Şol mirasyň biri hem türkmen milli oýunlarydyr. Ol oýunlar nesil terbiýesinde hem aýratyn orny eýeleýär.

Kitap okamagyň saglyga peýdasy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Kitap – ylymlar dünýäsiniň açary bolmak bilen saglygyň bir çeşmesidir. Kitaby söýüp okaýan adam oňa çyn dosty hökmünde garaýar. Çyn dost bolsa hemişe seniň ugruňda alada edýär. Ol alada-da seniň jan saglygyňdyr. Alymlar kitaby ymykly okaýan adamlaryň durmuş endikleriniň kämilleşýändigini, saglygynyň bolsa berkemegine getirýändigini anykladylar. Ýogsam-da kitap okamagyň saglyga 7 peýdasy hakynda gürrüň edýärler. Olar nämekä?

Futbol oýnunyň adalgalary

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Maglumata bolan zerurlyk adamynyň sosial ýagdaýyna, ýaşaýyş şertlerine, edýän işine köp derejede bagly bolýar. Zerurlyk esasynda bolsa, habara bolan gyzyklanma döreýär. Adam durmuşdaky ornuny tapmak hem-de anyk meseleleri çözmek üçin nähili maglumatlaryň gerekdigini bilýär hem-de şol maglumatlary almaga çalyşýar. Käwagtlarda bolsa ideýalary, dünýägaraýyşlary, syýasy we ahlak gymmatlyklary auditoriýa metbugat serişdeleri, teleradioýaýlymlary arkaly düşündirmeli bolýar. Dürli görnüşdäki köpçülikleýin teleradio ýaýlymlary özara birleşip bir, umumy wezipäni ýerine ýetirýärler. Bu öz kanunlary we öz gatnaşyklary boýunça ýaşaýar. Dürli görnüşli habar berş serişdelerini bir umumylyga, olaryň ählisini birmeňzeş usullary ulanýandygy birleşdirýär.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ylym-bilim pudagny ösdürmekde alyp barýan dünýä nusgalyk işleri ýurdumyzda tehnologiýalaryň, şol sanda žurnalistikanyň-da ösmegine, hem-de ondaky ulanylýan adalgalaryň-da köpelmegine getirýär.Ýurdumyzyň sport ulgamynda hem alnyp barylýan döwrebap özgertmeler özüniň oňyn netijesini berýär. Garaşsyz Diýarymyzda geçirilýän dürli derejedäki sport ýaryşlary bolsa bu ugurdan köp sanly sözleriň türkmen diline berk orn

Toyoto Camry V6

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Toyo­ta­nyň ta­ry­hy dok­ma ma­şy­nyn­dan baş­lan­dy. 1896-njy ýyl­da Sa­ki­çi To­ýo­da en­ja­my elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji­si bi­len en­jam­laş­dyr­dy, nä­saz­lyk­lar ýü­ze çy­kan ha­la­tyn­da aw­to­ma­ti­ki öç­di. In­že­ner tiz wagt­dan «Toyo­da» mar­ka­sy­na öw­rü­len za­wo­dy dö­ret­di. Sa­ki­çi­niň og­ly Kii­çi­ro To­ýo­da dok­ma za­wo­dy­ny ma­şyn gur­lu­şy­gy­na öwür­me­gi ba­şar­dy. Ka­ka­sy­nyň aw­tou­lag­la­ra bo­lan söý­gü­si­ni ama­la aşyr­mak üçin 1930-njy ýyl­da in­ži­ner­çi­lik bi­li­mi we da­şa­ry ýurt­da­ky tej­ri­be­si ne­ti­je­sin­de ka­ka­sy­nyň kom­pa­ni­ýa­syn­da aw­tou­lag ön­dür­mek bö­lü­mi­ni aç­dy. 1935-nji ýyl­da «Toyo­da» mar­ka­sy bi­len il­kin­ji aw­tou­lag­lar – A1 ýo­lag­çy aw­tou­la­gy we G1 aw­tou­la­gy­ny çy­kar­ýar.

