"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Portlaryň gurluşygyny we ösüşini maliýeleşdirmek işi işewürlik ulgamynyň wekillerine ynanylar

2025-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli Russiýanyň deňiz portlaryny gurmak we ösdürmek üçin meýilleşdirilen taslamalaryň maliýeleşdirilmegi üçin 541,1 milliard rubla barabar serişdäniň gerek boljakdygyny ulag ministri Roman Starowoýtyň çykyşyna salgylanýan «Interfaks» habar berýär. Bu serişdäniň diňe 41,1 milliard rubla barabar möçberi federal býujetden bölünip berler. «Deňiz portlarynyň ulgamyny ösdürmek üçin 16 deňiz portunda 30 çäräni durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa 2025-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli olaryň kuwwatyny takmynan 232 million tonna artdyrar» — diýip, Roman Starowit tassyklaýar.

2024-nji ýylyň birinji çärýeginde «DP World» terminallarynda konteýner dolanyşygy ýokarlandy

Dubaý terminalynyň we «DP World» logistika korporasiýasynyň maýa goýum bukjasyndaky terminallar 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde 20,7 million TEU-dan geçdi. Bu bolsa bir ýyl ozalkydan 6% köpdür. Bukjanyň düzümindäki üýtgeşmeleri hasaba almazdan deňeşdirip boljak ösüş 5,5% boldy. Toparyň Aziýadaky we Hindi ýarym adasyndaky terminallary arkaly gatnaw umumy dolanyşygyň ýarysyny emele getirýär. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwrüniň netijesi deňeşdirilende, 10% -den gowrak ösüşiň bellige alnandygyny görkezýär. Şeýle hem, Amerika — Awstraliýa sebitindäki göwrümler takmynan 12% ýokarlandy, ýöne bu «DP World» kompaniýasynyň işiniň iň kiçi bölegi. Ýewropa + Ortaýer deňzi we Ýakyn Gündogar sebitiniň dolanyşygy 1% azaldy we 7,33 million TEU boldy. Muňa garamazdan, Jebel Ali portunyň üsti bilen geçiş mukdary 3,5% artyp, çärýekde 3,6 million TEU-dan geçdi.

Energetika — Watan kuwwaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda bolşy ýaly, energetika pudagynda hem uly ösüşler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan dowam etdirilýän öňdengörüjilikli syýasat netijesinde energetika senagatynyň ösdürilmegi babatda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň 5-nji iýunda Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisiniň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketleriniň işe girizilmegine ak pata bermegi hem milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Türkmenistanyň senagatyny batly depginlerde ösdürmek boýunça bellenilen maksatnamalary amala aşyrmakda elektroenergetika möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzda ulanylýan, şeýle hem ulanmaga berlen täze senagat we durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin giň gerimli işleriň çäklerinde welaýatlarda döwrebap gazturbinaly elektrik beketleriniň birnäçesi, elektrik geçiriji ulgamlar guruldy. Netijede, energetika senagatynyň önümçilik kuwwatlyklary birnäçe esse artdy. Ýurdumyzyň energiýa kuwwatlyklary

Täze elektroenergetika desgalary — ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň nyşany

Toýlary toýlara ulaşýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň netijesinde, ýurdumyzda dürli önümçilik maksatly desgalar, medeni-durmuş ähmiýetli binalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň uly dabaralara beslenýän günlerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisiniň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketleriniň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi ajaýyp döwrümiziň möhüm wakasy boldy. Ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan täze elektroenergetika desgalarynyň ulanyşa berilmegi göwünleri ganatlandyryp, taryhyň sahypasyna zer harplar bilen ýazyldy.

Türkmenistanda bitewi halkalaýyn energoulgam döredildi

5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy. Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uçary Daşoguz Halkara howa menziline gondy. Döwlet Baştutanymyz awtoulagda dabaranyň geçirilýän ýerine ugrady. Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Daşoguz welaýatynyň häkimi, köp sanly myhmanlar ýygnandylar.

Türkmenistan Russiýadan Merkezi Aziýa Ýurtlaryna, Owganystana we Pakistana ýük geçirýän ulag merkezi bolar

Astrahan şäheriniň häkimi Igor Babuşkiniň ýakynda tamamlanan «Russiýa ‒ Yslam dünýäsi: KazanForum – 2024» atly XV halkara ykdysady forumynda eden çykyşynda Russiýanyň bu sebitiniň halkara gatnaşyklarynyň artýan ýagdaýynda Astrahanyň «Lotos» aýratyn ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmegiň ähmiýeti bellenip geçildi. «Türkmenistanly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde aýratyn ykdysady port zolagynda ýerleşjek söwda-logistika kompaniýasyny döretmek örän möhüm taslamadyr. Munuň uly ähmiýeti bardyr, şol sanda biziň port mümkinçiliklerimizi ulanmak bilen, ýükleri üstaşyr geçirmekde-de ähmiýeti uludyr» diýip, Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Igor Babuşkiniň sözlerine salgylanýar.

