"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Türkmen öz geljegne berdi bakylyk, Siziň her işiňiz gahrymançylyk!

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Pä­him-pa­ra­sa­da baý ata-ba­ba­la­ry­my­zyň bi­ze mi­ras gal­dy­ran gym­mat­ly ru­hy ha­zy­na­sy bo­lan ne­si­hat­la­ryn­da, ber­ýän dur­muş ter­bi­ýe­sin­de kim­dir bi­ri­ne he­ma­ýat ber­mek, mö­hü­mi­ni bi­tir­mek, gol­da­mak, ala­da­sy­ny et­mek, ze­rur­lyk­la­ry bi­len üp­jün et­mek iň so­gap iş­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Şun­dan çen tu­ta­ny­myz­da, mil­li­on­lar­ça ada­myň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni go­wu­lan­dyr­mak, ze­rur dur­muş şert­le­ri bi­len üp­jün et­mek, asu­da, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şat­mak, iş­le­mä­ge, dö­ret­mä­ge, gur­ma­ga äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dur­mu­şa or­naş­dyr­mak, tu­tuş hal­kyň ke­şi­gi­ni çek­mek so­gap­la­ryň iň ulu­sy bol­sa ge­rek. Hal­ky­my­zyň geç­miş ta­ry­hy­na ser sa­la­ny­myz­da be­ýik iş­le­ri bi­ti­ren ägirt­ler kän. Şo­nuň üçin ola­ryň ady halk ara­syn­da ebe­di ýa­şa­ýar. 

Bitaraplyk — parahatçylygyň kepil

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda şeýle jümle bar: «Guşlaryň sesini, şemalyň «aýdymyny», dananyň söhbete berlendäki tüýsüni, otlaryň terligini we sansyz köp täsinlikleri duýmagyň hakyky tebigy ýagdaýyny asyl-ha hiç bir zat bilen çalşyp bolmaýar». Ornuna hiç bir zady goýup bolmajak bu gymmatlyga diňe parahatçylygyň bar ýerinde duş gelmek mümkindir. 

Pa­ra­hat­çy­ly­gyň bin­ýa­dy

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: «Bü­tin­dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan be­ýik gym­mat­lyk hem-de äh­lu­mu­my tag­ly­mat hök­mün­de yk­rar edi­len Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň baş mak­sa­dy adam­za­dyň we gel­je­giň bäh­bit­le­ri­ne gö­nük­di­ri­len pa­ra­hat­çy­lyk, dost­luk ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da bü­tin dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy go­ra­mak­dyr. Şu nuk­daý­na­zar­dan, Azi­ýa­nyň we Ýew­ro­pa­nyň çat­ry­gyn­da ýer­le­şen döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ge­ri­mi­niň gi­ňe­me­gi­ne we dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ös­me­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­di» di­ýip bel­le­ýär.

Arkadag şähri

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Bu gün köňli ýyladýar,Umman Arkadag pähmi.Dünýäni haýran edýär,Derman Arkadag şähri.

Asudalygyň we dowamatyň nyşany

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy bilen, döwlet Baýdagymyzyň mazmunynda parahatçylygyň hem asudalygyň nyşany bolan zeýtun baldajygynyň peýda bolmagy aýratyn mana eýedir. Zeýtun agajy taryhyň iň irki döwürlerinden bäri adamzat aňynda mukaddesligiň, ýagşy umydyň, ylalaşygyň nyşany hökmünde bellidir. Gadymy döwürde ýazylan lukmançylyk bilen baglanyşykly kitaplarda onuň adam saglygyna peýdasy hakynda köp maglumatlar berlipdir. Baldajygynyň şekili berekediň alamaty hökmünde gadymy döwrüň pul birlikleriniň ýüzünde hem ýerleşdirilipdir. Ony «suwuk altyn» diýip hem atlandyrypdyrlar.

