"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Mary welaýaty

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ýur­du­myz­da halk de­mok­ra­ti­ýa­sy­nyň bar­ha giň­den da­ba­ra­lan­ma­gy, türk­men jem­gy­ýe­ti­niň bar­ha kä­mil­leş­me­gi Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da be­lent­le­re gö­ter­ýän oňaý­ly ýag­daý­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň dö­re­dil­me­gi, oňa Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýol­baş­çy­lyk et­me­gi hal­ky­my­zyň, şol san­da — ýur­du­my­zyň sport ul­ga­my­nyň hü­när­men­le­ri bo­lan bi­ziň hem gö­wün gu­şu­my­zy ga­nat­lan­dy­ryp, hal­ky­my­zyň, döw­le­ti­mi­ziň ýag­ty gel­je­gi­ne bo­lan yna­my­my­zy art­dyr­ýar.

Dünýä ýaň salýandyr türkmen sporty

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ga­raş­syz, baky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz­da, asu­da as­ma­ny­myz­da par­la­ýan ýa­şyl Tu­gu­my­zyň şug­la­syn­da, tä­ze ta­ry­hy döw­rü­miz­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lan spor­ty we be­den­ter­bi­ýe he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek­de uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­lan­gyç­la­ry, ta­ry­hy tu­tum­la­ry, giň ge­rim­li öz­gert­me­le­ri ne­ti­je­sin­de mil­li spor­tu­my­zy ös­dür­me­giň, onuň hal­ka­ra de­re­je­de yk­rar edil­me­gi­ni ga­zan­ma­gyň düýp bin­ýa­dy­nyň goý­lan­dy­gy hem­mä­mi­ze mä­lim ha­ky­kat­dyr. Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry, dur­mu­şa ge­çi­ren ägirt uly iş­le­ri esa­syn­da eziz Di­ýa­ry­my­zyň dün­ýä­de sport ýur­dy diý­lip yk­rar edil­me­gi­ni bol­sa Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da­ky iň aja­ýyp üs­tün­lik­le­riň bi­ri hök­mün­de buý­san

Dil­de se­nam ― Türk­me­nis­tan

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Türk­me­nis­tan Ga­raş­syz­ly­gy­ny 1991-nji ýyl­da ga­zan­dy. Her ýy­lyň 27-nji sent­ýab­ry Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­dir.

Ganat diňe uçmak üçin gerek däl

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ganatlar guşlary asman şalygyna soltan edýän bolsa, ynsany üstünlikleriň şanly ýoluna rowan edýär. üstünlik gazanmak üçin bolsa bilimden hem ylymdan hasyl bolan goşa ganat derwaýysdyr. Şol ganatlar hakda oýlanyp, olaryň diňe bir uçmak üçin däl, eýsem arzyly menzilleri aşmak üçin hem gerekdigi hakyndaky pikirler bilen ikiçäk galýarsyň. 

Garaşsyzlyk asyrlar aşyp hasyl bolan arzuw

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ga­raş­syz­lyk ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ne­sil­le­ri­ne ar­zuw­lan be­lent mak­sat­la­ry­dyr. 1991-nji ýy­lyň güý­zün­den soň­ky bagt­ly ýyl­lar için­de ga­za­ny­lan aja­ýyp ýe­ňiş­ler, sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni hem-de dur­muş ugur­la­ry bo­ýun­ça ägirt uly ösüş­ler, ýe­ti­len be­lent sep­git­ler mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň wa­tan­sö­ýü­ji­li­gi, ag­zy­bir­li­gi, je­bis­li­gi, ha­lal we tu­tan­ýer­li zäh­me­ti bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ga­raş­syz­ly­gyň be­ren mi­we­le­rin­den er­ka­na ga­nyp boý alan türk­men ne­sil­le­ri öz geç­miş­dä­ki be­ýik iş­le­ri bi­ti­ren ata-ba­ba­la­ry­nyň eder­men­lik­le­ri­ne, ola­ryň wa­tan öňün­dä­ki be­ýik söý­gü­si­ne gu­wa­nyp ýa­şa­ýar­lar. Bu be­ýik ger­çek­le­riň bi­ti­ren iş­le­ri ta­ryh­da ýal­kym sa­çyp, türk­men mil­le­ti­niň as­ly­nyň be­ýik halk­dy­gy­na şa­ýat­lyk eder.

