Eziz Diýarymyzyň ösüşleri

4 Iýun 2024
488

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri beýik ösüşlere beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gurlup ulanmaga berilýän täze binalar, senagat desgalary ýurdumyzyň beýik ösüşini, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlydygyny dünýä aýan edýär. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Ahal welaýatynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyry açylyp ulanmaga berildi. Şeýle hem Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabarasy boldy. Bu uly, kuwwatly desgalar ähli ildeşlerimizi buýsandyrdy, döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Munuň özi durmuşa geçirilýän her bir işleriň halk bähbitli maksatlardan ugur alýandygyny, ýurdumyzyň ösüşinde möhüm orun eýeleýändigini aýdyň beýan edýär.

Häzirki ajaýyp döwrümizde senagat pudaklarynyň, esasan hem, gurluşyk-binagärlige degişli ugurlaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Bilşimiz ýaly, gurýan döwlet gurply döwlet hasaplanýar. Şonuň üçin hem senagat pudaklarynyň ösüşine, gurluşyk önümleriniň has-da artdyrylmagyna giň mümkinçilikler döredilýär. Bu günki günde binagärligiň ösdürilmegi netijesinde dünýä nusgalyk binalar gurlup ulanmaga berilýär. Dünýä nusgalyk Arkadag şäheriniň ajaýyp binalary munuň aýdyň mysallarydyr. Çünki bularyň hemmesi halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döredilýän giň mümkinçiliklerdir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän döwrebap desgalar, ýaşaýyş jaýlary we medeni maksatly binalar ýokary derejelere eýe bolýar. Bularyň hemmesiniň ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna, ösüş depgininiň çaltlanmagyna we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýändigini bellemelidiris.

Aşyr GURBANGYLYJOW,
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň okuw bölüminiň müdiri.