Türk­me­nis­tan – uzak ýaş­ly­laryň ýur­dy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Bu ke­rem­li top­ra­gyň bi­ze eçi­len nyg­mat­la­ry her bir yn­sa­nyň öm­rü­ne ömür goş­ýar. Dur­muş wa­ka­la­ry asyr­lar aşan adam­la­ryň ýü­zün­de bu gün­ki gün hem mi­ze­mez bag­ty gör­mek bol­ýar. Maň­la­ýyn­da jo­ýa ýa­san ýy­gyrt­lar­da Wa­ta­na, il-ýur­da, ene top­ra­ga çe­ken zäh­me­ti, eden yh­la­sy du­ýul­ýar. Dö­wür ola­ra en­çe­me sü­tem­le­ri gör­ke­zen bol­sa-da, hä­zir­ki wagt­da bagt­ly eş­re­tiň hö­zü­ri­ni gör­ýär­ler. Çün­ki bu dö­wür – Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri.

Meşhur grossmeýster bilen duşuşyk

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 10-njy okt­ýabr­da Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki ýö­ri­te­leş­di­ri­len küşt we şaş­ka mek­de­bin­de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­ly ta­ny­mal gross­meýs­ter Nay­jel De­wid Şort myh­man­çy­lyk­da bol­dy. Myh­man küşt we şaş­ka mek­de­bin­de se­mi­nar okuw gu­ra­dy. Bu se­mi­nar oku­wa küşt we şaş­ka mek­de­bi­niň tej­ri­be­li ta­lim­çi­le­ri, mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň tür­gen­le­ri, Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň küşt hü­nä­ri­niň mu­gal­lym­la­ry hem-de ta­lyp tür­gen­le­ri gat­naş­dy­lar.

Los-Anjeles 2028

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Los-An­je­les 2028 Olim­pi­ýa Oýun­la­ry, 1932-nji we 1984-nji ýyl­lar­dan soň, şä­he­riň 3-nji ge­zek bu dün­ýä äh­mi­ýet­li sport wa­ka­sy­ny ka­bul et­me­gi­ne se­bäp bol­dy. Bu oýun­lar, hem sport, hem-de jem­gy­ýet üçin mö­hüm tä­ze­lik­le­ri we ösü­şi ge­tir­jek­dir. Los An­je­les 2028 Olim­pia­da­sy, şä­he­riň inf­rast­ruk­tu­ra­sy, sport uky­by we dün­ýä­niň dür­li kün­je­gin­den gel­ýän tür­gen­ler üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­ler dö­re­der.

Ýola goýmaly endikler

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024  Her bir yn­sa­nyň özü­ne mah­sus hä­si­ýe­ti­niň we te­bi­gy aý­ra­tyn­ly­gy­nyň bar­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, uzak gün­ki iş­den ýa-da ýa­daw­lyk­dan soň, öý­de kä­bir zat­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi ýo­la goý­ma­ly. Bi­ler­men­ler ge­re­gin­den ar­tyk ýa­typ dynç al­ma­gyň de­re­gi­ne, öý­de maş­ga­la ag­za­la­ry bi­len bi­le­lik­de meş­gul­la­nyp bol­jak dynç alyş en­dik­le­ri­ne eýer­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Bu en­dik­ler ada­myň iş­jeň­li­gi­ni art­dy­ryp, stre­si we ala­da­la­ry ara­dan aýyr­ýar. Şeý­le-de, ada­myň özü­ni şa­dy­ýan we ra­hat duý­ma­gy­na kö­mek ed­ýär.

Futbolda iň ýakymly ýatlama

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Ýa­kyn­da sport te­le­ýaý­lym­la­ry­nyň bi­rin­de bir söh­bet­deş­li­ge ga­bat gel­dim. On­da «Bar­se­lo­na» fut­bol to­pa­ry­nyň öň­ki fut­bol­çy­sy Kris­ti­an Tel­lo sport žur­na­lis­ti­niň so­wal­la­ry­na jo­gap ber­ýär­di.

Sportdaky rekordlar

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 200 met­re kebelekläp ýüz­mek­de dün­ýä re­kor­dy­ tä­ze­le­ndi