Türkmen bedewi — adamzat gymmatlygy

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Türk­me­nis­ta­nyň «Ahal­te­ke at­çy­lyk sun­ga­ty we at­la­ry be­ze­mek däp­le­ri» at­ly mil­li hö­dür­na­ma­sy­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň ― ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi ba­ra­da hoş ha­ba­ryň ge­lip go­wuş­ma­gy äh­li il­deş­le­ri­mi­zi

Dost — do­gan­ly­k köp­rü­si

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Sport — dost-do­gan­ly­gyň köp­rü­si. Bir-bi­re­ge ýü­rek­deş dost bol­ma­gy, ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk sak­la­ma­gy ýo­la goý­ýan gym­mat­lyk­la­ryň bi­ri-de sport sy­ýa­sa­ty­dyr. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä ýü­zün­de be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň gül­läp ös­me­gi ne­ti­je­sin­de ýurt­la­ryň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk, tej­ri­be alyş­mak, dost-do­gan­lyk ýö­rel­ge­le­ri has-da ber­ke­ýär. Sport ug­run­dan ge­çi­ril­ýän Azi­ýa we dün­ýä çem­pio­nat­la­ry ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny, köp­ta­rap­la­ýyn bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk­la­ry, öza­ra dü­şü­niş­me­gi giň­den ýo­la goý­ýar. Bu ba­bat­da dün­ýä­niň ün­sü­ni çek­ýän sport bäs­le­şik­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti diý­seň ulu­dyr.

Erkinligiň güwäsi

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­syn­da 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik bi­ta­rap­ly­gy» ha­kyn­da ka­rar­na­ma ka­bul edil­di. Türk­me­nis­tan de­giş­li ka­rar­na­ma­ny Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na or­naş­dy­ran ýe­ke-täk döw­let­dir. Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň, 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da, 2015-nji ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da ka­bul eden Ka­rar­na­ma­la­ry bi­len ikinji ge­zek yk­rar edil­di. Bu ýur­duň bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­dir. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 12-nji de­kab­ry Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da Kararnamasynyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň oňyn Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň äh­lu­mu­my yk­rar­na­ma­sy­nyň ýe­ne bir ge­zek ke­pil­len­di­ril­me­gi bol­dy. 2017-nji ýy­lyň 2-nji few­ra­lyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 71-nji mas­la­ha­tyn­da 71/275 bel­gi­li Kararnama biragyz­dan ka­bul edil­di. On­da Türk­me­nis­ta­nyň öňe sü­ren tek­li­bi bi­len «12-nji de­kabr — Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni» di­ýlip yg­lan edil­di.

Goý, parlasyn parahatlyk baýdagy!

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Her bir yn­sa­nyň dur­mu­şyn­da bo­lup ge­çi­şi ýa­ly, hal­kyň, döw­le­tiň yk­ba­lyn­da hem ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­lar, wa­ka­lar bo­lup geç­ýär. Mu­ny ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra esas­la­na­ny­myz­da hem gör­mek bol­ýar. Türk­men hal­ky asyr­la­ryň do­wa­myn­da dün­ýä­niň pa­ra­hat­çy­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da be­ýik iş­le­ri bi­ti­ren halk. Çün­ki paý­has­ly pe­der­le­ri­miz goý­nun­da pa­ra­hat­çy­lyk bo­la­nyn­da ýur­duň bag­ty­ýar hem aba­dan bol­ja­gy­na dü­şü­nip­dir. Bu aý­dan­la­ry­my­zyň aý­dyň my­sa­ly­ny Şü­kür bag­şy­nyň ömür ýo­ly hem aý­dyň­ly­gy bi­len su­but ed­ýär.

Sport baýramçylygy

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Mä­re­kä­niň üý­şen ýe­ri my­da­ma-da uly şow­hu­na bes­len­ýär. Şo­nuň üçin hem bir ýer­de üý­şüp du­ran adam­lar ag­za­lan­da «to­ýuň ada­my ýa­ly» diý­len meň­zet­me ula­nyl­ýar. Toý, baý­ram şat­lyk-şow­hu­nyň mes­ge­ni. Gi­den mä­hel­lä­ni özün­de jem­le­ýän ýer­le­riň bi­ri hem sport ýa­ryş­la­ry­dyr.

Arzuwlardan başlanan ýeňiş

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Ýü­re­gin­de ar­zuw-is­leg­le­ri­niň gül bo­lup açyl­ma­gy­ny is­le­ýän her bir yn­san ar­zuw­la­ry­na ta­rap il­kin­ji ädim­le­ri­ni äd­ýär. Bi­rin­ji, ikin­ji, soň üçün­ji ädim­... Şeý­di­bem, ar­zuw­la­ra ta­rap ädim­sa­ýy ýa­kyn­la­şyp, il­kin­ji üs­tün­lik­ler, ýe­ňiş­ler bi­len ýüz­be-ýüz bo­lun­ýar.

