"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko — kosmosda 1000 gün bolan ilkinji adam

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny Oleg Ko­no­nen­ko­nyň kos­mos gi­ňiş­li­gin­de gör­kez­ýän ne­ti­je­le­ri­ne bu gün dün­ýä şa­ýat bol­ýar. Go­laý­da ol Ýe­re go­laý or­bi­ta­da je­mi 1000 gi­je-gün­di­zi ge­çi­ren dün­ýä­de il­kin­ji adam bol­dy. Bu ba­ra­da «Ros­kos­mo­s» döw­let kor­po­ra­si­ýa­sy­na sal­gy­la­nyp, TASS ha­bar­lar agent­li­gi ha­bar ber­ýär.

Sport çäreleri bilen dabaralanan baýramlar

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Hal­ky­myz­da «Ölü­si­ni sy­lan beg bo­lar» diý­li­şi ýa­ly, ga­dy­my­ýet­den gel­ýän ýö­rel­ge­ler esa­syn­da öten-ge­çen­le­riň ru­hu­na go­ýul­ýan sar­pa ju­da ýo­ka­ry­dyr. Aý­ra­ty­nam, Wa­tan ug­run­da gaý­duw­syz­lyk gör­ke­zip ja­ny­ny or­ta go­ýan ger­çek­le­riň ha­ty­ra­sy has be­lent tu­tul­ýar. Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şy ýyl­la­ryn­da kyn­çy­lyk­ly ýo­wuz gün­le­ri baş­dan ge­çi­rip we­pat bo­lan türk­me­nis­tan­ly gah­ry­man­la­ryň ha­ty­ra­sy­na 9-njy maý­da 1941 – 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­ny­lan Ýeň­şiň 79 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar ge­çi­ril­di. Şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän çä­re­ler «Halk ha­ky­da­sy» ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­na gül goý­mak da­ba­ra­sy bi­len baş­lan­dy. Uruş we­te­ran­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň adyn­dan sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy. Bu da­ba­ra­la­ryň Wa­ta­ny­my­zyň sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da äh­mi­ýe­ti ulu­dyr.

Ýur­du­my­zyň sport sy­ýa­sa­ty

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Eziz Di­ýa­ry­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da adam we onuň sag­ly­gy, aba­dan we bag­ty­ýar ýa­şaý­şy ba­ra­da uly ala­da edil­ýär. Ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge, spor­ty, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu ugur­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let de­re­je­sin­dä­ki ägirt uly iş­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­ly­ga, ýur­du­myz­da spor­ty, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni ös­dür­mek­li­ge gö­nük­di­ri­len tu­tum­ly iş­le­ri­niň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

Py­ra­gy­nyň was­py

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Hor­mat­ly Preziden­ti­miziň: «Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we da­na­sy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy özü­niň çuň­ňur pä­him-paý­ha­sa ýug­ru­lan goş­gu­la­ry bi­len yn­san kal­byn­da ba­ky orun al­dy» di­ýip bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, şa­hy­ryň ýü­rek­den çy­kan eser­le­ri ýü­rek­le­re ba­ryp, kül­li yn­sa­ny­ýe­tiň aňyn­da he­mi­şe­lik ýa­şa­ýar. Onuň hal­ky­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan dö­re­di­ji­li­gi­niň umu­ma­dam­za­dyň ru­hy dün­ýä­sin­de ebe­di ýa­şaý­şy ýa­ly, bu be­ýik şah­sy­ýe­tiň pä­him-paý­ha­sy­nyň was­py hem dür­li dil­ler­de soň­lan­ma­jak des­san bo­lup mü­di­mi ýaň­lan­ýar.

Dün­ýä çem­pio­na­tyn­dan 7 me­dal

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Türk­me­nis­tan­ly agyr at­le­ti­ka­çy­lar Pe­ru­wyň paý­tag­ty Li­ma şä­he­rin­de ge­çi­ri­len agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da dün­ýä çem­pio­na­tyn­da 7 me­dal ga­zan­dy­lar. Ýa­ry­şa dün­ýä­niň 50 ýur­dun­dan 17 ýa­şa çen­li 280 tür­gen, ýet­gin­jek­le­riň we gyz­la­ryň ara­syn­da her­sin­de ag­ram de­re­je­sin­de baý­rak­lar ug­run­da bäs­leş­di­ler.

