Dost — do­gan­ly­k köp­rü­si

29 Dekabr 2023
419

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023

Sport — dost-do­gan­ly­gyň köp­rü­si. Bir-bi­re­ge ýü­rek­deş dost bol­ma­gy, ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk sak­la­ma­gy ýo­la goý­ýan gym­mat­lyk­la­ryň bi­ri-de sport sy­ýa­sa­ty­dyr. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä ýü­zün­de be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň gül­läp ös­me­gi ne­ti­je­sin­de ýurt­la­ryň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk, tej­ri­be alyş­mak, dost-do­gan­lyk ýö­rel­ge­le­ri has-da ber­ke­ýär. Sport ug­run­dan ge­çi­ril­ýän Azi­ýa we dün­ýä çem­pio­nat­la­ry ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny, köp­ta­rap­la­ýyn bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk­la­ry, öza­ra dü­şü­niş­me­gi giň­den ýo­la goý­ýar. Bu ba­bat­da dün­ýä­niň ün­sü­ni çek­ýän sport bäs­le­şik­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti diý­seň ulu­dyr.

Gülnabat Saparowa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.