Myhmanlarda ýakymly täsir galdyran çempionat

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Soň­ky ýyl­lar­da hal­ka­ra sport gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk­da paý­tag­ty­myz­da­ky dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň bin­ýa­dyn­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. Il­kin­ji ge­zek bu ýer­de 2017-nji ýyl­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry üs­tün­lik­li ge­çi­ril­di. Azi­ýa we Okea­ni­ýa döw­let­le­ri­niň 62-sin­den iň ez­ber tür­gen­le­riň 5 müň­den gow­ra­gy­ny özün­de jem­län oýun­lar­da spor­tuň 21 gör­nü­şi bo­ýun­ça ýa­ryş­lar ge­çi­ril­di. Şeý­le-de sport şä­her­çe­si­niň çäk­le­rin­de 2018-nji ýyl­da ga­dy­my Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça «Amul — Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si, Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty üs­tün­lik­li ge­çi­ril­di. 2023-nji ýy­lyň iýun aýyn­da paý­tag­ty­myz 12 ýaş­ly we şon­dan ki­çi ýet­gin­jek og­lan-gyz­la­ryň ara­syn­da ten­nis bo­ýun­ça Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň se­bit­le­ýin ýa­ry­şy­nyň ikin­ji ge­zek ge­çi­ri­len ýe­ri bol­dy. On­da 6 ýur­duň — Türk­m

Türkmen talyplary — bäsleşigiň teswirçileri

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň her bir gü­ni ta­ry­hy wa­ka­la­ra, dün­ýä äh­mi­ýet­li sy­ýa­sy çä­re­le­re baý­dyr. Wa­ta­ny­my­zyň ösüş-öz­ge­riş­le­ri­ni dün­ýä ýaý­mak, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­ny hal­ky­my­zyň ara­syn­da we dün­ýä möç­be­rin­de wa­gyz et­mek, il­kin­ji no­bat­da, döw­rüň aý­na­sy bo­lan žur­na­lis­ti­ka ul­ga­my­nyň we­kil­le­ri­niň pa­ýy­na düş­ýär. Ýur­du­myz­da hal­ka­ra de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän iri çä­re­ler, şol san­da sport ýa­ryş­la­ry gel­jek­ki ýaş žur­na­list­le­re öz­bo­luş­ly mek­dep, tej­ri­be meý­da­ny bo­lup hyz­mat ed­ýär.

Türkmenistan — sport ýaryşlaryny geçirmekde nusgalyk ýurt

Wepaly — ýeňişleriň ruhlandyryjysy

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan mad­dy we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­myz bu gün­ki gün hal­ky­my­zyň mil­li­lik­le­ri­niň öz­bo­luş­ly be­ýa­ny­na, mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­my­zyň aň­la­dyl­ma­sy­na öw­rül­di. Uzak asyr­lyk geç­miş ta­ry­hyň do­wa­myn­da ata-ba­ba­la­ry­my­zyň­dyr ene-ma­ma­la­ry­my­zyň dur­muş tej­ri­be­si­ni, aň kä­mil­li­gi­ni özün­de jem­län mil­li baý­lyk­la­ry­myz hä­zir­ki wagt­da tu­tuş dün­ýä äh­mi­ýet­li iri sy­ýa­sy wa­ka­lar ar­ka­ly döw­re­bap­ly­ga ut­gaş­dy­ryl­ýar. Ýel­den ýyn­dam ga­myş­gu­lak ahal­te­ke be­dew­le­ri­miz ýur­du­my­zyň ösüş­dir öz­ge­riş­le­ri­niň ala­ma­ty bol­sa, çe­per el­ler­den çy­kan türk­men ha­ly­la­ry­myz hal­ky­my­zyň, ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň ru­hy ah­wa­ly­ny şöh­le­len­dir­ýär, türk­men ala­baý it­le­ri bol­sa ga­ra­dan­gaýt­maz ba­tyr­ly­gy, eder­men­li­gi bi­len ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän sport ýa­ryş­la­ry­nyň, dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­nyň ny­şa­ny­na öw­rül­di. We­pa­ly ady bi­len meş­hur­ly­ga eýe bo­lan türk­men ala­ba­ýy her bir sport ýa­ry­şyn­da tür­