Çüwen bagtym — Garaşsyzlyk

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Watanyňy söýüp, onuň barlygyna guwanyp ýaşamak, her bir üstünligine buýsanyp, oňa öz sesiňi goşup bilmek bagtyň ulusydyr. Aslynda, ata Watanymyzyň berkararlygy, keremli topragymyzyň mähribanlygy, bagy hem-de bakjasy, dagy hem-de düzi, her bir daban ýeri biziň hemmämiz üçin iň mukaddes gymmatlykdyr. Eziz Watanda her günüň gadyryny bilip, bagtly, eşretli durmuşda ýaşamak, päk hem-de arassa zähmet çekmek ynsan ömrüniň manysyny düzýär.

Kibersport

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len ata Wa­ta­ny­myz hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­nyň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän ýur­du­na öw­rül­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: «Tür­ge­niň tä­sin he­re­ke­ti onuň te­bi­gy uky­by bol­mak bi­len bir­lik­de, ada­myň dö­re­di­ji­lik müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ös­dür­me­giň bir ug­ru­dyr» di­ýen sözlerinden ugur alyp, spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­lar geçi­ril­ýär. Ça­ga­la­ryň bi­lim taý­dan aňy­nyň tä­sir­li ös­me­gi­ne ýar­dam ed­ýän, bäş ýaş­dan uly bo­lan ça­ga­la­ra gy­zyk­ly oýun­lar we ýu­muş­lar ar­ka­ly elekt­ron spor­tu­ny öw­ret­mek bi­len ça­ga­nyň beý­ni­si­niň iş­jeň­li­gi ýo­kar­lan­dyryl­ýar. Şeý­le hem ça­ga­nyň üns­lü­li­gi­niň we ýat­keş­li­gi­niň çalt ös­me­gi­ne tä­sir ed­ýär. «Türk­me­nis­tan­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na» la­ýyk­lyk­da san­ly ul­ga­my sport sy­ýa­sa­ty­na or­naş­dyr­ma­gy ýo­la goý­mak we ki­bers­por­ty ös­dür­mek ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li elekt­ron sport

Ýa­şu­lu­la­ra be­lent sar­pa

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Türk­men hal­ky ylym-bi­lim taý­dan ýü­ki ýe­tik, il bäh­bi­di­ni öz bäh­bi­din­den ile­ri tut­ýan, pä­him-paý­has eýe­si bo­lan il ýa­şu­lu­sy­na äh­li dö­wür­ler­de-de uly hor­mat go­ýup­dyr. Pa­ra­sat­ly, her bir çyl­şy­rym­ly me­se­le­den akyl­ly-baş­ly ne­ti­je çy­kar­ma­gy ba­şa­ran, il-ulu­sy bir sa­ça­gyň ba­şy­na jem­län, il-hal­kyň, Wa­ta­nyň yk­ba­ly bi­len bag­la­ny­şyk­ly gö­reş­ler­de türk­men ýi­git­le­ri­ni ýeň­şe ruh­lan­dy­ran pa­ra­sat­ly türk­men ýa­şu­lu­la­ry­nyň do­wa­ma­ty bo­lan bu gün­ki ak­sa­kal ýa­şu­lu­la­ry­my­za Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz uly sy­lag-sar­pa goý­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de ýa­şu­lu­la­ry­my­za «Türk­me­nis­ta­nyň Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy» di­ýen hor­mat­ly at­la­ryň ýur­du­myz­da iň bir hor­mat­la­nyl­ýan, iň bir sy­lan­ýan adam­la­ra da­kyl­ma­gy ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyl­ly ýö­rel­ge­si bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ýa­şu­ly ne­sil­le­re hor­mat goý­mak, ola­ryň mer­te­be­si­ni be­len­de gö­ter­mek bi­ze pe­der­le­ri­miz­den mi­ras ga­la

Meşhur küştçi

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Küşt­çi ze­nan Maý­ýa Çi­bur­da­nid­zä­niň ady öz döw­rün­de dil­le­riň se­na­sy­na öw­rül­di. Onuň tu­tuş dün­ýä­de ze­nan küş­tü­niň mer­te­be­si­ni gal­dyr­mak­da go­şan­dy diý­seň ulu­dyr. Ol küşt bo­ýun­ça dün­ýä­niň 1978—1991-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da­ky 6-njy çem­pio­ny­dyr. Ol 1951-nji ýy­lyň 17-nji ýan­wa­ryn­da Gru­zi­ýa­nyň Ku­tai­si di­ýen ýe­rin­de dün­ýä in­ýär. Maý­ýa küşt olim­pia­da­la­ry­nyň 9 ge­zek ýe­ňi­ji­si bo­lan ze­hin­li ze­nan küşt­çü­dir. 1984-nji ýyl­da ol küşt­de er­kek­le­riň arasynda gross­meýs­ter de­re­je­si­ne eýe bol­ýar. Hal­ka­ra gross­meýs­ter (1977), at ga­za­nan sport us­sa­dy (1979), So­wet So­ýu­zy­nyň çem­pio­ny (1977), dün­ýä­niň çem­pio­ny (1978-91), «Küşt Os­ka­ry» baý­ra­gy­nyň eýe­si. Er­jel we aşa ze­hin­li küşt­çi Maý­ýa Çi­bur­da­nid­ze dün­ýä­niň küşt bo­ýun­ça 6 ge­zek çem­pio­ny bol­ma­gy ba­şar­dy.