Nalçylar maşgalasy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Bu gün­ler nal­çy us­sa Ba­tyr Dur­dy­me­do­wyň iş-ala­da­sy ep-es­li art­dy. Ýa­ňy Gün do­gup, daň saz be­re­ri­ne mä­het­del, ol öňün­den ter­tip­län iş re­je­si­ne la­ýyk şaý-es­ba­by­ny yk­jam­lap, ýo­la düş­ýär. Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­nyň toý­lan­ýan gün­le­rin­de us­sat se­net­kär wag­ty­nyň ar­tyk bö­le­gi­ni we­la­ýa­tyň at­çy­lyk sport top­lu­myn­da ge­çir­ýär. Top­lu­myň tö­rün­dä­ki at­ha­na­lar­da uly aý­law­la­ra go­şul­jak ýyn­dam be­dew­ler sak­lan­ýar. Ba­tyr us­sa ola­ryň toý­nak­la­ry­ny nal­la­ýar. Ol hep­de ýa­ry­myň için­de ga­myş­gu­lak be­dew­le­riň ba­ry­ny nal­lap ýe­tiş­di. «At toý­na­gyn­dan bel­li» di­ýil­ýär. Ula goý­be­ril­ýän bu be­dew­ler ýel­den ýyn­dam ba­dy bi­len ça­pu­wa şow­hun go­şup, aý­la­wy be­ze­ýär­ler.

Awaza — Ar­zy­ly mekan

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ha­za­ryň türk­men bö­le­gin­de sa­gal­dyş-dynç alyş we eko­lo­gi­ki sy­ýa­hat­çy­ly­gyny ös­dür­mek­ ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­re eýe bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da sy­ýa­hat­çy­lyk Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­tiniň wa­jyp ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­mak bi­len, ýur­duň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan mun­dan beý­läk hem ös­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.

Tomus dynç alşyny «Awazada» geçirmekçi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 To­mus pas­ly diý­len­de il­ki bi­len dynç alyş möw­sü­mi göz öňü­mi­ze gel­ýär. Bu pa­syl­da mek­dep okuw­çy­la­ry dynç alyş möw­sü­mi­ne, iş­gär­ler bol­sa zäh­met rug­sa­dy­na çyk­ýar­lar. Şol dynç alyş möw­sü­mi­ni gyz­ga­laň­ly, şa­dy­ýan ge­çir­mek hem­me­le­ri­ňem is­le­gi bol­sa ge­rek. Şo­nuň üçin mu­ňa öňün­den taý­ýar­lyk gö­rül­ýär.

Teh­no­lo­gi­ýa­lar – dur­mu­şy­my­zyň aý­ryl­maz bö­le­gi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň eý­ýa­my bo­lan XXI asyr­da san­ly ul­ga­myň, in­no­wa­si­on en­jam­la­ryň müm­kin­çi­li­gi gün-gün­den art­ýar. In­di bi­ze dur­mu­şy­my­zy, hat­da ýe­ke­je gü­nü­mi­zi hem olar­syz göz öňü­ne ge­tir­mek kyn. Teh­no­lo­gi­ýa en­jam­la­ry bi­ziň gün­de­lik dur­mu­şy­my­za yk­jam or­na­şyp­dyr we­lin, iň bär­ki­si jü­bi te­le­fo­ny­ny ulan­man ýa­şa­mak bi­zi ýürekgysgynç ýag­da­ýa sa­lyp bi­ler.

Ça­ga – dur­mu­şyň gü­li

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ça­ga – dur­mu­şy­my­zyň be­ze­gi, ol şu gün­ki we gel­jek­ki ne­sil­le­riň ara­syn­da­ky köp­ri. Şeý­le-de bol­sa, ada­ma ça­ga­lyk iki ge­zek ge­ler, bir-ä ki­çi­lik­de, bi­rem gar­ry­lyk­da diý­len aýt­gy hem bar. Ça­ga­ly öý ba­zar ýa­ly­dyr. Olar her bir gü­nü­ňi ýa­kym­ly wa­ka­lar bi­len gy­zyk­lan­dyr­ýar­lar. Ça­ga­lar­dan öw­re­ne­re-de zat kän. Olar my­da­ma nä­me­dir bir iş bi­len meş­gul bol­ýar­lar, nä­me­dir bir za­dyň ala­da­sy­ny edip gez­me­ýär­ler, ola­ryň her bi­ri özü­çe bir dün­ýä bo­lup, hiç ki­me meň­ze­me­ýär­ler. Ola­ryň kal­by päk we nä­zik. Şa­hyr aýt­myş­la­ýyn, ça­ga­lar gö­ze gö­rün­ýän pe­riş­de­ler­dir.

