«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Çaga – durmuşymyzyň bezegi, ol şu günki we geljekki nesilleriň arasyndaky köpri. Şeýle-de bolsa, adama çagalyk iki gezek geler, bir-ä kiçilikde, birem garrylykda diýlen aýtgy hem bar. Çagaly öý bazar ýalydyr. Olar her bir günüňi ýakymly wakalar bilen gyzyklandyrýarlar. Çagalardan öwrenere-de zat kän. Olar mydama nämedir bir iş bilen meşgul bolýarlar, nämedir bir zadyň aladasyny edip gezmeýärler, olaryň her biri özüçe bir dünýä bolup, hiç kime meňzemeýärler. Olaryň kalby päk we näzik. Şahyr aýtmyşlaýyn, çagalar göze görünýän perişdelerdir.