Sporta şan berýär türkmen diýary

Arkadagdan arkaly şäher

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Adam yhlasyna, zähmetine taý geljek hiç bir güýç ýok. Onuň yhlasy hasyl bolanda, elinden dür dökülende bitmän galjak iş, ýetilmejek menzil bolmaýar. Ine, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan, irginsiz zähmetinden bina bolan, mähir-söýgüsinden kemala gelen täze «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň gözelligini, döwrebaplygyny synlanyňda, buýsanjyň hem guwanjyň artyberýär.

Altyn arzuwlar

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Yn­san, on­da-da ha­ky­ky dur­mu­şa in­di ga­dam bas­ma­ly ýaş yn­san gel­jek üçin ýü­re­gin­de asyl­ly ar­zuw­la­ry bes­le­giç bol­ýar. Şol ar­zuw­lar, gün­ler-aý­lar geç­di­gi­çe, kö­ňül­de-beý­ni­de bi­şip, gaý­nap, al­tyn ar­zuw­la­ra öw­rül­ýär.

Parahatçylyk il­çi­si

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Hal­ky­my­zyň ru­hy gym­mat­ly­gy, ýet­miş iki saz gu­ra­ly­nyň naý­ba­şy­sy, iki ki­riş­li, on üç per­de­li du­tar türk­me­niň ak öýü­niň tö­rü­niň gel­şi­gi, toý-baý­ram­la­ryň şa­ga­laň-şow­hu­ny­nyň esa­sy se­bäp­kä­ri bo­lup­dyr.

«1000 söz» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baştutanlygynda ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ryn­da dur­nuk­ly ga­za­nyl­ýan ösüş­ler bag­ty­ýar­ly­gyň we aba­dan­çy­ly­gyň me­ka­ny hök­mün­de eziz Wa­ta­ny­my­zy şan-şöh­ra­ta bes­le­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň mer­ke­zin­de «Türk­me­nis­tan Sport» hal­ka­ra žur­na­ly bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Bag­ty­ýar­lyk et­rap Ge­ňe­şiniň bi­le­lik­de gu­ran «1000 söz» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň je­mi jem­le­nil­di.

Garaşsyzlygyň ilkinji buşlukçysy

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ata Wa­tan. Bu jüm­le her bir yn­sa­nyň kal­by­nyň tö­rün­de orun alan diý­seň uly baý­lyk. Is­len­dik ül­ke­de bol­saň-da özüň­ki ýa­ly­sy tap­dyr­maz. Mun­da dog­lan adam mun­da git­me­giň ar­zu­wyn­da. Şahyr gur­sa­gy­nyň iň eziz ýe­ri­niň eýe­si Wa­ta­ny­nyň agy­sy­na ag­lap, gül­kü­si­ne gü­len adamdyr. Şeý­le şahyr ýürekli yn­san­la­ryň bi­ri 1991-nji ýy­lyň güý­zün­de türk­me­niň bag­ty bo­lup do­gan ku­ýa­şyň il­kin­ji buş­luk­çy­sy. Ol — Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy Ata­my­rat Ata­ba­ýew. Şa­hy­ryň güýz pas­lyn­da ýa­zan «Ga­raş­syz» at­ly goş­gu­sy bi­ziň şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­myz ha­kyn­da ka­gy­za ge­çi­ri­len il­kin­ji şy­gyrlaryň biri hasaplanýar. Bu şol wagt baý­ram­çy­lyk üçin ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak sow­gat bo­lup­dyr. Hä­zir bol­sa Ata­my­rat aga­nyň şol şyg­ry aýdym bolup ýaňlanýar.

Garaşsyzlyk — buýsanjym

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Halkymyz Watany başyň täji hasaplaýar. Başyň täçli bolmagy seniň öz ýurduňda azat adamdygyňy, Watanyň barlygyny duýup, ony söýüp ýaşamak bagtynyň eýesidigiňi aňladýar. Bu duýgyny hem söýgini hiç bir baýlyk bilen satyn alyp bolmaz, bu duýgyny hiç bir zat, hiç bir gymmatlyk bilen çalşyp bolmaz. Bu duýgynyň süýjüligi we lezzeti bilen dünýäniň hiç bir zady deňleşip bilmez. Sebäbi ata Watanymyzyň berkararlygy, keremli topragymyzyň mähribanlygy, bagy hem-de bakjasy, dagy hem-de düzi, her bir daban ýeri biziň üçin iň mukaddes gymmatlykdyr.