Türkmen wekiliýeti Sankt-Peterburgdaky Halkara ykdysady foruma gatnaşýar

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň çakylygy boýunça Sankt-Peterburgda geçirilýän Halkara ykdysady foruma (SPIEF-2024) gatnaşýar. «Turkmenistan.ru» elektron neşiriniň habar bermegine görä, türkmen wekiliýeti ykdysady forumyň dowamynda birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirer, şeýle-de meýilleşdirilen köp ugurly çärelere gatnaşar.

Kuwwatly elektroenergetika desgalary

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hut özüniň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynda ýurdumyzda bir bitewi halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň taslamasynyň çäginde «Balkan — Daşoguz» ugry boýunça her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan täze asma elektrik geçirijisi we beketler açylyp ulanmaga berildi. Jemi uzynlygy 572 kilometr bolan «Balkan — Daşoguz» ugry boýunça elektrik geçirijisini çekmek boýunça ähli işleriň Garaşsyzlyk ýyllarynda uly tejribe toplan türkmen gurluşykçylary tarapyndan amala aşyrylandygyny bellemek gerek.

Döwrebap hyzmatlar ýola goýulýar

Häzirki döwürde raýatlara dürli maksatly, ýeňillikli döwlet karzlaryny bermek, olary banklaryň hyzmatlaryndan peýdalanmaklyga köpçülikleýin çekmek, banklar bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk edýän müşderileriň sanyny artdyrmak işleri döwrebap görnüşde guralýar. Raýatlarymyz üçin örän oňaýly bolan dürli görnüşdäki bank karzlarynyň berilmegi döwletimiz tarapyndan ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir. Banklarymyz tarapyndan raýatlara berilýän karzlaryň görnüşleri we hili dogrusynda belläp geçsek, bu ugurda ozal hem hereket edip gelýän, täze durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny, hojalyk harytlaryny satyn almak üçin üç ýyl möhletli, derejesi 1 göterim bolan, nagt we nagt däl görnüşinde berilýän karzyň möçberi ýokarlandyrylyp, 20 müň manada ýetirildi. Ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara okuw töleglerini tölemek üçin nagt däl görnüşinde «Talyp karzy» berilýär. Onuň möçberi 42 müň manada çenli bolup, üç ýylyň dowamynda, iki aý ýeňillik döwri öz içine almak bilen, ýyllyk 5 göterim bellenendir. Karzyň bu görnüşi şertnama baglaşýan talyplaryň haýsydyr bir emlägi girew goýmagy bilen ýa-da üçünji tarapyň zamunlygynda amala aşyrylýar.

Innowasion ykdysadyýetiň möhüm talaplary

Energetika: bedew batly ösüşler

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň batly depginler bilen dowam edýän hemmetaraplaýyn ösüşleri hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalaryndan, parasatly başlangyçlaryndan gözbaş alýar. Bu gün ýurdumyz dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hataryna üstünlikli goşulyşýar. Aýratyn hem, nebitgaz, energetika pudaklarynda durmuşa geçirilýän netijeli işler, gazanylýan durnukly ösüşler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Düýn ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylyşa girizilen her biriniň güýjenmesi 500 kW bolan «Daşoguz — Balkan» ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisi we beketleri hem bu ugurdaky alnyp barylýan maksatnamalaryň nobatdaky möhüm tapgyry boldy. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň energetika pudagy hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen soňky ýyllarda batly depginler bilen yzygiderli ösdürilýär, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Täze energetika ulgamlaryny döretmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly üstünlikler gazanylýar. Içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly möçberde üpjün etmek bilen bir hatarda, onuň daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýän işler häzirki wagtda m

