Halkyň ykbaly bilen ebedi bagly miras
«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Gündogaryň şygyr sungatyny baýlaşdyrmakda we ösdürmekde uly hyzmaty ýerine ýetiren söz ussady, türkmen halkynyň milli guwanjy beýik Magtymguly Pyragynyň umumadamzat bähbitlerini goldaýan pikirlere ýugrulan eserleri dünýä ýüzünde ähmiýetini ýitirmän gelýär. Şahyryň halkyň ykbaly bilen ebedi bagly bolan çeper mirasy wagt synagynyň öňünden geçdi. Şu günlerde şahyryň eserleriniň watançylyk, ahlak päkligi, mertlik, gahrymanlyk, agzybirlik we edeplilik ýaly meseleleri barada aýdan pikirleri akyl-paýhasa, inçe duýga ýugrulan setirleri tämiz owaz bilen ýaňlanýar, täze şöhle bilen şugla saçýar.