Ylym­lar gü­ni

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ylym – dur­muş­da ýo­lu­ňa ýag­ty saç­ýan çy­rag­dyr. Oka­mak, ylym öw­ren­mek hiç ha­çan yn­sa­na zy­ýan et­me­ýär. Yl­myň di­ňe bir pu­da­gyn­dan ha­bar­ly bol­mak hem ýe­tik däl­dir. Äh­li ylym­lar­dan ýe­ter­lik dü­şün­jäň bol­ma­gy, olar bi­len bag­ly iş­ler­den ba­şyň çyk­ma­gy so­wat­ly­lyk­dan ny­şan­dyr.

Te­bi­gat – äh­li adam­la­ryň umu­my öýi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Te­bi­gat – bi­ziň öýü­miz. Ol ýer ýü­zün­dä­ki äh­li adam­la­ryň umu­my öýü­dir. Her bir adam üçin şah­sy öýü­niň eziz, mäh­rem bol­şy ýa­ly, te­bi­ga­ta hem şeý­le göz bi­len se­re­dip, ony söý­mek bi­ziň yn­san­per­wer­lik mer­te­bä­miz­dir.

Dur­muş he­re­ket­den yba­rat

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 «Dur­muş» «dur­mak» sö­zün­den ge­lip çy­kan ýa­ly bol­sa-da, mun­da hiç bir zat du­ran ýe­rin­de dur­ma­ýar. Aý­dyş­la­ry­na gö­rä, ol «dyr­maş» sö­zi bi­len ma­ny­daş ýa­ly. Ony be­lent bir dag, ga­ýa hök­mün­de göz öňü­ne ge­ti­rip, şo­ňa dyr­ma­şyp, be­lent­lik­den-be­lent­li­ge mü­nüp gi­di­ber­me­li. Onuň so­ňu­nyň ni­re­de ta­mam­lan­ja­gy bel­li däl. Dur­muş­da dür­li wa­ka­lar bo­lup geç­ýär. Ola­ryň yn­san­da go­wy ýa-da ýa­ra­maz tä­sir gal­dyr­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, äh­li­si bi­zi kä­mil­leş­dir­ýär. Diý­mek äh­li zat he­re­ket­de, ösüş­de.

Medeniýet we sungat

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» at­ly ki­ta­byn­da: «Hä­zir­ki za­ma­nyň kö­ki geç­miş­de, şa­ha­la­ry bol­sa gel­jek­de­dir. Hal­kyň me­de­ni­ýe­ti şol eme­le ge­liş döw­rün­dä­ki ne­ti­je­dir» diý­mek bi­len, me­de­ni gym­mat­lyk­la­ryň ýa­şy­nyň ulu­dy­gy­ny, ta­ry­hy­nyň uzak­dy­gy­ny nyg­ta­ýar. Me­de­ni­ýet we sun­gat yn­sa­nyň go­şa ru­hy baý­ly­gy­dyr. Özi hem olar­da yn­san­per­wer­li­giň, ah­lak­ly­ly­gyň ýo­ka­ry de­re­je­le­ri jem­len­ýär. Şo­nuň üçin-de iň asyl­ly ýö­rel­ge­ler me­de­ni­ýet­de ýa­şa­ýar. Me­de­ni­ýe­tiň ösen ýe­rin­de adam­kär­çi­lik hem ösen­dir.

Te­bi­gat — yn­san sag­ly­gy­ny ber­kit­me­giň gi­re­wi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan ägirt uly dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler­de daş­ky gur­şa­wa aýaw­ly çe­me­leş­mek sy­ýa­sa­ty ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri­dir. Te­bi­ga­ty go­ra­mak bo­ýun­ça mil­li stra­te­gi­ýa­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len, ýur­du­myz bu ugur­da iri hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, Bir­le­şen Mil­let­ler Guramasy bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­ýar.