Eşret paýlaýan kuwwatly desgalar

Milli ykdysadyýetimiziň birsydyrgyn ösüş depginini üpjün edýän esasy çeşmeleriň birisi elektrik energiýasynyň bolelin öndürilmegi bilen baglanyşyklydyr. Halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün edýän esasy zerurlyklaryň biri bolan elektrik energiýasyny öndürmek wezipesi döwlet syýasatynda hem ileri tutulýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Garaşsyz ýurdumyzda onuň ýeterlik gory döredilip, ondan netijeli peýdalanylýar. Türkmenistanda dünýäniň öňdebaryjy desgalarynyň işe girizilmegi döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň we mümkinçilikleriniň ägirtdigini görkezýär. Ilatyň we önümçiligiň elektrik energiýasy bilen zerur bolan mukdarda üpjün edilmegi bolsa il-ýurduň rowaçlygynyň daýanjydyr. Berkarar döwletimizde kuwwatly energetika ulgamynyň kemala getirilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna ösdürmegiň, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän islendik derejedäki bäsleşige ukyply önümleri öndürmegiň şaýoluna düşülen mahalynda göz öňünde tutulan maksatlara ýetmegiň möhüm şertini emele getirdi. Bir bitewi energetika ulgamyny ösdürmek üçin maksatlaýyn işleriň çägi ýene-de örän giňdir. 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça elektrik energiýasynyň umumy öndür

Ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim

Milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşinde energetika pudagy wajyp orny eýeleýär. Şundan ugur alnyp, pudagy ösdürmäge gönükdirilen ägirt uly maýa goýumlaryň netijesinde, elektroenergetika senagatynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmakda, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakda düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryndan gözbaş alyp gaýdýan bu özgertmeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmekde durmuşa geçirilýän tutumlar muňa anyk mysallaryň biridir. Bu taryhy taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisi 2021-nji ýylyň oktýabrynda işe girizildi. Berkarar ýurdumyzyň energoulgamlaryny bir bitewi energetika halkasyna birleşdirjek iri taslamanyň Ahal — Mary ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi 2023-nji ýylyň noýabr aýynda dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyryldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gurluşygy üstünlikli tamamlanan, düýn dabaraly ýagdaýda işe girizilen Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi bolsa halkalaýyn elektroulgamy döretmegiň tamamlaý

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

KÄMIL UGRUŇ AMATLYKLARY Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy häzirki döwrüň häsiýetli aýratynlygydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, ýaş nesilleri giň dünýägaraýyşly, watançylyk ruhunda terbiýelemek biz, mugallymlaryň mukaddes borjudyr. Bilim ulgamynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanda bilim özgertmeleriniň üstünlikli bolmagynyň girewidir. Okadylýan sapaklaryň göwnejaý guralmagynda multimediýa tagtasynyň täsiri örän uludyr. Hormatly Prezidentimiz milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünär taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalaryň ediljekdigini belleýär.

Hökümetara şertnama Hazaryň üstünden uzaýan ugur boýunça ýükleri daşamagyň möhletini iki esse azaldar

Gazagystanyň Parlamenti Hazaryň üstünden uzaýan  halkara ulag ugruny ösdürmek boýunça Hytaý Halk Respublikasy bilen hökümetara şertnamany tassyklady. Ylalaşygyň ýerine ýetirilmegi bu logistika geçelgesi boýunça Hytaýdan Ýewropa Bileleşigine harytlaryň iberiliş möhletini iki esse azaltmalydyr. Resminamanyň maksady Russiýanyň üstünden aýlanyp, Hytaý bilen Ýewropanyň arasynda haryt dolanyşygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýän ugur — Hazaryň üstünden geçýän ýol boýunça multimodal ýük gatnawyny ösdürmekdir. Bu sepgide ýetmek üçin Gazagystanyň we Hytaýyň çäginden haryt daşamak boýunça amatly şertleri döredýän ýol, deňiz we demir ýol ulaglarynyň artykmaçlyklaryndan peýdalanmak teklip edilýär.

Milli ykdysadyýetimiz ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz ösüşlere beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ykdysady ösüşleri gazanmak bilen, netijeli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän desgalar, ýaşaýyş jaýlary, belent binalar ösüşiň aýdyň ýoluny üpjün edýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlylygyny beýan edip, täze ösüşlere giň mümkinçilikleri döredýär. Berkarar Watanymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän täze sepgitler hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň, durmuşa geçirýän belent maksatlarynyň rowaçlanýandygyny görkezýär. Gazanylan beýik ösüşler ýurdumyzyň aýdyň ýollardan barýandygyny dünýä aýan edýär. Döwür öňe tarap barýar, durmuş ösýär, özgerýär, täze sepgitlere eýe bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gazanylýan beýik ösüşler buýsançly wakalar bolup kalba dolýar.