Ykbalymyza nur çaýan bagtyýarlyk

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň döw­let­li ýo­lu­ny üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýän Ar­ka­dag­ly Gahryman Serdarymyzyň baş­da dur­ma­gyn­da ýe­til­ýän be­lent sep­git­ler ata Wa­ta­ny­my­zy ar­zuw­la­ryň ha­syl bol­ýan Di­ýa­ry­na öwür­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myzyň Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň we­zi­pe­si­ne gi­riş­mek da­ba­ra­syn­da buý­sanç bi­len di­le ge­ti­ren «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen paý­has­ly söz­le­ri wa­tan­daş­la­ry­my­zy ruh­lan­dyr­ýar. Şeý­le­lik­de, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hormatly Prezidentimiziň parasatly baş­tu­ta­n­ly­gyn­da türk­men hal­ky özü­niň nu­ra­na gel­je­gi­ni gur­ýar. Röw­şen gün­le­re uza­ýan bu ýol­lar­da hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi we je­bis­li­gi, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň öň­den­gö­rü­ji­li­gi we tu­tan­ýer­li­li­gi bir­le­şip, eş­ret­li er­tir­le­re uza­ýan men­zil­le­ri ma­ny-maz­mun bi­len, uly ynam we yh­las bi­len baý­laş­dyr­ýar.

Sag­dyn­ly­gyň ýurdy

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň yk­ba­lyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan, ulu­dan toý­la­nyl­ýan mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my bo­sa­ga­da dur. Şöh­rat­ly ta­ry­hy gah­ry­man­çy­ly­ga bes­le­nen mer­da­na hal­ky­my­zyň öz­baş­dak, Ga­raş­syz döw­let ba­ra­da­ky asyr­lar bo­ýy edip ge­len ar­zu­wy 1991-nji ýy­lyň hoş ho­wa­ly al­tyn güý­zün­de ha­syl bo­lup, Ga­raş­syz Türk­men döw­le­ti eme­le gel­di. Şol aja­ýyp gün­den bä­ri biz her ýyl mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly to­ýu­ny da­ba­ra­ly bel­läp gel­ýä­ris.

Gel­jek­ki ýe­ňiş­li ýol­la­ryň sa­ka­syn­da du­ran tä­lim­çi mu­gal­lym hakda söz

«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024 Hü­nä­re bo­lan söý­gi adam­da ke­ma­la gel­ýän asyl­ly gy­lyk-hä­si­ýet­le­riň bi­ri. Hü­nä­ri her kim özü­çe söý­ýär. Kim gö­wün sö­ýen hü­nä­ri­ni edi­nip, hü­när­men hök­mün­de zäh­met çe­ke­si gel­ýär, kim bol­sa öz hü­nä­ri­ni ýaş ne­sil­le­re öw­ret­me­gi mak­sat edin­ýär.

Oýunlaryň adam durmuşyna täsiri

«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024 Ada­myň aňy, pi­kir-dü­şün­je­si bi­len dö­re­di­len mil­li hem he­re­ket­li oýun­la­ryň yn­san dur­mu­şy­na ýe­tir­ýän tä­si­ri diý­seň ulu­dyr. Oýun oý­na­mak di­ňe bir wag­ty­ňy gy­zyk­ly, ma­ny­ly ge­çir­mek däl-de, eý­sem, pi­kir-dü­şün­jä­ňi, ukyp-ba­şar­ny­gy­ňy art­dyr­mak bi­len berk bag­ly­dyr. Hä­zir­ki wagt­da oýun­lar, sport gör­nüş­le­ri adam­za­dyň uzak asyr­la­ryň do­wa­myn­da dö­re­den öz­bo­luş­ly güý­men­je­si bol­ma­gyn­dan in­di adam­zat dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz bir bö­le­gi­ni düz­ýän pu­dak de­re­je­si­ne çen­li ös­di. Dün­ýä ýurt­la­ryn­da spor­ta we sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne be­ril­ýän ün­se la­ýyk­lyk­da adam­la­ryň sag­dyn ýa­şaý­şy, pi­kir-dü­şün­je­si­niň kä­mil­leş­me­gi üçin spor­ta hem-de mil­li oýun­la­ra uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.