Akylly şäheriň yşyklary

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da gur­ma­gyň we dö­ret­me­giň ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan eziz Di­ýa­ry­myz­da gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik pu­da­gyn­da uly sep­git­ler na­zar­lan­ýar. Se­bit­de ýe­ke-täk «akyl­ly» şä­her bo­lan Ar­ka­dag şä­he­rin­de dö­re­di­len döw­re­bap dur­muş şert­le­ri, amat­ly ýa­şa­ýyş müm­kin­çi­lik­le­ri, iş­le­mek, zäh­met çek­mek üçin gu­ra­lan aň­ry­baş iş usul­la­ry ba­ba­tyn­da hem bel­li­dir. Şeý­le amat­lyk­la­ryň il­kin­ji­le­ri­niň ha­ta­ryn­da, şä­he­ri we şä­her ila­ty­ny elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün et­mek işi dur­ýar. Se­bä­bi elekt­rik ener­gi­ýa­sy dün­ýä de­re­je­sin­de iň wa­jyp me­se­le­le­riň bi­ri bol­ma­gyn­da gal­ýar. Dur­mu­şy­my­zy elekt­rik ener­gi­ýa­sy bol­maz­dan göz öňü­ne ge­tir­mek müm­kin däl. Dün­ýä­de döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň art­ma­gy bi­len bu pu­da­gy ös­dür­mek iş­le­ri has-da çalt­lan­dy­ryl­dy.

Bar nygmatdan ýegdir saglyk mazasy

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Sag­lyk — baş baý­lyk, gym­mat­ly ha­zy­na. Ol hiç bir zat bi­len çal­şyp bol­ma­jak nyg­mat­dyr. Ýer ýü­zün­de sag­ly­gy­na de­rek dün­ýä ma­ly ber­len­de-de yla­laş­jak adam ta­pyl­maz. Di­li do­ga­ly ata-ba­ba­la­ry­myz sag­ly­gyň ga­dyr-gym­ma­ty­na go­wy dü­şü­nip­dir­ler. Şöh­rat­ly pe­der­le­ri­miz­den mi­ras ga­lan däp­le­ri­miz­de, dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­miz­de mu­ňa aý­dyň göz ýe­tir­mek bol­ýar.

Watan şudur, hassa bolan sagalar!

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Yn­san­la­ryň dur­mu­şyn­da hiç bir zat bi­len çal­şyp bol­ma­jak gym­mat­lyk­lar, baý­lyk­lar bol­ýar. Şo­la­ryň iň esa­sy­sy, se­re­si-de sag­lyk ha­sap­lan­ýar. Sag­lyk ada­myň dur­mu­şy­nyň äh­li ugur­la­ry­na gö­nü­den-gö­ni öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýän när­se­dir. Çün­ki di­ňe be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn adam­lar ýa­şaý­şa we dur­mu­şa hö­wes­li bol­ýar. 

Talyplaryň bäsleşikleri

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Dä­be öw­rü­len «Türk­me­nis­tan — ru­hu­be­lent­li­giň we sag­dyn­ly­gyň ýur­dy» ady bi­len ge­çi­ril­ýän Uni­wer­sia­da dowam edýär. Sport ýa­ryş­la­ry­nyň Aş­ga­bat şä­he­rin­de gu­ra­lan açy­ly­şy da­ba­ra­ly ýag­daý­da ge­çi­ri­lip, oňa Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­den ta­lyp­lar gat­naş­dy­lar.

Arkadag şäheri we sport

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Ar­ka­dag şä­he­ri — sport bi­len gu­rul­ýan bag­ty­ýar gel­je­giň şä­he­ri. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň äh­li ul­gam­la­ry bi­len bir­lik­de sport ul­ga­my hem kä­mil­leş­di­ril­ýär, döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. Di­ýa­ry­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de iň kä­mil en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len sport des­ga­la­ry, top­lum­lar, sta­di­on­lar gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da hal­kyň sag­ly­gy, ýaş nes­liň hem­me­ta­rap­la­ýyn sag­dyn ýe­tiş­me­gi ug­run­da­ky ala­da­nyň äh­li zat­dan iler­de dur­ýan­dy­gy­ny gö­rkez­ýär.