Eziz Diýarymyzyň ösüşleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri beýik ösüşlere beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gurlup ulanmaga berilýän täze binalar, senagat desgalary ýurdumyzyň beýik ösüşini, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlydygyny dünýä aýan edýär. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Ahal welaýatynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyry açylyp ulanmaga berildi. Şeýle hem Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabarasy boldy. Bu uly, kuwwatly desgalar ähli ildeşlerimizi buýsandyrdy, döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Munuň özi durmuşa geçirilýän her bir işleriň halk bähbitli maksatlardan ugur alýandygyny, ýurdumyzyň ösüşinde möhüm orun eýeleýändigini aýdyň beýan edýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde senagat pudaklarynyň, esasan hem, gurluşyk-binagärlige degişli ugurlaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Bilşimiz ýaly, gurýan döwlet gurply döwlet hasaplanýar. Şonuň üçin hem senagat pudaklarynyň ösüşine, gurluşyk önümleriniň has-da artdyrylmagyna giň mümkinçilikler döredilýär. Bu günki günde binagärligiň ösdürilmegi netijesinde dünýä nusgalyk binalar gurlup ulanmaga berilýär. Dünýä nusgalyk Arkadag şäh

Harytlaryň Eýrandan geçmegi 56% ýokarlandy

«IRICA» ýekşenbe güni Eýranyň senenama ýylynyň ilkinji iki aýynda (20-nji mart — 20-nji maý) 3,6 million tonnadan gowrak harydyň Eýranyň üsti bilen daşalandygyny habar berdi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 56,5% köpdür. Eýranyň günbatar serhedindäki Yrak Kürdüstany bilen Parwizhan gümrükhanasy iki aýyň dowamynda 1,07 million tonnalyk harydy bellige aldy we daşary ýurt tranzitiniň 29,5 %-ini emele getirdi.

Russiýanyň demir ýol boýunça ýük daşamak ulgamyna täze düzgünler girizilýär

Çäklendirilen demir ýol infrastrukturasyndaky ýük gatnawynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň aýry-aýry kararlaryna, buýruklaryna we görkezmelerine laýyklykda daşalýan harytlaradyr ýüklere uly orun berilýär. Bu barada demirýol ulagy infrastruktirasy boýunça ýük daşaýjylaryň diskriminasiýa ýol bermezlik düzgünleri boýunça degişli resminama salgylanýan «Kommersant» habar berýär. Ol 27-nji maýda hökümetiň karary bilen tassyklandy we 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda güýje girer. Diskriminasiýa ýol bermezlik düzgünleri 2022-nji ýylda Ýewropa bazarlaryny ýitiren kärhanalaryň önümlerini gyssagly eksport etmegiň zerurlygy sebäpli togtadylypdy. Munuň ýerine ýük daşamagyň ähmiýetini kesgitlemek üçin wagtlaýyn düzgünler girizildi. Wagtlaýyn düzgünler diskriminasiýa ýol bermezlik düzgünlerinden tapawutlylykda, hökümet däl-de, «Russiýanyň demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň derejesinde kabul edilýär. «Kommersantyň» bellemegine görä, iki ýylyň dowamynda wagtlaýyn düzgünler yzygiderli üýtgeýärdi we olara girizilen üýtgeşmeleri diskriminasiýa ýol bermezlik düzgünleri jemlenmek karar edildi.

Eýran «Demirgazyk — Günorta» geçelgesiniň demir ýol böleginiň gurluşygyny tamamlady

Eýran Hazar deňzini (Enzeli porty) Pars aýlagy (Bendar-Abbas porty) bilen birleşdirýän demir ýoluň gurluşygyny tamamlady. Bu adaty söwda ugurlaryny üýtgeder. Täze ýoluň kömegi bilen ýükler Hindi ummanynyň üstünden Eýrana baryp ýeter, Eýrandan demir ýol boýunça äkidiler we Hazar deňziniň gämilerinde ýol aşar. Şondan soň Astrahandan Sankt-Peterburg şäherine otly, derýa ýa-da ulag ýollary bilen ýetiriler. Täze söwda ýoly Eýran bilen Russiýany Wolga, Azow we Hazar deňizleri bilen baglanyşdyrýan derýa hem demir ýollardan ybarat bolup, ýurtlara Günbatar döwletlerinden garaşsyz söwda etmäge mümkinçilik döreder. Şol bir wagtyň özünde bolsa Moskwadan Hindistana has gysga ýoly emele getirer.