«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Sport janköýerleri tarapyndan söýlüp tomaşa edilýän hem-de köpleriň söýgüsini gazanmagy başaran sport görnüşleriniň biri-de futboldyr. Häzirki wagtda millionlarça janköýerleri özünde jemleýän futbolyň dünýä jemgyýetçiliginde tutýan orny diýseň uly. Sport bilen meşgullanýan ynsanlaryň, hususan-da, çagalardan başlap, ýaşuly nesilleriň arasynda futbol oýunlaryna tomaşa edýänleriň sany bir ýa iki däl. Olar müňlerçe. Şonuň üçin-de, dünýä ýüzünde futbola hem-de futbolçylara berilýän üns has-da güýçli. Ýakynda futbol muşdaklaryny begendiren bir waka boldy, ýagny BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 25-nji maýy «Bütindünýä futbol güni» diýlip yglan edildi. Bu buýsandyryjy waka türkmenistanly futbol muşdaklary üçin-de ýatdan çykmajak pursat boldy. Sebäbi her ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyzyň — Aşgabat şäheriniň gününi uludan baýram edýän sportsöýüjilerimiz bu günde dünýä halklary bilen birlikde Bütindünýä futbol gününi hem belleýär.