«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň her bir güni taryhy wakalara, dünýä ähmiýetli syýasy çärelere baýdyr. Watanymyzyň ösüş-özgerişlerini dünýä ýaýmak, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwlet syýasatyny halkymyzyň arasynda we dünýä möçberinde wagyz etmek, ilkinji nobatda, döwrüň aýnasy bolan žurnalistika ulgamynyň wekilleriniň paýyna düşýär. Ýurdumyzda halkara derejesinde geçirilýän iri çäreler, şol sanda sport ýaryşlary geljekki ýaş žurnalistlere özboluşly mekdep, tejribe meýdany bolup hyzmat edýär.