«Aý dogsa, älem görer»

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 «Aý dog­sa, älem gö­rer­miş». Bu dog­ru­da­nam şeý­le. Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan Ar­hi­tek­to­ry Gahryman Arkadagymyzyň yh­la­sy­nyň, ägirt uly ta­gal­la­sy­nyň, gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik ba­bat­da ýi­ti ze­hi­ni­niň, pä­him-paý­ha­sy­nyň, şä­her gur­lu­şyk işin­de top­lan baý tej­ri­be­si­niň esa­syn­da eme­le ge­len Ar­ka­dag şä­he­ri hem açy­la­ny­na bir ýyl wagt ge­çe­nem bol­sa, bu şä­her di­ňe bir se­bi­tiň däl, dün­ýä­niň ün­sü­ni hem özü­ne çek­di. Aja­ýyp bi­na­gär­lik sun­ga­ty, taý­syz gö­zel­li­gi, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa­ly­gy, ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ra esas­la­nan «akyl­ly­ly­gy» bi­len özü­ne ben­di ed­ýän Ar­ka­dag şä­he­ri­ni syn­lap, «Döw­let gur­jak bol­saň türk­me­ni ça­gyr» diý­len pä­hi­mi «Şä­her gur­jak bol­saň türk­me­ni ça­gyr» di­ýip aý­da­ny­ňy duý­man gal­ýaň.

Hor­mat­la­gyl gö­zel iliň uşa­gyn

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 2023-nji ýy­lyň 29-njy de­kab­ryn­da «Ru­hy­ýet» köş­gün­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň we­kil­le­ri­niň, de­pu­tat­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da äh­li hal­ky­my­zyň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gy ne­ti­je­sin­de ýy­lyň şy­ga­ry hem-de ny­şa­ny ba­ra­da­ky tek­li­bi ma­kul­la­dy. Şol gün 2024-nji ýyl «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly diý­lip yg­lan edil­di. Akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň sar­pa­sy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len be­lent­den-be­lent tu­tul­ýar. Mu­ňa Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň yl­ha­myn­dan sy­zy­lyp çy­kan «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» at­ly şyg­ry do­ly gü­wä geç­ýär. Şu jäht­den asu­da, pa­ra­hat Di­ýa­ry­myz­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­lyk to­ýy da­ba­ra­ly bel­len­ýär.

We­los­por­tuň us­sa­dy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Gür­rü­ňi­mi­zi, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da mil­li we­los­por­tuň ös­me­gi­ne tä­si­ri­ni ýe­ti­ren öz­bo­luş­ly mek­de­biň bo­lan­ly­gy bi­len do­wam et­dir­sek has ýer­lik­li bo­lar. En­çe­me ge­zek çem­pi­on bo­lan tür­gen­ler, en­çe çem­pi­on­la­ry ýe­tiş­di­ren tä­lim­çi­ler hök­mün­de ta­nal­ýan Döw­ran Nur­me­dow, Nar­gel­di Ig­di­row, Emir we Iner Ju­ma­ýew­ler bi­len söh­bet­deş bo­la­nyň­da, ola­ryň äh­li­si hem il­kin­ji tä­lim­çi­si, ha­ly­pa­sy hök­mün­de Mu­ham­met Nur­me­do­wyň ady­ny ag­za­ýar­lar.

Ekologiýa abadançylygy — halkyň sagdynlygy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy umumadamzat ösüşiniň ähli ugurlary babatynda kämilleşýär. Ýurdumyzyň ýer ýüzünde ykrar edilen şeýle belent at-abraýy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň netijesidir. Türkmenistan tebigaty we daşky gurşawy aýawly saklamak we goramak babatyndaky umumy halkara tagallalaryna hem işjeň goşulýar. Tebigaty gorap saklamak, ony netijeli peýdalanmak, şol baýlyklary halkyň eşretleri üçin ulanmak, ýurtda we sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky tagallalar Türkmenistanyň ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösüş ýolunyň esasy ugurlarynyň biridir. 2008-nji ýylda milli senenamamyza girizilen Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni ýurdumyzda aýratyn bellenilýän baýramçylyklaryň biridir.

Mag­tym­gu­lynyň mi­ra­sy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de me­de­ni­ýet, ylym we bi­lim ul­gam­la­ryn­da dün­ýä bi­le­le­şi­gi bi­len öza­ra gat­na­şyk­lar pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Bü­tin dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dost­lu­gyň da­ba­ra­lan­ma­gy­nyň ha­ty­ra­sy­na türk­men hal­ky­nyň baý mil­li mi­ra­sy düýp­li öw­re­nil­ýär hem-de giň­den wa­gyz edil­ýär. Be­ýik söz us­sa­dy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ bel­lenilmegi gö­rül­ýän taý­ýar­lyk türk­men hal­ky­nyň akyl­dar og­lu­nyň ady­ny ebe­di­leş­dir­mek ug­run­da­ky iş­le­ri­niň yzy­gi­der­li we giň ge­rim­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni tas­syk­la­ýar.